15:42 Gündogar hazynasy | |
GÜNDOGAR HAZYNASY
Taryhy makalalar
• ýa-da Pýotr I-i endişä goýan ahwallar Pýotr I rus tagtyna oturanynda 23 ýaşyndady. Tagt mirasdüşeri hökmünde ol öz ýurdunda gaýtadan gurmak syýasatyny yglan etdi, köneçe durmuş galybyndan çykyp bilmän gelýän rus halkyna ýewropaça durmuş terzini öwretmäge girişdi, ylma ünsi güýçlendirdi, yzagalak Russiýany rowaçlanan, kuwwatly we baý döwlete öwürmek üçin jan çekdi. Şu sebäpden hem Pýotr I "Ýewropa penjire, has dogrusy, derweze açan" adam hökmünde taryha girdi. Rus patyşasy ylmy ösdürmek bilen birlikde, halklara söwda gatnaşyklaryny giñeltmek, geografik açyşlar meselesine-de, uly üns berdi. Hususan-da Ural arkasy, Sibir, Orta Aziýa, Eýran, Hindistan ýurtlarynyñ baýlyklary, tebigaty ony özüne çekýärdi. Çünki, bu ülkeleriñ nähili tebigy baýlyklara eýedigi hakdaky taryhy maglumatlar ol heniz ýaşka añyny eýeläp, kalbynu bendi edipdi. Ýogsam, näme, eýsem özge Ýewropa döwletleriniñ "altyn ysytmasyndan" gagşap, geçen asyrlarda Uly ummanyñ añyrsyndaky yklymlary gyzyl dörjük etmeginiñ nähili netije berendigimi wagt görkezip, durmuş subut etmedimi näme? Pýotr I / "Gizlin ilçi" kinofilminden • "Eýsem biz niräni täzeden açmaly?" ...Merkezi Aziýa döwletleriniñ altyn-kümüş känleri dogrusyndan ýunan taryhçylary baryp miladydan ozalky III-VI asyrlarda ýazan eserlerinde gürrüñ berýärler. Ine, Gerodot Aral deñziniñ töwereginde mesgen tutan massagetler hakynda "Ol demir we kümüş işläp bejermeýärler, altyn we mis bolsa bol" diýip ýazsa, Strabon: "Olaryñ ýurdunda kümüş ýok, demir az, emma mis we altyn welin çeniñ-çakyñ däl" diýip habar berýär. Miladynyñ V-VI asyrlaryna gelip bolsa, Hytaý ýylnamalary dillenýär: "Kän häkimliginde we onuñ gündogar kysmynda altyn känleri jemlenen!" Orta asyr syýahatçylary ee geograf alymlar hem Merkezi Aziýa baýlyklary dogrusynda aýry-aýry maglumatlary (bütin aýdyñlygy bilen!) hödürleýärler. Miladynyñ XIII asyrynda Mongoliýada çekirtge sürüsi ýaly çozup gelen ýurtbasarlar Merkezi Aziýanyñ üstüne gara bulut kimin abanyp, dünýä ösüşiniñ öñdebaryjy imperial döwletini çölüstanlyga öwrüp taşlady. Oguzlaryñ esaslandyran we dolandyrýan Horezm imperiýasy (Merkezi Aziýa onuñ düzümindedi) mongollardan ötri, agzalalygyñ gurbany bolandygy bilen hem rus patyşasuna taryhy sapakdy. Dyza çökerilen bu ýurtda altyn-kümüş-ä däl, tebigy baýlyklaryñ islendik görnüşini gözläp tapmak, özleşdirmek mundan buýana juda çetin wezipedi... • Pýotr I öz döwrüne gelip... Pýotr I-iñ Hywa, Buhara we Kokand hanlyklaryna gyzyklanmasy artdy. Ol belli-belli adamlar arkaly sebitdäki syýasy ýagdaý bilen yzygider gyzyklanyp, hususan, hanlyklaryñ arasynda oñşuksyzlygyñ höküm sürýändigine göz ýetirdi. Şu sebäpden hem ol goñşularyñ arasyna has güýçlürkk agzalalyk salmaga dyrjaşmak kararyna geldi. Emma birbada bu niýetinden el çekdi. Sebäbi entek bu sebit onuñ üçin garañkydy. Ine, birdenem Pýotryñ köşgünde uly abraýa eýe bolan we rus dilini oñat bilýän türkmen Hojanepes oña şeýle diýdi: "Bir wagtlar Jeýhun Hazara akypdyr, emma betbagtçylyklar sebäpli onuñ ugry Arala tarap üýtgedi. Ýogsam derýa özi bilen çöldäki altynlary Hazara akdyryp barardy". Hojanepes / "Gizlin ilçi" kinofilminden Hojanepesiñ rowaýata meñzeş gürrüñleri we ýunan taryhçylarynyñ maglumatlary Pýotr I-i ikirjiñlenmezden, aýgytly hereket etmek zerurlygyna badalga boldy. Ol maksada okgunly meýilnama düzýär: "Birinjiden, myş-myş gepler we taryhy maglumatlaryñ dogry-nädogrulygyny derñemek zerur we bu maksat bilen nazarýet barlaglaryny güýçlendirmek, ikinjiden Amyderýanyñ köne özenini tapmak we bu ugry gaýtadan dikeltmek, şeýle hem Merkezi Aziýadaky barça hanlyklary gutarnykly zabt etmek ýollaryny işläp düzmek, Amyderýadan Ýarkende çenli kanal çekip, şunlukda, geljekde Hindistany basyp almagyñ strategik meýilnamasyny kabul etmek". Pýotr I hä diýmän öz meýilnamasyny durmuşa geçirmeklige girişýär. 1714-nji ýylyñ 20-nji maýynda knýaz A.Bekowiç-Çerkasskä Jeýhunyñ öñki ugruny gözläp tapyp, onuñ Hazara guýmagyna böwet bolup durýan esasy bendiñ nirede ýerleşýändigini anyklamak tabşyrylýar. A.Bekowiç-Çerkasskiniñ ygtyýaryna 1,5 müñ harbylar we dürli harajatlar üçin 5.000 manat rubl pul serişdesi bölünip berilýär. Mekir we hilegär A.Bekowiç Çerkasskiý bada-bat işe girişýär. Gözleg-barlag işleriniñ juda muşakgatly bolmagyna garamazdan, oña Hywadan dört wýorst añyrda Jeýhunyñ gadymy özenini tapmak başardýar. Şunlukda, ol göz öñünde tutulan maksadyñ indiki ~ ýerli ilatdan altyn satyn almak wezipesine amal etmeklige girişýär. A.Bekowiç Çerkasskiý / "Gizlin ilçi" kinofilminden Bu maglumatlar 1715-nji ýylyñ awgust-sentýabr aýlarynda Pýotr I-e ýetirilýär. Knýaz Çerkasskiniñ alyp baran geomorfologik synaglary we täze düzülen karta esasynda Jeýhunyñ Aral tarapa sowulmagyna tebigat güýçleriniñ sebäp bolanlygy anyklanýar. 1716-njy ýylyñ fewral aýynda Çerkasskiý Pýotr I-den "Hywa baryp, hany rus raýatlygyny meýletin kabul etmeklige boýun etmek" dogrusynda buýruk alýar hem-de bu wajyp emre tüýs ýürekden eda etmek üçin kazaklardan düzülen 2.000 adamlyk medet güýjüniñ iberilmegini soraýar. Mundan daşgary knýaz Jeýhuny agyzdyryklamak üçin gurlan baş bendi partladyp, şol ýerde gala bina etmek we eger bardy-geldi deñizden derýa çenli 20 wýorstluk kanal gazmak zerurlygy ýüze çykaýsq, muny hem işi uzaga çekdirmezden ýerine ýetirmek wezipesini öz üstüne alýar. Şeýlelik bilen, jemi 6.000 esger we kazak Hywa tarapa ýola düşýär. Knýaz A.Bekowiç-Çerkasskiý ozaly bilen şäher-berkitme gurmak we soñra Hywa hanlygna zabt etmek hyýalyna münýär. Soñky döwürde sebitfe ruslaryñ hereketinjñ barha ýaýbañlanmasyny gowulyga ýormadyk Şirgazy han Buhara emirine gyssagly çapar ýollap, täze howpdan ony habardar edýär we güýçleri birleşdirmegi teklip edýär. Emma garaşylyşy kimin, emir teklibi ret edýär. Han birgiden oý-hyýallardan soñ, gizlin geñeş çagyrýar we öz pikirini orta atýar: "Bu myhman ~ çagyrylmadyk myhman. Niýeti ýaman, päli bozuk myhman. Ýurdumyza, halkymyza, topragymyza göz dikýän myhman. Şol bir wagtyñ özünde hem güýjüne baýrynýan myhman. Diýmek, bulara garşy diñe türkmen doganlarymyzyñ "Hile hem batyrlykdyr ýerinde" syýasatyny ulanmak bilen garşy çykmak bolar". Şundan soñ Şirgazy hanyñ özi diýseñ agyr, müşgil wezipäni haýal etmän amala aşyrmaga girişýär. Han myhmanlary aýratyn "sylag-hormat" bilen garşy almaklygy emr edýär. Şeýlelikde, hiç hili ýaragsyz, baýramçylyk lybasyny geýnen adamlar kaşañ Gündogar sowgatlary bilen knýaz we onuñ ýaranlarynyñ öñünden çykýar. Bu hili ajaýyp duşuşyk knýazda juds uly täsir galdyrýar we ol eýýäm "Hany yrmak añsat bolaýjaga meñzeýär" diýen süýji hyýaldan lezzet almaga başlaýar. Şirgazy hanyñ oña taýýarlan aýratyn "sowgadyny" bolsa, taryh kitaplary indi tas 300 ýyl bäri dürlüden-dürli teswirleýärler. Duşuşygy hanyñ şäher daşundaky köşgünde geçirmek bellenýär. Şirgazy han hiç hili ikirjiñlenmezden, knýazyñ başyny bedeninden jyda kyldyrýar. Onuñ ýakyn hemralarynyñ hem şy ykbala sezewar bolmagyny gazanýar. Kazaklar we esgerler dürli obalardaky öýlere ýerleşdirilendigi sebäpli birleşip bilmeýärler, şeýlelikde goşunyñ galan bölegi gumly çölde sergezdan bolup, gyrlyp gidýär. Şirgazy han / "Gizlin ilçi" kinofilminden Şunlukda, Pýotr I-iñ deslapky ylmy-añtawçylyk ekspedisiýasy heläkçilige uçraýar. Bu gyrgynçylykdan aman sypmak diñe deñiz poruçugi A.Kožine başardýar. Elbetde, rus patyşa hökümeti tarapyndan munuñ yzyndan başga-da ekspedisiýalar guralýar. Hususan, 1717-nji ýylda podpolkownik Stuliniñ ýolbaşçylygyndaky, soñra başga ekspedisiýalaryñ hem işi şowsuz tamamlanýar. Bu wagt Russiýanyñ rus-şwed urşy bilen başagaýdygy sebäpli, Pýotr I Merkezi Aziýa altynlary hakda pikir etmäge eli ýetmeýär. Emma öz şalyk döwrüniñ başyndan bäri Russiýa üçin ençeme şowly ädimleri äden, şol sebäpli-de ruhy göçgünli Pýotruñ bu şowsuklary boýun alasy gelmeýär. Onuñ ýörite taýýarlykdan geçen adamlary dürli ýollar bilen gadymy türkmen topragyna aralaşyp, öz ylmy içalyçylyk işlerini dowam etdirýärler. Şolaryñ netijesinde rus ilçisi Floriý Benewskiý Pýotr I-e ýollan hatynda goşmaça syrly habarlar ýazylan haty hem goşup iberýär. Onda şeýle diýilýär: "Amyderýa ~ Samarkant daglaryndan başlanýar we özi bilen aýratyn altyna baý gumlary Badahşandan Giokça derýasyna alyp gaýdýar. Ýerli halk bolaa daglardaky iri altynlary gazyp alýar. Şeýle hem olar bulanyk saý suwlaryna goýun derisini ýaýyp goýup soñra güneşde guradýarlar-da, sap altyn zerrelerini ýygyp alýarlar. Emma bu daglarda altyn we kümüş gözlemek gadagan edilen, olary ýörite zerbazlar goraýar. Buhara ýerlerinde mis, zäk we demir tapylýar. Hywanyñ Şeýhjaýly daglarynda kümüş magdanlar bar. Bu känden habarly Hywa hany Aran han habaryñ ýaýramagyndan gorkup, bir magdançyny dirileýin ýere gömdürýär. Çünki hazyna habary goñşy hanlyklara baryp ýetse, ýene ganymlyk başlanmagy mümkin". Şeýle maglumatlardan soñ rus ilçisi öz patyşasyna şeýle maslahat berýär: "Eger Siz öz hazynañyzy ýene-de baýytmak isleseñiz, bu ýerlere şaýyñyzy tutuñ. Bize töwerekden köp howp abanmajagy aýan, çünki Hywa bilen Buhara, şeýle hem Panhoý (athoýlar) hem bir-birleri biken özara urşa mübtela. Diñe hindiler dynç, emma olaryñ hem knýazlary özara uruşýarlar. Umuman, özbekler, gyrgyzlar, garagalpaklar we gazaklaryñ size hiç haçan azar bermejekleri aýan. Sebitdäki ýeke-täk howp bu ~ türkmenlerdir. Gadymy imperiýalaryñ harabalyklarynda oturan bu halkyñ häzir iñ bir dagynyk wagty. Erkanalygy söýýär, diýseñ gaýsuwsyz hem mert. Eger islese häzir hem tagtlary sorap oturjak bu halkyñ häzirki ruhy çökgünliginden meniñ pikirimçe, tüýs wagtynda peýdalanmak gerek". ("Посланник Пётра I на Восток, посолство Флорий Беневский в Персию и Бухару в 1718-1725 годах" kitabyndan). Emma, her näçe maglumata eýe bolsa-da, Orta Aziýa hazynasyny eýelemek Pýort I-e nesip etmedi. Şeýle bolansoñ rus şahyry A.S.Puşkin öz ýurdunuñ beýik patyşasynyñ ruhy dünýäsiniñ armanly pursatlaryna ýüzlenmegi ýöne ýerden däl bolsa gerek. Şahyr Ýurdunuñ patyşasy hakda şeýle ýazgylary galdyrypdyr: "Beýik Pýotr arman bilen gitdi: birinjisi pruslara garşy göreşde ýeñlendigi üçin Osmanly döwletinden ar alyp bilmedigi bolsa, ikinjisi ~ Bekowiç üçin Hywadan öç alyp bilmedigidir". Aradan 150 ýyl geçip, ruslar 1865-nji ýylda Orta Aziýa topragyna goşun çekdiler we 17-nji iýulda Daşkendi zabt etdiler. Kyýamat jeñleri 1873-nji ýylda Hywa türkmenleriniñ (Gazawat söweşi), 1880-81-nji ýyllarda Ahal türkmenleriniñ (Gökdepe söweşi) depesinden indi. Taryhda Çingiz han, Teýmirleñ, Şeýbany han, Abulgazy han dagynyñ türkmenleriñ başyndam inderen görlüp-eşdilmedik elhenç gyrgynçylygy rus patyşasy tarapyndan gaýtalandy. Ine, şol günlerden başlap hem Turan zemini rus patyşalygy üçin gymmatly magdan çeşmesine öwrülýär. "1916-njy ýylky maglumatlara garanda, Amyderýa eteklerindäki Derweze, Biljuwan, Gülaw känlerinde 6000-7000 adam altyn ýuwmak bilen meşgullanyp, olar ýylyna 40-50 put ýa-da 800 kilo altyn alypdyrlar". ("Рудный вестник", 1916 ý, N"2, sah.: 80). Soñra gadymy Merkezi Aziýa çäklerinde juda köp känler açyldy. Olaryñ agramly bölegi ynkylapdan öñ hem, soñ hem işledi. Sowetler zamanynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky känler hakda maglumatlar gizlin saklandy. Çünki ähli tebigy baýlyklar konsitusiýa laýyklykda sowet döwletiniñ mülki hasaplanýardy. Hut şu ýörelge astynda hem SSSR-iñ territoriýasynda bar boan känleriñ baýlygyny hasap-hesip etmek gorlaryny anyklamak - barçasy Merkeziñ ygtyýaryndady. Bu baýlyklary dünýä bazaryna çykarmak hem diñe Merkeziñ elindedi. Hemmesinden geñ ýeri ~ işçi-gullukçylar hem Merkezden getirilýärdi. ....Ol günler yzda galdy. Merkezi Aziýa halklary, şol sanda türkmenler hem Garaşsyzlygyna eýe boldy. Ýerasty, ýerüsti baýlyklaryny öz mülki diýip yglan etdi. Iki asyrlyk taryhdaky iñ iri hata düzedildi. Indi öñki respublikalar, häzirki özbaşdak döwletler ähli pudaklar boýunça ähli meseleleri özleri çözýärler. Indi öz hünärmenlerimiz ähli baý känlerimizde işleri özleri dolandyrýarlar. Rus ilçisi Floriý Benewskiniñ ýazyşy ýaly, bu gün gaýduwsyz, paýhasly, gadymy halk bolan türkmenler yrylmaz döwletiñ eýesi boldy. Türkmen iliniñ gazanýan üstünliklerine indi bütin dünýäniñ gözi gidýär. Türkmenistan bütin dünýäniñ ýangyç-çig mal serişdeleriniñ 30 bölegine eýelik edýär. Garabogazkölüñ, Balkan dagynyñ, Köýtendagynyñ gymmatly mineral we magdan känleri türkmen halkynyñ Altyn asyrymyzda gülläp ösmegine hyzmat edýär. Indi dünýäniñ iri, ösen döwletleri Türkmenistanyñ tebigy baýlyklaryny özleşdirmekde deñhukukly gatnaşyklar esasynda ýurdumuz bilen hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýarlar. Bir wagtlar rus patyşasyny armanda goýan ymgyr baýlyklarymyz bu gün türkmen halkyny dünýä ýüzünde abraýa, mertebä ýetirýär. Täçnazar TAGYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |