19:38 Göwün / hekaýa | |
GÖWÜN
Hekaýalar
Güýzüň düşmegi Öwezgeldi aganyň dünýäsini daraldýardy. Sortükden öwüsýän salkyn şemal howlynyň yk tarapyny sary ýapraklardan, guran ot-çöplerden doldurýardy. Çagalar mekdebe gidensoň bu töwerekler günortana çenli ümsümlik bolýardy. Bu ümsümlik güýzüň başlanmagy bilen tukatlanyp başlan Öwezgeldi aganyň tukatlygyny has-da artdyrýardy. Häzirem howlynyň içini süpürip ýören goja tukatlyk bilen içini gepledýärdi, «Indi halys garrap ýörmükäm? Beýle göwnüçökgünlik nireden tapylýa diýsene». Soňra ol şähere göçüp giden ogly Şirlä öz ýanyndan igenip başlady. «Bu zatlaryň bary ýekelikden. Eger ol şähere göçüp gitmedik bolsa beýle bolmazdy. Aýalynyň gepinden çykyp bilmän gitdi. Beýle erkiňi eliňden beräýmeli däl ahyry». Bu igençlerden peýda ýokdy. Körpesini öýerýänçä Öwezgeldi aganyň ýeke özi ýaşamaly boljakdy. Pirli bolsa ýaňy institutyň üçünji kursuna geçipdi. Birden howlynyň gapysy jygyldady. Gök reňkli gapynyň aňyrsyndan ak köýneklije Şamyratjyk göründi. Onuň elinde kiçijik gazança bardy. – Öwelli aga, ine, ejem ibeýdi. Sowamanka iýsin diýdi... Ýaşuly Şamyratjygyň gepine ýylgyrdy. – Bor, haý berekella. Tüweleme, ine, munyň bolýa. Gazança ýaşulynyň eline geçen badyna Şamyratjyk yzyna ýumlukdy. – Haý, garagol, dur bäri! Gabyňy äkit-dä. Oglanjyk sähel sägindi. Soňra bir zat ýadyna düşen ýaly çalt-çalt gepledi: – Ejem häli, soňýa getiýäý diýdi. Gazandan naharyň ýakymly ysy göterilýärdi. Öwezgeldi aga oglanjyga Pirliniň golaýda getiren şakyrdawuk kagyzly kempudyndan hödür etmändigine ökündi. Elbetde, bu Şamyratjygyň birinji gezek gelşi däldi. Ogly bilen gelni göçüp gideli bäri ol häli-şindi bu çolaran öýe goňşy okara getirip gidýärdi. Goňşy gelin Enejan ýaşulynyň ýagdaýyna düşünýän bolara çemelidi. Enejan ak ýüzli, syrdym derek ýaly gelindi. Olar Öwezgeldi aganyň aýaly Jemal daýza dirikä göçüp gelipdiler. Ondan bäri ýedi ýyla golaý bolupdy. Enejan bilen adamsyny oba hojalyk tehnikumyny gutaransoňlar, şu oba işe iberipdiler. Obada ýörite bilimli spesialistleriň ýetmeýänligi üçin gelen batlaryna Enejany agronomlyga, adamsyny bolsa brigadirlige bellediler. Enejan derrew özüni aldyrdy. Ony başarjaň gelin diýip tanadylar. Olaryň maşgala durmuşy hem ýaman däl ýalydy. Emma kesekiniň maşgala durmuşy daşyndan seredeňde sümme tokaý ýaly garaňky bolýar. Aradan üç ýyl geçenden soň Enejanyň adamsy aýalyny hem iki ýaşly oguljygyny taşlap, bir ýerlere sumat boldy. Onuň nirä we näme üçin gidenini bilýän adam ýokdy. Ýöne il arasyna her hili gürrüňler ýaýrady. Biri «Enejan bozukmyş, onuň raýonda biri bilen arasy barmyş» diýse, başga biri «Onuň äri aýalynyň özünden uly wezipede işlemegini özüne kiçilik bilip gidipdir» diýýärdi. Öwezgeldi aga ol gürrüňlere üns berip duranokdy. Ýöne ol raýon önümçilik uprawleniýesinden bir görmegeý ýigidiň Enejanyň ýanyna köpräk gelýändigini bilýärdi. Onuň Enejan bilen egin gurap bile aýlanyp ýörenini hem telim gezek görüpdi. Enejanyň çomuç ýaly ak bilekleri, aý ýaly ýüzi, nogta ýaly saçlary göz öňüne gelende ýaşuly böwrüni diňledi. «Be, ol barada aýdylýan zatlar dogrumyka? Öz-ä ol gelinde bir ýeňleslik ýogam däl. Onuň käte çeper höwesjeňler bilen goşulyşyp aýdym aýdyp ýörmesi, dodagyny gyzyllap ýörmesi bir hili özi. Iliň aýdýany ugrunda bar bolaýmasyn?» Ýöne bu pikirler ýaşulynyň kalbynda Enejana bolan erbet duýgy oýarmady. Gaýta ol Enejanyň görk-görmegini göz öňüne getirip, üýtgeşik bir ýakymly duýgyny başdan geçirdi. Onda imrindiriji meýil oýandy. Birdenem ol gözi bilen görmedik halyna bir aýal maşgala hakda erbet pikir edýändigi üçin öz-özüne käýindi. Kesekiniň maşgalasy hakda, onda-da öz deňi-duşy bolmadyk bir ýaş zenan hakda özüniň şu ýaşynda imrindiriji duýgulara özüni aldyryp oturany üçin bolsa ol öz-özünden utandy. "Toba, toba, bu näme boldugy? Ýa-da adamyň göwnüne garrama ýok diýýänleriniň dogry boldugymyka? Meniň göwnüme getirýän zatlarym näme? Enejanyň iberen nahary ýaşulynyň süňňüne agraslyk aralaşdyrsa, bu gapma-garşylykly oýlar onuň kalbyna agraslyk berdi. Onuň işden eli sowady. Ýöne onuň oturybam ugry bolmady. Nähilidir bir alasarmyk duýgy onuň böwrüne sanjy boldy durdy. Ol bir tarapdan özüne igendi, ikinji tarapdan özüne teselli berdi. Bu ýerde näme üýtgeşik zat barmyş? Adam pahyryň göwnüne-hä garramak ýok. Şindi-şindilerem gyzyl-çyzyla gözi düşende adam pahyryň ýüregi jigläp gidýär. Näme adam pahyryň göwnüniň garramaýanlygy onuň günä iş ýa-da ikilik etdigi bolýamy? Ol bu ýerde aýaly Jemalyň öňünde ikilik edýärmi ýa-da Enejanyň öňünde gabahatlyk edýärmi? Bu zatlaryň bary adamyň tebigatynda bar zatlar ahyry. Göwün üçin garramagam ýok, ýekeligem ýok. Ol hemişe nähilidir bir hyýallaryň yzynda sergezdan..." Öwezgeldi aga giç öýlän gazançany kemputdan hem kökeden dolduryp, Enejanlara tarap ugrady. Gapydan ätlände, erbetligiň üstüne gelýän ýaly, onuň göwresi saňňyldap gitdi. Enejan ýörite ýasalan merdiwana çykyp, dalbaryň üzümini ýygýardy. Ol ýaşulyny göreninden enaýy ýylgyrdy. – Wiý, azar edinmeseňizem bordy-la. Şamy, men saňa näme diýipdim? Ýa-da eýýäm unutdyňmy? – Men edil gitjek bolsam, munuň özi geläýýäý – diýip, oglanjyk jedirdedi. – Me, garagol, al kemputlary. – Soňra Öwezgeldi aga Enejana ýüzlendi. – Näme gaýnatjak dagy bolýaňmy? – Hawa, elimiň boş wagty ýygnap dynaýyn diýdim. – Oňarypsyň, herki zady öz wagtynda ýygnan gowudyr. – Birdenem ol agzyndan sözleriň atylyp çykanyny duýmady. – Getiriň menem kömekleşeýin. – Nämäni? Enejanyň çynlakaý soragy ony aljyratdy. Dogrudanam, nämäni getirmelidigine özem düşünmedi. Ol ýöne boş zowzanaklap durmazlyk üçin diýäýipdi. Boş durmak bolsa gelşiksizdi. Ýa bir zada güýmenmelidi, ýa-da yzyňa gaýtmalydy. Onuň bolsa gaýdasy gelenokdy. Ýaşuly özüni ele aldy: – Aý, ýok-la, bedre dolumyka öýdüpdirin... Saklamak kyn bolýandyr, kömekleşäýjekdim... – Kömekleşseňiz-ä kemem däl. – Enejan gara çyny bilen gülüp, sözüniň üstüne goşdy. – Meniňkem öňde biriniň gapydan gelene ýumuş buýrup oturyşyna barýa... Ýaş gelniň gülküsi gökde ýyldyrym çakana döndi. «Töwerekdäkileriň hemmesi Enejanyň çasly gülküsini eşidýändir. Olar meniň bu ýerdedigimi, Enejan bilen gürrüň edýändigimi bilipdirler» diýip, ýaşuly öz ýanyndan oýlandy. Ol bu zatlardan hiç kimiň habarsyz bolmagyny isleýärdi. Enejan dolabara bedresini uzatdy: – Alyň, eýwana eltäýiň. Aşak eglende, Enejanyň açyk ýakasyndan owuz ýaly ak göwüsleri göründi. Onuň boýnundan, deminden ýakymly ys haplap ýaşulynyň ýüzüne urdy. Ençeme ýyl bäri aýal maşgalanyň ýakymly ysyny almakdan mahrum bolan Öwezgeldi aga özüni ýitirdi. Wagty bilen bedre tutulmansoň, deňagramlylygyny ýitiren Enejan çaýkandy. Oňa çenli-de bedre howada berk saklandy. Enejan jadyly gözleri bilen ýaşula seretdi-de, ýene-de güldi. Öwezgeldi aganyň ýüregi jigläp gitdi. Şol sekundyň özünde hem Enejanyň düzüw gezmeýändigi hakdaky gürrüňler onuň ýadyna düşdi. Öz ýanyndan Enejanyň ýeňil gezýändigine, onuň raýondaky ýigit bilen arasynyň bardygyna ynandy. «Aý, näme, ýaş gelin, aýny oýnaşjak-gülüşjek wagty, kellesiniň dumanlap duran wagty...» Ynanç onuň pikirlerini dem alymda hakykata öwürdi! Ýaşuly muňa begendi. Çünki agronomyň maşgalasynyň barlygy, haçanam bolsa onuň Enejandan daşlaşjakdygy bellidi. Wagt geler, Enejan ýalňyzlykda galar. Onsoň Öwezgeldi aganyň oňa bolan mähremligine hiç kim dawa etmez. Eger-de Enejan oňa durmuşa çykmaga razy bolaýsa... Onda iller näme diýer? Ogullary nähili gararka? Wah, olar ýekeligiň kynlygyny nireden bilsinler. Beýle zatlar bolasy ýokla... Aşaklan güýz gününiň şöhlesi Enejanyň ýeke gat köýneginden parran geçip, göwresini mese-mälim edip görkezýärdi. Gollary mydama hereketlenip, geriljiräp duran gelniň tekiz sagrysy, biliniň inçelýän ýeri hudožnigiň garalama kagyza çyrşan taslamasyna meňzeýärdi. Şamyratjygyň sowaly ýaşulyny özüne getirdi. – Öwelli aga, ulalanda hemmeler deň bolýa geýek? – O nähili? – Ejem maňa ylgaşaňda Begişden galýaň diýýä. Men ulalamsoň, ondan galmaýyn, hä? Ulalanda hemmeleý deň bolýa, hemmeleý ýyndam bolýa, hä? Ýaşula derek oňa ejesi jogap gaýtardy. – Ýeri, bolýar, ulalanda göräýeris. Ýöne bir zady belle. Gaýta kiçijikkä hemmeler deň, meňzeş bolýarlar. Ulaldygyça bolsa üýtgeýärler. Kimsiniň ýüregi ak bolýar, kimsiniňki... Enejan edil uly adam bilen gürleşýän ýalydy. Belki, ol ýaşajygam bolsa, erkek kişi bolansoň, Şamyratjygy uly adam hasaplaýandyr. Şahalara ilteşip almasy kyn bolan salkym paýrap ýere döküldi. Öwezgeldi aga pikirleriniň yzyny çöpleýän dek, monjuga çalymdaş däneleri ýygnaşdyrýardy. Damja dek dury däneler Enejanyň günüň şöhlesine görünýän göwresini ýatlatdy. Onýança-da: – Şuny alsaňyzlaň! – diýip, Enejanyň sesi eşidildi. Öwezgeldi aga howlukman bedrä elini uzatdy. Ýumşak eller onuň aýasynyň içinde galdy. Öwezgeldi aga bar güýjüni jemläp, Enejanyň nurana ýüzüne seretdi. Bedräni usullyk bilen çekip aldy. Gelniň ýumşak elleriniň gyzgyny ýaşulynyň ýüregini sarsdyrdy. Ýaşulynyň halyndan habarsyz ýa-da habarly hem bolsa bilgeşle oňa üns bermediksireýän Enejan gaşynam çytmady. Ol merdiwandan ýere düşdi. – Ertir irden şähere gitmesek bolmazmyka diýýän. Üýtgemänkä, üzümden Hakberdilere dadyrmaly – diýip, Enejan Şamyratjyk bilen gürleşdi. Ýaşuly saklanyp bilmän: – Hä, hol agronom oglanmy? – diýip sorady. Soragda nähilidir bir syryň bardygyny aňan Enejan gözlerini güldürdi. – Hawa. Bir wagt Şamyrat jan bolanda, ol meni ölümden gutarypdy. Öňem bile okansoň, ol meniň yzymdan barardy. Bir gezegem ol gan ýetmän özümden gidip ýatyrkam soramaga barypdyr. Ine şonda hem ikimiz ganybir dogan bolduk. Köwsarlap gelen salkyn güýz ýeli Öwezgeldi agany ukusyndan oýaran dek aýňaltdy. Ýaşuly derçigen maňlaýyny süpürip, gapa tarap ýöneldi. Ýöne indi gelendäki ýaly ädimleri ýeňil däldi. Agyr ädilýärdi. Gulagynda igençli owaz ýaňlanyp gitdi: «Ýaşyň soňunda göwnüňe erbetlik getirmek gaty günä ahyry... Günäniň ulusy göwünde edilýärmişin...» Aman GOŞAÝEW. | |
|
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |