08:19 Güýz | |
GÜÝZ
Goşgular
Ýaprak ýagýar boz topragyñ ýüzüne, Ýagýar, öz ömrüniñ menzilin ölçäp. Solan meñzi bilen öpýär Zemini, Gaýgy-gussalaryn bir-bir çemçeläp. Sergezdan ýel boýlap giden ummany, Hyýalynda, arzuwynda gowuşýar. Ýaprak bolsa meñzäp köýen arzuwa, Buýsançly daragtyñ astyna düşýär. Gara bulut aglap, derdin egisýär, Gözýaş bilen ýuwup baglañ göwresin. Çala pyşyrdaýan altynsow baglar Söýgi bilen örtýär Zemin degresin. Dolanjak hem dolanmajak güýz hakda Oýa batýar tylla güýzüñ säheri. Daragt bolsa düýşde töre geçirýär Hoş owazly, päk arzuwly bahary. Aýnäzik HOJAGULYÝEWA. | |
|
√ Ýer şar aýlanýar / Goşgular - 09.06.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Biz üçin üýtgemez pelegiň bolşy / Goşgular - 29.10.2024 |
√ Ykbal / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Diýer sen / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |