GYSGAJYK HEKAÝALAR
▶ UMYT
Bir gün Süleýman pygamber, ullakan daşy sūýräp barýan garynja duş gelip, ondan:
- Özge garynjalar däne bilen, daşyñ saña nämä hajaty dūşdi - diýipdir. Garynja:
- Daşdan däne alyp, däneden hem daş gaýryp bilmedige, hiniñ zerurlygynyñ hem ýokdugyny unutdypsyñ Suleyman!
Men Mur mäligi Munzyrañ gyzyna aşyk bolup, söz aýtdym.
Ol maña ýoluñ sagynda duran daşly depäny soluna daşap geçirseñ gyzymy bereýin diýdi.
Suleýman:
Seniñ bu işi etmäge ömrūñ ýetermi?
- Eý Suleýman! Sen gowusy gitde Mubzyra ayt. Goý gyzyny bezäbersin. Heý-de Umytlyñam ömri gutararmy - diýip jogap beripdir.
▶ BALYKÇYNYÑ GYZY
Gün-güzeranyny balyk bilen geçirip ýören balykçy üç günläp balyksyz öýūne dolanmaly bolupdyr. Muña gatyrganan aýaly ondan sebäbini sopapdyr. Ol:
- Bu günler deñziñ balyklary zikr edýän bolarly. Ýogsam torum boş bolanokdy.
Aýaly:
- Balyklaram zikr edýärlermi?
- Bohow, bohow, keýwany, sen-ä oñaraýdyñow. Balyklaran esil adamlar ýaly Hudaýy birden unutsa tora dūşýärler - diýip jogap beripdir.
Bularyñ on onki ýaşly gyzjagazy gūrrūñe goşulyp:
- Kaka! Adamlaram balyklar ýaly tora dūşýärmi?
- Elbetde, gyzym! Olar şeýtanyñ toruna düşýärler - diýip jogap beripdir.
Ertesi göwni gumana gaplanan balykçynyñ aýaly gyzjagazyny adamsynyñ ýany bilen ugradypdyr.
Bu gezek balykçynyñky örän şowly bolupdyr. Ol tutan balygyny gyzyna berip durupdyr.
Gyzjagaz bolsa kakasyna bildirmän balyklary deñze goýberip durupdyr.
Öýe gaýtmakçy bolan balyķçy :
- Gyzym, hany balyklar!
Gyzjagaz:
- Men olary şeýtanyñ toruna düşmesin diýip deñze goýberdim. Balykçy bolsa:
- Biz şeýtan däl ahyryn -diýip jogap beripdir.
Halk döredijiligi we rowaýatlar