06:16 Oñşuk | |
OÑŞUK
Goşgular
Ýigrimbäş beýnime gurt düşen wagty ýaşdaşlarym asyk, gyza haýranka pyçgy, çekiç gaýnamy ters ýaldyrak ýalaňaç aýagmy basyp ot beňkä atama zeýrenip hem edip haýyş gygyrdym: atajan, bir jumgany geç! jumga gün il ýaly dynç almak gerek. gyýyp otyr gyýylçakly galaýy başyny galdyrman, gaşyny çytman men gygyrdym emma ol sesin gyrman ýa-da gygyranym ýüzüne alman emaý bilen diýdi: hany, aýt balam bokurdaga dynç ýok wagty ýeke gün jumga gün işleýän adam däl diýdiň diýsene, jan ogul, o nähili, neneň? şu çata dakylýan parça-parany haçan getirerka diýip jan eneň ballyň dokuzyny jübt etjek bolýar agaňa gelinlik gözläp çatmadan garaz käbir zady mugt etjek bolýar a sen bolsa oýna gyzyp jumgany eptäň günlerinden syljak bolýarsyň jan ogul, ýetmişi işläp gajyýan ataň ýagdaýyny özüň bilýarsiň inhä Ispahana danyşga gitseň ýanyma kim gelse ýarpa çekişer alybilse allasyny gözlemez özin usta saýyp takal okuşar jan ogul, bu oňşuk oňuşmak diýmek günüň gyşarmasa sen bir az gyşar kösenmege öwrenşen soň adamzat jumgany hem işlemege öwrenşer. inmelisiň geçmek üçin olumdan adamzat tohmunda uçup geçen ýok öň aýagyn açyp başyn egmedik akyp duran çeşmeden suw içen ýok. Ýusup SAPAÝY. | |
|
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Gel, bize goşul / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||