04:44 Gözelligiñ we söýginiñ daşy | |
GÖZELLIGIÑ WE SÖÝGINIÑ DAŞY
Edebi makalalar
Giasint ady bilen, esasan, gül has meşhur tanalýandyr, ýöne bu gül bilen atdaş gymmatbahaly daş hem bar. Taryhda bu täsin daşyň döreýşi barada dürli rowaýatlar aýdylypdyr. Gadymy Gresiýada Giasint atly bir ýigit ýaşapdyr. Ol Apollonyň dosty eken. Olimp sport ýaryşlaryň birinde ýeliň hudaýy Zefir Apollonyň zyňan guralyny Giasindiň kellesine gönükdiripdir. Dostunyň gönükdiren agyr guralyndan, ýaş ýigit ýaralanyp, ýogalýar. Apollon bu ýagdaýa şeýle bir gynanypdyr. Ýigidiň ýaralanan ýerinden dökülen gan bolsa, soňlugy bilen owadan daşa öwrülipdir hem ol giasint diýlip atlandyrylypdyr. Elbetde, bu ýöne bir rowaýat, emma daş hamana jadyly usul bilen dörän ýaly, şeýle bir owadan, özem gia sindiň kristallary, dogrudanam, gyrmyzy gany ýatladýar, ululygy 1-2 santimetrden geçmeýar, köplenç, 3-5 mm aralykda bolýar. Geçmişde giasint daşy dünýäniň ähli künjeklerinde gowy görlüpdir. Narynç-gyzyl reňkli gymmatbahaly daşa grekler aýratyn göz bilen garapdyrlar. Olarda bu daş söýginiň we gözelligiň daşy hasaplanylypdyr. Dogrusy, taryhda şeýle bir döwür bolupdyr, giasindiň kesgitlemesine şonuň reňkine gabat gelýän dury hem owadan islendik daş giripdir. Mysal üçin, gyzyl reňkli, gök öwüşgin berýän daşlaryň hemmesi şol döwür ýahont ady bilen tanalyp, soňunda olaryň lagyl daşydygy belli bolşy ýaly ýagdaýlar ýüze çykypdyr. Seýlon we gündogar giasint hem gessonit diýlip tanalypdyr. Şeýle-de gündogar giasintleriniň öçük reňkli görnüşleri-de sapfir, ýakymly öwüşginli topazlary bolsa, giasint-topazion diýlip tanalypdyr. Ýaşyl reňkli wezuwian daşy wezuwiý giasindi diýlip atlandyrylypdyr. Gülgüne reňkli korunda daşy XVIII asyryň başlaryna çenli wenaly giasindi diýlip belli bolupdyr. Minerallary aýratyn öwrenip başlanýança, olaryň arasynda kän bir tapawut goýulmandyr. Daşlaryň arasyndaky bu bulam-bujarlygy nemes akademigi Martin Haýnrih Klaprot çözüpdir. Ol Abraam Werneriň ylmy-barlag gözleglerini öwrenip, derňewlerden soň mineral takyk giasint diýlip atlandyrylyp başlapdyr. Giasint sirkon daşyň bir görnüşidir. Ol goýy gyzyl reňkde, käbirleri sary, mämişi, narynç, mele reňkler bilen garylan görnüşde bolýar. Tebigatda onuň mawy reňklisi hem bar, ýöne ol gaty seýrek duşýar. Kristall ýeterlik berk we dykyz daşdyr. Zergärçilikde bu daşy göwher daşynyň usulynda ulanýarlar. Mineralyň esasy mekany Aziýa döwletleri, Afrika hasaplanylýar. Rekord ölçegdäki daşlar, esasan, Braziliýada we Ka nadada duşýar. Şeýlede bu daş Fransiýada, Germa niýada, Russiýada gazylyp alynýar. Giasindiň ozaldan gelýän meşhurlygy dünýä belli zümerrede barabar bolupdyr. Gadymy hökümdarlar bu täsin kristaly paýhaslylygyň nyşany hasaplapdyrlar. Geçmişde käbir ýurtlarda täjirleri we söwdagärleri tapawutlandyrýan bellik hökmünde giasint gaşly ýüzügi dakynmagy hökmany hasap edipdirler. Ruslaryň barly toparynyň arasynda hem bu daş meşhur bolupdyr. Maşgala näçe gurply bolsa, şonçada bu daşyň ýokary hilli görnüşine eýe bolupdyrlar. Bu kristala täjirler hem söwdagärler aýratyn isleg bildiripdirler. Sebäbi şol döwür dakynan ýüzüklerindäki daş näçe owadan hem dury bolsa, şonçada onuň eýesi dogruçyl hem ugurtapyjy diýen ynanç bolupdyr. Şeýlede giasint syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň ýardamçysy hasaplanypdyr. Bu daşyň esasy täsir ediji häsiýeti öz eýesini dürli nogsanlyklardan sowup, ýoluny ýeňilleşdiripdir. Gadymy golýazmalarda giasindiň birnäçe täsir ediji häsiýetinden peýdalanypdyrlar diýlip bellenilýär. Ol öz eýesini dürli howply ýokanç kesellerden, betbagtlyklardan goraýar diýlipdir. Döredijilik adamlary üçin bu daş ýaramly bolup, ol döredijilik ukybynyň açylmagyna kömek edýär diýip ynanypdyrlar. Deňizçiler hemde täjirler söwda, syýahata gidenlerinde ýany bilen hökman giasint daşly bezeglerdir tumarlaryny alyp gidýän ekenler. Geçmişde ýyldyrym uran adamy bejermekde hem giasint daşyny ulanypdyrlar. Otlaryň garynydysy bilen mineralyň tozuny kesele garşy durujylyk ukybyny güýçlendiriji hem-de umumy berkidiji serişde hökmünde ulanypdyrlar. Bu günki gün hem litoterapewtler bu mineralyň şeýle bejeriji häsiýetlerini belleýärler: ol psihoemosional ýagdaýyňy düzedip, sazlaýar; juwanlygyňy saklaýar; ýürekdamar ulgamynyň ýagdaýyny gowulandyrýar; keseli döredýän sebäpleriň agyry alamatyny azaldýar; işdäňi kadalaşdyrýar; içegeaşgazan we bagyr kesellerinden ejir çekýänlere bu keselleriň garşysyna göreşmäge kömek edýär. Giasint — paýhaslylygyň nyşany. Ol her bir işde dogry netije çykarmagyňa ýardam edýär. Ony alymlara, işewürlere, talyplara dakynmak maslahat berilýär. Sapaga düzülen giasintli monjuk iň gowy tumar hasaplanylýar. Kümşe dakylan giasint onuň täsir ediji häsiýetini has aýdyň ýüze çykarýar. Müçe hasabynda aýdanymyzda, bu daş esetlere, kowuslara, daluwlara we jedilere ýaramly gelýär. Mineral bulara şowlulygy çekýär, dogry ýoly saýlamaga, rahat hem paýhasly bolmaga ýardam edýär. Tumar hökmünde bu mineraly jediler edinseler gowy. Göwnüçökgün ýagdaýa düşenlerinde, bu daş olara güýç-kuwwat berip, olary ruhlandyrar. Aslynda, bu daşy dakynmagy gadagan edilýän müçe ýok. Sähragül GAJYMOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |