09:07 Berdi Kerbabaýewe bagyşlanan aýdym | |
BERDI KERBABAÝEWE BAGYŞLANAN AÝDYM
Goşgular
Hökmürowan Gündogar, Çölüň, gör, ne gün berer - Gurudar derýalary, Tümlüge siňip giden Hatar asyrlar ýaly. Ýeller şuwlap, yz-ýodany ýitirdi, Gat-gatdyr atalaň süňk-istihany. Sen meni şu ýere çagyrdyň, Berdi, Ynha, semn seň çölüň söwer myhmany. Sen munda bar zada bürgüt deý belet, Baýlygynam bilýäň, garyplygynam. Sen şu ýerde ösdüň, Şunda gazandyň Ägirtligiňem. Seniň sözüň bilen seniň çölüňde Meňzeşlik tapýan. Gorkyň elhenç jygyldysy bolanda, Şol mähriban gözler oňa suw sepýär. Seň bilen dem aldy mähriban ülkäň Depe, düzi, dagy, bagy, ýaýlasy. Dilgir bolmaz senden mähriban ülkäň, Bolduň onuň görer gözi, aýnasy. Geçdi bile, bir mahal göwnüňe deglip, Ýekirilip, yza çekilenem bolsaň, Eger sen dostluga ýürekden uýsaň, Men oňa janymdan ynanýan, bilseň. Men bilýän ýollaryň mahmal däldigni, Gijelerem ot-ýalynsyz ötmeýär. Nebit ýeriň damarynda at çapyp, Ýigrim altylar deý ýöne ýatmaýar. Şu günmüziň, ertämiziň kyssasyn, Batyrlaň gan bilen ýazýany hakdyr. Ajap işler, goý, ele gan öýdürsin Emma seň wyždanyň pagta deý päkdir. Şol ak pagta atyzyňy, peliňi, Altyn bile, läle bile bezedi. Seňki dogry: Ähli zadyň sakasy Dynçlykda däl, hereketde ebedi. Biz toýda gatypdyk Şöhraty-duzy. Goý, toýda türkmenler guş bolup uçsun, Laçynlaň pel-pelläp uçuşy ýaly. Goý, seniň kalbyňda deprek ýaňlanyp, Jülgeler geýinsin begresdir haly. Goý, türkmenler al şeraby içmesin, Içse-de, içsinler ruslar ýaly. Tutaşsyn ot, Damarlarda oýnasyn! Kükreklermiz aýdym bilen gaýnasyn. Seňki dogry, Berdi: Her kim gan bilen, Mertlik bilen, gaýrat bilen ýaýnasyn. Maňa öz kalbyňy serpaý berdiň sen, Edýän huzuryňda şu kasamy men: "Bolmaz uç-gyraksyz köňülim bilen Kalba derek öz kalbymy bermesem!" Senem güýçli, Menem güýçli, Ýakyn bir-birine duýgularymyz. Öz gaýdan ýerime alyp gdierin Çölleriň salamyn, Söýgüleriňi. Äkidýän olary öz ýanym bile, Şemal şuwlap, syrgyn syraýan ýere. Äkidýän olary öz mekanyma, Baky ömür sürer olar meň bile. 20.XII.65 ý. Terjime eden Nury BAÝRAM. "Edebiýat we sungat" gazeti, 22.12.1965 ý. | |
|
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Täze rubagylar / Goşgular - 29.09.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Sen adam aslyň hakda / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Pursatlar / Goşgular - 13.10.2024 |
√ Ýalñyzlyk / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Eşraget min felekil-behjeti şemsun we biha... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |