17:59 "Göz berildi batyl bolmazlyk üçin..." | |
"GÖZ BERILDI BATYL BOLMAZLYK ÜÇIN..."
Goşgular
Göz berildi batyl bolmazlyk üçin - Zemin maña eçilipdi ýüregi. Ele hünär berdi döwerim ýaly, Bereketli çöregi. Hem meniñ yhlasym gitmedi köýüp, Bu ýerde bildim men ýeke däldigim. Şäherleri nurlar bilen besledim, Erkin jülgelerim, ýagty ýollarym. Zemin! Bütin durkum, süññüm, kuwwatym, Kä umytdan düşüp, şeýle bir söýüp. Men saña nämeler bergili bolsam, Ederin özümiñ borjumy duýup. Baky tebigatyñ zanny hökümi Barça ykballara däldir başga zat: Ähli halklary ýygnap bir ýere, Baryny jemlärin uly maşgala. Şeýle belentlige ýeterin hökman Baryp ýyldyzlaram elleseñ bolýar. Ganatlaryñ ýaýyp, bilmeseñ şo kyn, Aýdym aýdyp, ösüp, gülleseñ bolýar - Ähli adamlaryñ Watany Zemin! * * * Gije kölgäni kowlap, Çökdi duman jar üste. O kenarda alawlap, Alysdan çykdy tüsse. Meger, täsin balykçyñ Ody - awly gündäki. Bişirýäni balykdyr, Çekýäni-de temmäki. Ot çagyrýar tüm irrelevant, Gör, kalbynyñ akdygyn! Ýogsa gojañ, men küje, Küýünde-de ýokduryn. Ot lowlaýar o jarda, Çalýar gamyşlar sazyn. Senem uzak kenarda, Meniñ üçin ýanýarmyñ! Ykbalymda şugla-nur, Ýanýarsyñ uzak ýylda. Ne şatlyk bar, gaýyk bar, Gözläp tapmarsyñ kölden. Balykçy deý otur-da, Hem muşdagyñ towlaber. Meñ üçin däl, sen şeýle, Lowla, alaw, lowlaber! Mihail DUDIN. Terjime eden: Annaguly NURMÄMMEDOW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |