23:14 Gulakhalkanyñ döreýşi barada rowaýat | |
GULAKHALKANYÑ DÖREÝŞI BARADA ROWAÝAT
Goşgular
Eşdipdim babamdan şeýle erteki, Ir zaman bir garyp ýaşar ekeni. Gaýgy-gussa oña berlipdir baky, Hem ýat bolanmyşyn rahat uky. Çekip goja perzentsizlik derdini, Barha ýegşerenmiş pälwan gerdeni. Bir gyz dünýä inip günleñ bir güni, Ýeñledenmiş gojañ agyr derdini. Gül ýüzli bu gözel gelip kemala, Meñzãnmişin misli sahyp jemala. Ýigitler daşynda urup pelesañ, Ony görse dür saçanmyş kelesañ. Ýöne,gaýly döwrüñ gamly günleri, Erkine goýýarmy gyz-gelinleri. Günleriñ bir güni ýurt aşa-aşa, Ol gyzyñ gürrüñi ýetenmiş şaha. Şa perman berenmiş,tapyñ bagtymy, Islese bereýin tylla tagtymy. Soltanyñ çapary uzak ýol ýöräp, Tapanmyş ol gyzy idegläp-sorap. Nökerleri gören biçäre goja, Ýapyşanmyş tärimdäki gylyja. Ýekäñ köp ýanynda çykanok çañy, Urup ýykanmyşlar garyp gojany. Şa köşgüne tarap ugranmyş çapar, Naçaryñ derdine kim melhem tapar. Az ýöräp,köp ýöräp ýetilen köşge. Gyzy gören şa düşenmiş yşga. Hamana oñ akly serden gidenmiş. Matlabyny şeýle beýan edenmiş. Eý,gyzlañ soltany, hüýrleriñ-hüýri, Diñe meñki borsuñ gezýärkäm diri. Eý şahym,söýgüni syndyrmak ýokdur, Söýýän çopan ýigdi, meñ söýgüm hakdyr. Islesen as meni, otlara ýandyr. Ýöne, señki bolmajagym aýandyr. Gyzyñ jogabyny eşiden soltan, Misli galan ýaly astynda paltañ. Jellady çagyryp berenmiş perman, Zyndana taşlañ, goý, çeksin arman. Şa gözeli zeýli zyndana taşlan, Şeýdip öz ýanyndan göwnüni hoşlan. Aýlar geçip,soltan günleñ bir güni, Gaýtalanmyş ýene öñki gürrüñi. Eý,hüýrleriñ hüýri, asman melegi, Niçik boldy şahyñyzyñ dilegi. Gyz jogap berenmiş, eý beýik häkim, Sadyk gulyñyz men, ýok oña şekim. Ýöne,saña berjek jogabym taýyn, Saña ýar bolandan goý, men ýanaýyn. Jogaby eşden şa dönenmiş serçä, Halky ýygna diýip, buýranmyş jarça. Ile-güne ryswa edeýin muny. Meñ berjek jezamy çeksin bu hany. Tenine mis halka dakaýyn ilki, Goý,görmekden gaçsyn, güldürsin halky. Diýip, öz ýanyndan oýlanan häkim, Jellady çagyryp berenmiş höküm. Tiz bol, kejir gyzyñ eşdeýin ahyn, Jellat: "Gullukdyr, hezreti şahym". Jellat ýüwrüp gidip gyzdyryp symy, Ýerne ýetirenmiş agyr hökümi. Gulaklary, burny halkaly ol gyz, Öñküdem on esse görünenmiş uz. Hasam görk beripdir gulakhalkalar, Bu ahwala bütin ilat añkaran. Zalym şa ahyry tapmansoñ alaç, Gyzy öz iline ýollanmyş nälaç. Bu ýowuz gürrüñler,bu ýowyz waka, Tiz wagtda ýer ýüzüne dolanmyş. Ana şondan bärem gulakhalkalar, Zenanlara bezeg bolup galanmyş. Atajan MYRADOW. | |
|
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Öýke eýleme / Goşgular - 23.06.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Kargär duşmaz hadaňy-tognaýy-duşman maňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Garry söýgi — gamly söýgi / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |