11:19 Guwwas / hekaýa | |
GUWWAS
Hekaýalar
Bu waka Gep derýasynda bolup geçdi. Ol köp sanly wýetnam derýalary ýaly, bir almany ikä bölen dek biri-birine meňzeşdi — giňdi, çuňdy, bulançak mawy reňklidi. Ähli ýerde urşuň haraplan köprüleriniň galyndylary görünýärdi. Ýük daşaýjylar aňyrsynda oba görnüp duran gämi duralgasyna ýaňybir paromy çekip getirenlerem şoldy welin, derýanyň o tarapynda duran awtoulaglaryň üznüksiz zoguldysy eşidilip ugrady: olaryň biriniň sesi gaty çirkin çyksa, beýlekisi edil gäwmişiň molaýşy ýaly ýogyndy. Olar ilki gezekli-gezegine, soňra sazlaşykly düýdüldeşip ugradylar. Paromçylar — goja Týoang bilen onuň ogly — «bahym dolanyp geleris» diýen şekilde ellerini galgatdylar we kenara düşýän adamlary howlukdyryp başladylar. Ýöne sürüjiler tä parom gelip kenarda daýanýança, zoguldylaryny dowam etdiler. — Nämä biderek ýere zoguňyza zor salyp dursuňyz — diýip, paromy gazyklara berkitmek üçin kenara düşen goja Týoang gygyrdy. — Hany, çaltrak gymyldasana, goja! — diýip, birinji awtoulagda oturan sürüji kabinadan boýnuny uzatdy. Agşama çenli Winhe barmaly... Týoang ýük ulagynyň paroma girmegine päsgel bermejek bolup, bir gyra sowuldy. Ol ikinji ulagyň hem birinjiniň yzyndan girip gelýänini görüp: — Eý, nirä gelýäň? — diýip gygyrdy. Soňra süňklek ellerini ýokary galdyrdy. — Saňa diýýän, saklan! — Wagt ýok! Howlukýas — diýip, sürüji azgyryldy. — Diňe bir ulag girmeli — diýip, gojanyň ogly kakasyny goldady. — Ýüküňiz agyr, parom bolsa kiçi — diýip, ol ikinji awtoulagyň öňüne böwet boldy. — Sowul ýoldan, erni suwly — diýip, sürüji jabjyndy, ýogsa onuň öz ýaşam oglandan gaty bir uly däldi. Gui zordan bir ýana sowlup ýetişdi. Parom çaýkanyp, tä erňegine çenli suwa batdy. — Men aýtdym ahyryn! Görýäňmi, çöküp barýar... — diýip, goja zeýrendi. — Hiç zat bolasy ýok, ol ýene-de şunça ýüki göterer — diýip, birinji sürüji it ýylgyryşyny edip, goja göwünlik beren boldy. Emma Týoang oňa üns bermän, tukatlyk bilen paroma giren ulaglara göz aýlady. Tüwüli haltalar bilen doldurylan ulaglar. Bu saňa oýun däl! Ýok, ikisin-ä birbada göterip bilmez. Ýüksüz bolan bolsa, onda başga gürrüň, ýöne bu ýagdaýda... — Näme ikirjiňlenip dursuň, garry? Eglenere wagtymyz ýok, öňümizde ýene nämäň bardygyny bir hudaý bilýär... Týoang sürüjilere gowulyk bilen gepini düşündirip bilmejegine akyl ýetirdi-de, bagtyny synap görmek isledi. Köne paromyň öz ömründe götermedik ýüki ýokdy. Ol ogluna ümläp goýberdi, onsoň olar mytdyldap, bir kenardan beýleki kenara çekdirilen urgana tarap ýöneldiler. Olar güýç bilen urgana ýapyşdylar, onsoň agdyk ýük urlan parom haýallyk bilen suwuň ýüzünden süýrenip ugrady. — Hany boluň! Boluň! — diýip, sürüjiler olary gyssady. Ýöne tizligiň artmaýandygyny görensoňlar, kabinadan çykyp, ataly ogla kömekleşmäge durdular. Paromyň erňeginiň suwuň ýüzünden sähelçe ýokardadygyny synlap duran goja Týoang gyryk sesi bilen: — Seresap bolaweriň — diýip gygyrdy. Sürüjiler: — Sen-ä ýelýürek adam ekeniň — diýip gülüşdiler. — Şu bolşuňa ýene paromam sürýäň… Týoang dymdy-da, göz astyndan kelesaň sürüjilere äňetdi. Oňa çenli parom suwuň çuň ýerine — bendiň golaýyna baryp ýetdi. «Derýanyň bu ýerinde gaty hüşgär bolmaly welin, bular edil guduz açan ýaly-la!» diýip, goja öz ýanyndan käýinjiränem bolsa, daşyndan hiç zat diýmedi. Üstüne topularlar öýdüp heder etdi. Sürüjiler bolsa edil dälirän ýaly: — Boluň! Boluň! — diýip, biri-birini gyssaşyp, urgany bat bilen çekip üzäýjek bolýardylar. Parom haýykdyryjy ýagdaýda yraň atdy, şundan soň goja Týoang çydap bilmän: — Edýäniňiz näme, siz, dogrudanam, däliräpsiňiz öýdýän! — diýip gygyrdy. Sürüjiler garra gygyrmakçy boldy, ýöne hiç zat aýtmaga ýetişmediler. Parom bijaý gyşardy, birinji ulag ýerinden gozgandy. Deňagramlylyk bozulypdy, paromyň burny öňem suwuň aşagyndady, indi ol hasam çöküp ugrady. Týoangdyr ogly deňagramlylygy saklamak üçin paromyň yz tarapyna okduryldy, ýöne kömek etmedi, sebäbi paromyň ýanynda olaryň agramy hiç zatdy. Şonuň üçinem ol ýuwaş-ýuwaşdan batmaga başlady. Sürüjiler aljyrap eýläk-beýläk ylgadylar. Kenardan kimdir biri gygyrdy. Ýöne gykylyk bilen aljak galaň barmy näme! Parom ýuwaş-ýuwaşdan çökýärdi. Ulaglaryň tigriniň okuna çenli suwa batdy. — Böküň! — diýip, Týoang ilkinji bolup suwa bökdi. Paromyň girdaby özüne çekip almanka, bu taýdan daşlaşmalydy. Onuň yzy bilen Gui, soňra bolsa sürüjiler bökdüler. Olar howply ýerden elli metr ýüzüp ýetişmänkä, derýa Týoangyň paromyny öz demine dartyp aldy. Az salym geçenden soň, göýä hiç zat bolmadyk ýaly, tolkunlar ýene öňki kaddyna geldi. Diňe urgan — ähtimal, çümüp barýan ulagyň bir ýerine ilişen bolsa gerek — dartylan kiriş ýaly sandyrap, kä suwuň ýüzüne çyksa, käte aşagyna gidýärdi. Paromdakylar kenara barýança, ol ýere oba adamlarynyň ep-eslisi ylgaşyp geldi. Olar: — Hudaý diýen ýeriň bar eken, gaýgy etme, Týoang — diýip, goja duýgudaşlyk bildirdiler. — «Bir-birden geçireliň» diýip, men olara aýtdym ahyry... Olar bolsa tas Guini basyp mynjyradypdylar... — diýip, Týoang dillendi. Adamlar gahar-gazap bilen sürüjilere topuldy. Ýöne olaryň eden işlerine puşman edýändiklerini görüp zat diýmediler. Garşydaky kenardan ýene-de düýdüldi eşidildi. Biraz wagtdan kenaryň iki tarapynda-da ýükli ulaglardyr pyýadalar ýygnanyşdy. Uly galmagal turdy, adamlar gygyryşýardy, her kim mümkin boldugyndan çaltrak derýadan geçmek isleýärdi. — Indi näme etmeli? — diýip, olar goja paromçyny gününe goýmaýardylar. — Bir alajyny tap! Biz gijäni bu ýerde geçirip bilmeris! Týoang öl bolan eşigi bilen kenarda oýa batyp durşuna, köseleç sakgalyny daraklaýar. Alajyny tap diýmek dilde aňsat... Mundan nähili baş alyp çykarsyň? Üsti ulagly paromy derýanyň düýbünden ýokaryk çykaraýmak aňsat iş däl ahyry? Gürrüň diňe paromyň özi hakda barýan bolsa, oň müşgili ýok, sebäbi kenarda ätiýaç üçin goýlan parom bar. Ýöne urgany nätsekkäk? Onsuz beýleki kenara aşyp bolmaz, derýa çuň, syryk sokubam oň düýbüne ýeter ýaly däl. Paromy tirkäp äkider ýaly, motorly gaýygam ýok. — Bolsana, goja, seniň başga paromyň bar ahyryn! — diýip, adamlar ony howlukdyrdy, olaryň käbiri paromy şu ýere getirmäge kömekleşmek meýliniň bardygyny bildirdi. — Onda urgany nätmeli? — diýip, goja Týoang uludan dem alyp durşuna, gaňyrçak ýaly barmagyny derýanyň ortasyna uzatdy. Adamlar nämäň-nämedigine düşündiler-de, biri-birinden öňürdip: — Başgasyny çykar — diýip gygyryşdylar. — Ýetginjekleň biri urganyň ujuny o kenara ýetirer... — Eger iş diňe ýetginjege bagly bolsady... — diýip, goja paromçy başyny ýaýkady. — Belaň körügi — ikinji urganyň ýoklugynda. Dogrudanam, onuň iki sany urgany bardy, olaryň biri derýa joşan mahaly üzülip, indi diňe suwuň astynda galan urgan galypdy. Şonuň üçinem suwa çümüp, onuň ilişen ýerini sypdyrmak gerekdi. Gerekligin-ä gerek, ýöne muňa döwtalap kişi tapylarmyka? Şeýdip meýletinçileri gözläp başladylar, ýöne mähelläniň içinden ýekeje-de ýüzüji tapylmady. — Ýaş wagtym bolanlygynda, bu işiň hötdesinden özümem gelerdim — diýip, goja Týoang gaýgyly seslendi. — Birmahallar deňziň düýbünden dür gözläp tapardym. Indi bular ýaly işler eýgerdenok... Obalylardan kimdir biri dillendi: — Şu golaýda, deňziň kenarynda balykçylardyr dür gözleýjiler ýaşaýar. Belki, şolar kömek eder. Ähtimal, balykçylaryň kömek etmegi mümkin! Birtopar adam motoryny otlap, balykçylaryň obasyna baryp gaýtmaga häzirlendi. Ýaşajyk Thuat ejesine tor çekdirmäge kömekleşýärdi. Şol wagt yzynda gyzylymtyl tozan galdyryp, oba bir awtoulag kürsäp girdi. Thuat ejesiniň hüşgär gözlerinden gaçmagyň tärini gözläp, gulagyny üşertdi. Ol ertirden bäri keýpsizdi. Onuň şeýlebir deňze çykasy gelýärdi, ýöne kakasy ony ýany bilen alyp gitmekden boýun gaçyrdy, sebäbi ol torlary ýamamak hemem guratmak üçin ejesine kömekleşmelidi. Thuat dürli-dürli işleri uly höwes bilen ýerine ýetirerdi: balyk tutardy, dür gözlemek üçin deňziň düýbüne çümerdi, mekdebe giderdi, hatda gäwmişem bakardy, ýöne toruň hysyrdyly işini welin, ýigrenji, ýüregedüşgünç hasaplaýardy. Şonuň üçinem ol ir säherden bäri özüne ýer tapman, ejesiniň nazaryndan sypyp bilse, assyrynlyk bilen gaçmakçydy. Bularyň kiçijik obajygy bardy, bambukdan örülen külbejikleri deňziň kenarynda ýerleşýärdi. Obada bolup geçýän ähli zat göze dürtülip durdy. Bärde köplenç aýal-ebtat bilen çagalardan başga jemende ýokdy, erkek kişiler — balykçydyr dür gözleýjiler uzynly gününi deňizde geçirerdiler. Ynha, bu gezegem, awtoulag oba giren badyna — beýle ýagdaý ýylyň dowamynda birki sapardan köp bolmaýardy — oba adamlarynyň bary howsala düşdi. Ilki bilen, ulagyň daşyny oglanjyklar gurşap aldy, soňra bolsa aýallar ylgaşyp geldi. — Erkek kişileriňiz nirede? — diýip, awtoulagdan çykan başgaply adam sorady. Thuat bejerip duran toruny bütinleý ýadyndan çykaryp, awtoulagy gözleri bilen iýäýjek bolýardy. Onuň ejesi-de şo tarapa seredýärdi. — Erkek kişilermi? — diýip, geň galan aýallaryň biri obanyň erkekleriniň nirededigini hemmä bildirmekçi bolýan ýaly: — Olar nirede bolsun? Elbetde, deňizde... — diýdi. — Deňizde diýdiňizmi... — diýip, sürüji lapykeç halda gürledi. — Erkeklerimiz size nämä gerek — diýip, aýallar bilesigelijilik bilen sorady. Başgaply adam howsalaly sesi bilen Gep derýasynda bolan wakany gürrüň berdi. — Bize urgany boşadar ýaly guwwas gerek. Thuatyň ejesi gürrüňe gulagyny gabardyp durşuna, oglunyň özünden daşlaşyp, märekäniň içine baranynam duýmady. — Garaşmaly bolarsyňyz, erkekler agşamara geler — diýip, aýallar jogap gaýtardy. Sürüji başgabyny çykaryp, ýetişibildiginden ýüzüni ýelpeýärdi. — Agşama çenli garaşmaly? Ine, saňa gerek bolsa! Meň agşam nirede bolmalydygymy bilýäňizmi? Aýallar hiç zat diýmedi, diňe olaryň biri onuň sabyrsyzlyk bilen ýüzüni ýelpeýşini görüp, kikirdäp goýberdi. Ol ýene sözüni dowam etdi: — Düşünýäňizmi, maňa guwwas gerek! Urganyň ilişen ýerini boşatmaly... Aýallaryň käbiri onuň gürrüňlerinden halys bizar bolup, öýüne gaýtmak bilen boldy. Sürüji olaryň biriniň ýoluny kesip: — Men guwwasy nireden tapyp bilerkäm? — diýdi. Aýal ýaltanman, goluny deňze tarap uzatdy-da, şeýle diýdi: — Ýöne bu ulagyňyz bilen ol ýere barmak başardarmyka... Gülki sesleri ýaňlanyp gitdi, sürüji aljyrap töweregine garanjaklady. Şo mahal Thuat onuň öňünde peýda boldy-da, uly görünjek bolýan ýaly, eňegini has ýokaryk galdyryp, şeýle diýdi: — Men guwwas. Sürüji ynamsyzlyk bilen ýigdekçä tiňkesini dikdi. Daşyndan göräýmäge onuň ýaşy on iki-on üçden uly däldi. — Sen guwwasmy? — Hawa! Men eýýäm kakam bilen deňze-de çykýan, hatda ullakan dürlerem tapdym... Aýallaryň biri onuň sözüni makullady: — Ol obanyň iň ezber suwa çümüjisiniň ogly. — Ýöne entek kiçiräk bolýar. Ol urgany boşadyp bilmez! — diýip, başgaply adam elini batly silkip goýberdi. — Boşatman näme?! — diýip, Thuat boýnuny süýndürip, daraklygyna galdy. Bu adamyň özüne äsgermezlik bilen garaýandygyna onuň gahary geldi. — Sen entek has ýaş bolýaň... — diýip, sürüji ýaýdanjaňlyk bilen sözüni dowam etdi. — Beýle bolsa agşama çenli garaşyberiň — diýip, Thuat aýdanam bolsa, ýerinden gozganmady. — Bolýa-da... Mün! — diýip, sürüji onuň golundan tutup, ulaga tarap ýöneldi. — Thuat kabina girdi, ine, şonda ejesi nämäň-nämedigine düşündi-de, ulili bilen gygyryp, ulaga tarap ýüwürdi: — Thuat jan, oglum, eşidýäňmi? Thuat, gitme! Ol şu wagta çenli deňze kakasy bilen giderdi, häzir birinji gezek ýeke özi barýardy. Ýigdekçe kabinadan boýnuny uzadyp, ejesine elini bulaýlady. — Eje, arkaýyn bol! Kakama-da aýt, oňa derek özüm gidýän. Motor arlady, obanyň adamlary diňe ulagyň tigirleriniň astyndan çykan tozany görüp galdylar. Ulag çarkandakly ýollardan geçende, Thuat kabinanyň içinde loňk-loňk edip otyrdy. Ol öňüne seredip otyrdy, ýöne sürüjiniň assyrynlyk bilen özüni synlaýandygyny duýýardy. Sürüji oglanjygyň aglajagy-aglamajagy, «yzyma äkit» diýjegi-diýmejegi barada oýlanýardy. Sürüjiniň bilesigelijilikli nazary ýigdekçäni az gyzyklandyrmady. Ol gözlerini ýumup, dür meýdanynda bolan iň şowly awy barada oýlandy. Bu waka obanyň demirgazygyndaky asuda aýlagda — çägesöw kenaryň öz ornuny kert gaýalara berip, ýitip gidýän ýerinde bolupdy. Ilki bilen suwa kakasy çümdi, ol bolsa bambukdan edilen gaýykda garaşdy. Kakasy birnäçe iri balykgulagy çykarandan soň, pyçagyny oglunyň guşagyna gysdyrdy-da, deňze tarap yşarat etdi. Thuat edil balyk ýaly, ýeňillik bilen özüni suwa oklady. Deňziň bu ýerleri o diýen çuň däldi, ýöne tekiz bolman gaýalykdy. Her niçik-de bolsa, ol gözleýän zadyny tapdy... Dolanyp gelenden soň, kakasyna goçak bir balykgulagy uzatdy. Kakasy balykgulagy pyçak bilen ýaryp, onuň içinden orta ululykdaky üç sany dür dänesini çykaryp: «Bolaýypdyr!» diýdi. Şonda kakasynyň näme diýendigi oglanyň häzirem ýadyndady. «Berekella, Thuat! Ynha görersiň, bu gün bolmasa ertir özbaşdak suwa çümüp ugrarsyň...». Ine, bu gün ol ilkinji gezek kakasy bilen däl-de, bir özi barýar. Elbetde, häzir ol balykgulak gözlemäge baranok, ýöne zyýany ýok, derýanyň düýbünden çolaşan urgany çykarmak hem juda gyzykly bolsa gerek. Ulag bambuk jeňňelini kesip geçdi-de, obanyň duşundan zymdyrylyp geçip, uly zenzele bilen kenarda togtady. Bärde eýýäm jemende bary ýygnanypdy hemem ulaglaryň, gäwmişli we gäwmişsiz arabalaryň uzyn hataryny düzüpdi. Märeke gelenleri garşylamak üçin ellerini ýokary galdyryp, olara tarap gaýtdy... Ýöne Thuat kabinadan çykan badyna, umydy gaçan dek goh-galmagal ýatyşdy... ýöne adamlar birden möwç alan ýaly gygyryşdy. — Onuň kimi getirenine bir serediň! Ol bärik bir oglanjygy alyp gelipdir! Onuň bizi halas etjekdigi daşyndanam görnüp dur... Thuatyň ýüzi boz-ýaz boldy. Ol agramyny kä ol aýagyna atsa, kä beýleki aýagyna atýardy. Sürüji bolsa ýazykly ýaly eginlerini gysyp, obada şundan başga erkek göbekliň ýokdugyny, diňe şu ýigidiň kömek bermek isländigini, şony alyp gaýtmakdan başga alajynyň bolmandygyny garaçyny bilen düşündirjek bolýardy... Goja Týoang oglanjygyň ýanyna bardy-da, onuň egnine elini goýup: — Hany aýt, ýigit, heý, birwagt suwa çümüp görüpmidiň? — diýip sorady. Thuat baş atdy-da, kakasynyň ony ýygy-ýygydan deňze äkidendigini ýuwaşlyk bilen düşündirdi. Ol gözýaşyny zordan saklaýardy hemem bu ýere gelenine eýýäm ökünip ugrapdy. Eger şeýle garşylajaklaryny bilen bolsa, onda ol öýde — ejesiniň ýanynda galardy. Bular bolsa, goý, agşama çenli garaşybersinler. — Diýmek, synanyp görmek niýetiň bard-a? — diýip, goja paromçy sözüni dowam etdi. Ol adamlaryň henizem köşeşmeýändigini görüp: — Muň ýaşyndakam menem deňizden dür gözleýärdim! — diýip gygyrdy. Soňra gaýtadan oglanjyga ýüzlendi. — Ýör, yzyma düş! Thuat bilesigelijilik bilen garra seretdi. Özi bilen çynlakaý gürleşýänligi üçin oňa göwni ýetdi. — Hany, gaýygy getir — diýip, Týoang ogluna ýüzlendi. Bir minut geçip-geçmänkä berk agaçdan edilen kiçeňräk gaýyk suwuň ýüzünde peýda boldy. Kimdir biri kömek bermek üçin gidermen boldy, ýöne goja başyny ýaýkady. Gaýyga üç bolup mündüler: ol, ogly hem Thuat. Derýanyň kenarlarynda duranlar köşeşdi. Olar urganyň suwuň astyna giden ýerine golaýlap barýan gaýygy dykgat bilen synlaýardylar. Oglanjyk urgany boşatmagyň hötdesinden gelip bilermikä? Gaýyk «urganyň ilişen ýeridir-dä» diýlip çaklanýan ýeriň üstünde saklandy. Týoang bilen Gui gaýygyň burnuny akymyň garşysyna öwrüp, ýuwaşjadan kürekläp ugradylar. Thuat aşak eglip, gögümtil suwa esetdi. Kiçiräk balyk sürüsi gaýygyň kölegesinden daşlaşmaga howlugýardy. Oglan kakasyny ýatlady, ol şu mahal balykgulak gözläp, deňze çümen bolsa gerek. Onuň ogluny ýany bilen äkitmänem gowy bolupdyr... Ýöne, kim bilýär, muň gowulyk bilen gutarjagy-gutarmajagy gümana... Birden urgany ýazdyrmak başartmasa näme? Onda ol kenarda duran adamlaryň gülki ýassygyna öwrüler. Oýuna şu pikirler gelende, onuň ini dyglap gitdi. Aý, ýok! Näme üçin ol urgany ýazdyryp bilmeli dälmiş? Ol muny başarar, hökman başarar! — Bol, ýigit — diýip, Týoang ýuwaşja aýtdy. Oglanjyk ýerinden turdy, uludan demini aldy-da, elleri bilen suwy kürekläp edil peýkamyň oky ýaly tolkunlaryň arasynda gözden ýitdi. Suw bulançakdy, batan ulaglaryň suduryny saýgarýança tutuş bir minut geçdi. Dartylyp duran urgany tapandan soň, onuň eýlesinden-beýlesinden çekişdirip gördi, ýöne ol butnaýynam diýmedi! Ol aňyrrak — urganyň çolaşan ýerine tarap ýüzdi. Muny görseňizläň! Urgan ikinji ulagyň kabinasynyň gapdalyna berkidilen aýnajyga ilişen eken. Aýna togalajyk bolup, onuň egrije aýagy bardy, urgan şoňa ymykly çolaşan eken. Ol şu pursat gursagynda agyry hemem kellesinde güwwüldi duýdy. Ol munuň nämäni aňladýandygyny bilýärdi. Öýkenindäki howa gutarypdy, şonuň üçinem haýal etmän suwuň ýüzüne çykmaly. Ýöne urgan ulaga berkidilmändir! Şeýle-de bolsa, ony ýazdyrmak başa baranokdy!.. Iň aňsady — palta alyp gelmeli-de, urgany çapmalydy. Ýöne urgan kenarda duran adamlara gerekdi, onsuz paromyň ýerinden gozganmajagy hakdy. Belki, urup aýnaň aýajygyny gaçyrmalydyr? Gowy pikir, ýöne muny onuň ýeke özi başarjak däldi. Kakasy ýanynda bolsady, onda ol şol wagtyň özünde bu işiň hötdesinden gelip biljekdi. Ýene näme edip boljak?.. Onuň gursagy gysaja salnan ýaly, gulagynda bolsa ýekedabanyň üzlem-saplam sesi eşidilýän ýaly boldy. Tizräk ýokaryk çykmalydy!.. Ýigdekçe ýene bir ýola urgany ýerinden gozgajak boldy, ýöne başa barmady, onsoň derrew urgana direnip itindi-de, gowuşgynsyz hereketler bilen ýüzüp ýokaryk çykdy. Onuň gözleriniň öňünde gara, gyzyl halkalar uçganaklaýardy, şo sebäpli bir minutlap gaýygy görüp bilmedi. Goja Týoang doňdurylan ýaly bolup otyrdy. Ol diňe oglan gaýygyň ýanyna ýüzüp gelensoň, elini uzatdy-da: — Ýeri nähili? — diýip sorady. Thuat demi-demine ýetmän sojaýardy. Ol birneme özüni dürsänden soň jogap gaýtardy. — Içigar galanyň urgany ilişipdir. Gojanyň dodaklary titräp gitdi. — Ilişipdir diýýäňmi? Hany, biraz dem-dynjyňy al, onsoň ýene bir gezek synanyşyp gör — diýip, goja aýtdy. Thuat tüýkürinjiräp uludan demini alýardy. Kellesindäki güwwüldi aýrylypdy, ýöne gursagyndaky agyry heniz duýulýardy. Ol biraz dynç alyp täzeden suwa çümmekçidi. Indi ol ulaglara barýan gysga ýoly bilýärdi, şonuň üçinem wagtynyň köpüsini urganyň hysyrdysyna sarp etse gerek. Ol güýjüne gelenden soň, usullyk bilen suwa girdi-de, derrew ulaglaryň ýanyna baryp ýetdi. Urgany elläp görensoň, onuň gowşagrak ýagdaýda asylyp durandygyna göz ýetirdi. Eger-de akymy böwüsmegi başaraýsa, urgany boşadyp bilmegi mümkin. Oglan aýaklary bilen suwy böwüsmäge, elleri bilen bolsa güýjünde baryny edip urgany çekmäge başlady. Onuň göwnüne urgan boşap, ulagyň aýnasyndan sypýan ýaly göründi. Ýöne ol birden dartyldy-da, ýerinden gozganman duruberdi. Oglan hernäçe dyzasa-da, eýgertmän kem-kemden güýçden gaçma bilen boldy. Ol ýene-de gursagynda agyry duýdy, kellesinde güwwüldi peýda boldy. Oglan ýene bir ýola synanyşdy, ýöne derýany boýun etmek başartmady... Soňra suwuň ýokarsyna galyp, gaýygyň üstünde oturan bilesigeliji goja: — Bolmady, hiç başa baranok... Ýene azajyk galdy — diýip, barmagynyň uçjagazyny görkezdi. Týoang başyny sallady, onuň köseleç sakgaly ýalaňaç döşüne baryp degdi. Diýmek, azajyk galypdyr, ýene-de sähelçe güýç gerek. Ol oglanyň çalt-çaltdan dem alşyny, boýnundaky damarlarynyň çişişini görüp şeýle diýdi: — Saňa özüm kömek edeýin, Thuat! Azajyk galan bolsa, meniň gojalan gollarymyň nepi deger. Thuat çalaja ýylgyrdy. Aý, näme, bile gitmeli bolsa, bile gideli. Hany, kenardakylar indem bir gülşüp görsün-dä... Bir oglanjygy getirdiler diýenem bolýalar... Gaýyk birsydyrgyn yranyp durdy, tolkunlar şarpyldaşyp, çalajadan gaýyga urulýardy. Kenardan kimdir biriniň gykylygy eşidilýärdi, ýöne sözlerini aňşyryp bolmaýardy. Týoang derýanyň akymyna syn edip sarsman otyrdy. Ýaşajyk ýüzüji bolsa güýjüni jemleýärdi. Ol doly güýjüne gelenini duýandan soň ýerinden turdy. Goja tisginip gitdi-de, kürekleri goýberdi. Gaýyk akymyň ugruna gidip ugrady, ýöne Gui birnäçe gezek bat bilen kürekläp, öňki ýerine getirdi. Týoang goňur köýnegini çykardy, giň jalbaryny çermedi hemem suwa bökmäge häzirlendi. Oglan ilkinji bolup bökdi, şobada-da gojanyň eliniň öz aýaklaryna degenini duýdy. Olar biri-birine gaty ýakyn aralykda ýüzdüler. Ýigdekçäniň eli urgana degen badyna, goja-da gelip ýapyşdy. Thuat garrynyň suw astynda bulaşyk görünýän ýüzüne seretdi-de, onuň yşaratyna görä urgany çekdi. Urgan iki adamyň güýjüne bäs gelip bilmän, ulagyň aýnasyndan sypdy hemem şobada suwuň ýüzüne çykdy. Ýüzüjilerem onuň yzy bilen ýokaryk çykdylar... Bu sapar Thuat kükreginde agyrlyk, kellesinde güwwüldi duýanokdy. Şowlulyk duýgusy bar zady basyp ýatyrypdy, şonuň üçinem ýokaryk çykan badyna, gaýyga bakan howlukmady. Oglan gaýyga münende, goja Týoang eýýäm öz ýerinde oturyp, dynjyny alýardy. Ol suwuň ýüzünde asylyp ýatan, boşan urgana seredýärdi. Soňra ol kürekleri eline alyp, kürekläp ugrady. Gaýyk derrew kenara golaýlady. Thuat ýylgyrdy. Ol eýýäm öýlerine barşyny, agşamara ojagyň başynda oturyp, kakasyna ähli zat barada gürrüň berşini göz öňüne getirdi. Ol gabagyny galdyranda, ätiýaçlyk paromy eýýäm suwuň içindedi. Öňdäki ulaglaryň sürüjileri kabinalaryna girip, motorlaryny gyzdyrmaga durdy. Käbir adamlar bolsa begenç bilen olara ellerini galgadýardy. Thuatyň horja ýüzündäki ýylgyryş zym-zyýat boldy. Eger urgany boşadyp bilmedik ýagdaýynda, özlerini nähili garşylajakdyklaryny göz öňüne getirdi. Onuň gulagynda henizem adamlaryň: «Onuň kimi getirenine bir serediň! Ol bärik bir oglanjygy alyp gelipdir! Onuň bizi halas etjekdigi daşyndanam görnüp dur...» diýen gykylyklary ýaňlanýardy. Olar ýüzüp kenara geldi, Týoangdyr ogly derrew täze parom bilen meşgullanyp ugrady. Kiçijik guwwas bolsa bir gyrada durdy. Onuň ýalňyz özüdi, sebäbi beýlekiler örän howlugýardy... Rusçadan terjime eden: Myrat GOŞLYÝEW. Rudo MORIS, slowak ýazyjysy. “Dünýä edebiýaty” žurnaly, 3/2021 ý. | |
|
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |