12:27 Gözel Aýdere | |
GÖZEL AÝDERE
Goşgular
Göge başyn dirär hozy, çynary, Lezzet berer jana injiri, nary, Ýyl boýy bol biter ir-iýmiş bary, Naz-nygmata baýdyr gözel, Aýdere. Çekipdir daşyna kemerli dagy, Saýalary salkyn sapaly çagy, Gözellikden püre-pürdir gujagy, Erem baglaryna taýdyr Aýdere. Käkilik saýrasa goşa saz bolar, Bilbil gonsa baglarynda ýaz bolar, Sumbarynda ördek bolar, gaz bolar, Ne sapaly ajap jaýdyr Aýdere. Daglaryna çyksañ kyndyr düşmesi, Şyrlap akar älemgoşar çeşmesi, Gözelleriniñ täsin näz-kereşmesi, Görkanadyr, misli aýdyr, Aýdere. Göz guwanjym Pyragynyñ mekany, Gözel Sumbar bezäp dur gül ýakañy, Egsilmez, sowulmaz bazar dükany, Goýnuñ aýdym-sazly toýdur, Aýdere. Gurbanmuhammet NURYÝEW. | |
|
√ Pyglym harapdyr / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Ker bolar gulak / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Döwür oýlanmasy / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Öwütlerim / Goşgular - 10.06.2024 |
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Saňa bolan yşkymdan / Goşgular - 10.10.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |