10:40 Gynanýan, bala | |
GYNANÝAN, BALA
Goşgular
Gynanýan, bala... Azan okamalyka gulagyña Ymyzganyp ýatmalyka sallançagyñda Dinsizligiñ gyrasyna gelendigimiz üçin Bagyşla bizi! Dünýäni oýun meýdançasy saýdygyñ, emma uruşy görendigiñ üçin Ejeñ hüwdisiniñ deregne gülläñ sesine oýanandygyñ üçin Bagyşla bizi! Oýunjak ellemeli elleñ gan bolandygy üçin, Begençden uçganaklamaly gözleriñe ýaş dolandygy üçin, Gül ýüzüñ solandygy üçin Bagyşla bizi! Gynanýan, bala... Jahylyýet döwründe diriligne ýere gömlen doganlaryñ hasratyny Saña-da dadyranymyz üçin, Şol aýyp bilen häzirem ýaşap ýörendigimiz üçin Bagyşla bizi! Seni bu jahana laýyk görendigimiz üçin Ýigrençden pürepür ýürekler bilen Töweregñe kerep deý tor örendigimiz üçin Bagyşla bizi! Bagyşla bizi bala! Bagyşla, bagyşlaýşyñ ölüp giden kalplara täzeden jan salsyn. Çaga ýaly günäsizjeligiñ näsag añlara derman bolsun. Dünýäni halas etmek señ eliñde çaga! Sen bagyşla, ähli uruşlar gutarsyn! Bigünä gözleriñ, sowuk gözleriñ, gyzgyn ýüregiñ bilen sen PARAHATÇYLYGA deñsiñ bala! Bagyşla bizi, ýylgyrsana, dünýä ajaýyplaşsyn bala!.. Asmar ILGARY, Azerbaýjan. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |