GUTLYMYRAT AGA
Gadymy Bamy topragy. Bu toprakda niçeme-niçeme gerçekler ýaşap geçipdir. Olaryň birenteginiň atlary häli bu güne çenli mähribanlyk bilen ýatlanylýar. Olar hakynda rowaýatlar döräpdir. Birentekleri bolsa wagtyň geçmegi bilen unudylypdyr. Wagt wagt bolýar-da! Ol öz hökmüni ýöredýär.
Golaýda Bamy topragynda türkmen sazynyň ussady Pürli Sarynyň doglan gününiň 90 ýyllygy bellenip geçildi. Şol Hatyra gününe gatnaşmak maňa-da mýesser boldy. Şonda toý tutulan meýdända gurlan gara öýüň içinde bamyly köne tanyşym Gutlumyrat aga bilen sazak odunuň başynda söhbetdeş bolup oturdym.
Gutlymyrat Begmyrat ogly Sary bagşynyň golaý garyndaşy. Ol atlary külli türkmene belli ussat bagşy-sazandalary ýakyndan tanapdyr. Olar bilen söhbetdeş bolupdyr. Ýaşynyň 80 onluga barandygyna garamazdan gaty ýatkeş adam. Gutlymyrat aga häzir personal pensioner. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşypdyr. Köp ýyllaryň dowamynda taryh mugallymy bolup işläpdir. Men onuň ýatlamalaryny ýazyp alyp okyjylara-da ýetirmegi makul bildim.
- Gyzylarbatly Annamämmet Hajy diýen adam 1916-njy ýylda Marydan Gazanjyga çenli dürli gymmat bahaly geýim-gejim, mata-zatlaryň iki wagon zady, her stansiýada (obada) durup jar çekipdir, ilata Hudaý ýoluna zat paýlapdyr. Gyzylarbada öýüne baran mätäç adamlara hem köp-köp zatlar beripdir, köp adamlardan bolan algysyny geçipdir: «Taňyrýalkasyn diýäýiň» - diýipdir. Şeýle rehimdar, jomart adam bolan.
Börmeli, syçmazyň bagaja tiresinden bolan Mele Serrik diýen adam şeýle baýmyş, ol:
- Hudaý maňa şeýle baýlygy atamyň arkasyndan beripdir, men musulmanlara haýyp-sogap edeýin, ilde bolan algylarymy Hudaý ýoluna geçreýin, şeýle bir uly toý edeýin - diýip, ýaşulular bilen geňeş edýär. Olar Mele Serrige:
- Eý, Mele, sen gowy iş etmekçi. Ýöne bir ýyl, iki ýyl öňünden taýýarlyk gör. Ähli teke taýpasy seniň arkaňda durar - diýenler.
Mele Serrik bu toýa iki ýyllap taýýarlyk görýär. Hywa, Eýrana, dürli ýerlere birnäçe sapar uly kerwen iberip, dürli harytlar däne we ş.m. köp haryt getirdýär. Toýa kesearkaç, ýomut garyndaşlar, gökleň, gerkez hem-de Hywadan köp myhman gelýärler. Üç-dört gün öňürti toýçylar Börmä ýygnanýarlar.
Mele Serrik Börmäniň uly ilatyna ýüzlenýär:
- Toýa gelen toýçylary hemmäňiz myhman alyň. Emma toý sowulýänça, özüňizden iýmekden, içmekden hiç bir zat harç etmäň - diýip, her öýe dir düýe un, çaý, süýji, ýag, tüwi we ş.m. zatlary eltdiripdir.
Ýedi-sekiz ýüz goýny hem toýçylar üçin, ilat üçin getirýär.
- Kime näçe gerek bolsa öldürip, myhmanlary sowsun – diýýär.
Bir ýüzden gowrak düýe, bir süri dowar, näçe düýe ýüki don we ş.m. zatlary baýrak üçin orta çykarýar. Özi hem iki ogluny bile öýerýär.
Mele Serrigiň toýuna «toý goşant» diýip gelen mal, dürli zatlar örän köp bolan. Toý üç gün bolan. Börmäniň günbatar tarapynda iki üç kilometrinde at çapdyrylýar, göreş tutulýär. Gyzylarbatdan Börmä çenli ula (ýaryşa) giden atlara 14 bogaz düýe baýrak goýlupdyr. Bamyly Annak diýen adamyň baýtaly öň gelip, baýragy alypdyr. Emma baýtal toýhana gelip, ýykylyp ölüpdir. Topluma giden atlara 6 bogaz düýe baýrak berlen. Ýyndam at pellesinden goşulýan atlara bir düýeden, iki düýeden baýrak berilipdir. Dört uly pälwana iki düýeden baýrak berlen. Çapylýana goşulyp gelen atlara hem bir düýe baýrak berlen. Ownuk pälwanlara hem dörtden, bäşden goýun, dürli gymmat zatlar berlipdir.
Toý üç gün bolan. Goşaja diýen ýerde toý bolupdyr. Mele Serrigiň il-günden köp mal-zat algysy bolupdyr. Hatam Taý ýaly Mele Serrik «Üç güne çenli maňa bergili adamlardan algymy geçýärin, meniň öýüme gelip, Taňryýalkasyn» - diýen. Köp-köp adamlar Mele Serrigiň öýüne gelip:
- Mele aga, meniň saňa düýe we ş.m. bergim bar, Mele aga Taňry ýalkasyn - diýen adamlara:
- Sende bolan algymy Hudaý ýoluna geçýärin, seni hem Taňry ýalkasyn - diýip, ilde-günde bolan bergili adamlaryň bergisini geçipdir. Emma bir erkek bergili bir adam obada ýokmuş. Ol bergili adam
dördünji güni gelip:
- Mele aga, men obada ýokdum. Men hem saňa bir erkek bergim bar, meniň bergimi geç - diýen. Mele Serrik:
- Eý, pylany, iner ýozuldy - diýen. Mele Serrigiň aýaly:
- Iner ýozulsa, maýa ýozulanok, bergiňi geçýäris - diýen.
Mele Serrik diýen adam tüýs Hatamtaý kysmynda jomart, rehimdar adam bolan. Ýatan ýeri ýagty bolsun! Mele Serrigiňki ýaly uly toý türkmende ozal bolmandy.
Gyzylarbadyň Hojagala obasynda oturymly Orazguly Hoja diýen adamynyň toýy, Mele Serrigiň toýundan özge toýlardan iň ulusy bolan. Toý üç gün bolan. Ula goşulmaga giden atlara alty düýe we ş.m. baýraklar berlen. Olam ilde bolan algylaryny Hudaý ýoluna geçipdir. Toýuň ähli harajatyny özi çekipdir. Köne adamlar Mele Serrigiň, Orazguly Hojanyň toýlaryny guwanç bilen gürrüň ederdiler. Gutlymyrat aga ömrüne köp bagşysazandalary diňlän adam.
- Öňki öten belli meşhur bagşylarymyzyň aýdyp geçen aýdymlarynyň otuz-kyrka, hatda ondan-da köpüsi biziň häzirki bagşylarymyz tarapyndan aýdylman gelýär - diýip, şol aýdymlaryň ýadynda galanlarynyň bir toparyny mysal getirdi.
«Begler» (Pany dünýä şum ajalyň elinden, gezmedi messana begler). Sary bagşy aýdýardy.
«Eý, ýalançy pany dünýä ençeme emiýany nätdiň». Nazarbaga aýdýardy.
«Ondadyr» («Maral geldi» sazyna aýdylýardy). «Neýleýin dünýä malyny, hazynaly manysy ondadyr». Sary bagşy aýdýardy.
«Mundan gider bolsaň baba, Mustapaga salam diýgeý sen». «Baba röwşenden».
Goç ýigit girse meýdana. «Ymamlaryň kyssasyndan». «Ogulbibi». Çowdurkör bagşy aýdýardy.
«Posly bolupdyr» Çary Afzaldan. Sary bagşy aýdýardy. «Zarlap gezer». Zeliliden. Halmämmet Allanur aýdýardy.
«El göter». Sary bagşy, Çowdurkör aýdýardy. «Jürjän». Çöwdurkör aýdýardy. «ŞasenemGarypdan». «Dörär» (Il azanda halk içinde bir bidöwlet är dörär) Aşykydan. Sary bagşy aýdýardy.
Talybynyň «Dostlarym» diýen aýdymy.
«Näzlijan» diýen aýdym. Orazmammet bagşy aýdýardy.
«Oglanly jöhit». Magtymgulydan. Sary bagşy aýdýardy.
«Sähet bike». Çowdurkör aýdýardy. «Getirer». Zeliliniň goşgusy. «Söweşe begler», Annahan bagşy aýdýarmyş.
«Bakyrhojam» diýen aýdym. Sary bagşy aýdýardy. «Maral göz» diýen aýdym aýdylmaýar.
- Eger aýdymlaryň sözleri gerek bolsa, bilmeseler, mende ýazgylary bar - diýip, ýaşuly aýtdy.
■ Magtymguly Pyragynyň çap edilmedik goşgusy
Jeset içre şirin janyň amanat
Sanaglydyr munda alan delilleriň,
Kazaň dolsa lukman bilmez emleriň.
Ajal tapar, perman bolsa çemleriň,
Jeset içre şirin janyň amanat.
Demiň bilen dagydaşy eretseň,
Haýbat atyp, derýalary ýöretseň.
Höküm sürüp, bu jahana seretseň,
Jeset içre şirin janyň amanat.
Hatamtaý kysmynda bir jomat bolsaň, Hajymelik kimin bir ämert bolsaň.
Höküm sürüp, tüýs bir namart bolsaň,
Jeset içre şirin janyň amanat.
Isgender bolup, ýer ýüzüni alsaň,
Aly kimin din gylyjyn hem çalsaň.
Eflatun deý dünýä ylmyny bilseň,
Jeset içre şirin janyň amanat.
Gudratlydyr halkyň ajap permany,
Ajal ýetse bolmaz onuň permany.
Adamzadyň galar şunda armany,
Jeset içre şirin janyň amanat.
Sözi bilip, jaý ýerinde sözlänler,
Ýagşyny ýaýyp, ýamany düzlänler.
Kazy bolup, Şerigaty yzlanlar,
Jeset içre şirin janyň amanat.
Pany dünýä gülüp gujak açarmyş,
Bir gün seniň kepen donuň biçermiş.
Demiň seni, mundan goýup gaçarmyş,
Jeset içre şirin janyň amanat.
Setdä duranlaryň üçdir mekany,
Mydam açyk ajal ýolnuň dükany.
Rehim ýeläp, goýmaz köpi, ýekäni,
Jeset içre şirin janyň amanat.
Sen bolupsyň bu dünýäniň myhmany,
Panydan geçersiň, ýokdur gümany.
Hudaýym magşarda bersin imany,
Jeset içre şirin janyň amanat.
Kysmatdan gaçyp, gutulan bolmandyr,
Könelerden hiç biri hem galmandyr.
Aglap godup, aglap ötüp gülmändir,
Jeset içre şirin janyň amanat.
Magtymguly dökme gözden ýaşyňy,
Gamgyn bolup, ýere bakma başyňy.
Tagat çekip berjaý eýle işiňi,
Jeset içre şirin janyň amanat.
Gulmyrat aga şu goşgyny 1933-nji ýylda bamyly Eýeberdi molladan ýazyp alypdyr.
- Sary bagşy ony «Nowaýy» perdesine sanaýardy - diýip, Gutlymyrat aga ýatlady.
1991 ý, aprel.
Aýdym-saz sungaty