02:40 Gyzylbaş diýip kime diýilýär? | |
GYZYLBAŞ DIÝIP KIME DIÝILÝÄR?
Taryhy makalalar
"Ersgin boldy gitdi gyzylbaşymyz" Magtymguly PYRAGY Gyzylbaş - türkmen diýmekdir. Olara gyzylbaş diýmekleriniñ sebäbi kellelerine gyzyl börük geýendikleri üçindir. Töwrizde Sefewi döwletini guranlar alawy türkmen taýpalarydyr. Geçmiş taryhymyzda gyzylbaş türkmenlerimiz bilen bolan gapma-garşylykly uruşlar sebäpli gyzylbaşlary özümizden aýry görmek taryhdan bihabarlygy añladýar. Şu günki gün taryhda gurlan türkmen döwletleri sanalanda, añsat Sefewi döwletiniñ adyny agzasy gelýän ýok. Ýogsam bolmasa Sefewi döwletini hut alawy türkmenler gurupdy ahyryn! Osmanla paç töleýän türkmen taýpalarynyñ agramly bölegi Osmanly býurokratiýasynyñ ondan-mundan çöplenip, saýry milletleriñ çagalaryndan jem edilen sütemkär paşalarynyñ zulmunyñ astynda ýaşandan Sefewi döwletiniñ tabynlygyna geçenini müñ paý ibaly gördi. Osmanlynyñ şeýhulyslamlary alawy gyrgynçylyklaryna ejaza berýän namalaryñ birnäçesiniñ astyna razylyk bildirip, möhürlerini basdylar. Osmanly türkmen soltany Ýowuz Selim bilen birlikde eşary sünniligi kabul eden türkmenler alawy doganlaryny özlerine iñ uly duşman hasapladylar. Başlaryna gyzyl börük geýýändigi üçin "gyzylbaş" diýip atlandyrylan türkmen doganlaryny kemsidip, "gyzylbaş" adalgasyna her dürli masgaralaýjy, kemsidiji manylary ýüklediler. "Eliñe, diliñe, biliñe eýe bol!" diýen dogaýy jümläni hemişelik ýörelge edinen alawy türkmenlere ýöñkelen bu gereksiz töhmetler häli-häzirlerem öz güýjüni ýitirenok. Başyna gyzyl börük geýen alawy türkmenler üçin ulanylan "gyzylbaş" sözüni häzirem hapa-paýyş sözler bilen deñ manyda görýänler az däl. Geçmiş taryhymyzda alawylara ýöñkelen bu kemsidiji sözleri delillendirýän ýekeje-de waka bolup geçmändir. Hernäçe gapma-garşylykly ýagdaýda bolsa-da, Türkmenistanyñ çäginde ýaşaýan türkmen tire-taýpalary-da gyzylbaşlar bilen arasynda paýlaşyp bilmeýän zady bolmandyr. Uruşlar diñe häkimiýetiñ başynda oturan basybalyjy hökümdarlar we il-günüñ aryny-namysyny çekenden bolup, "Şükür bagşy" kinofilmindäki ýaly şer tapsa çörek iýmeýän alamançy han-begler sebäpli turupdyr. Garamaýak halkyñ arasynda hiç hili oñuşmazlygyñ bolmandygyny biz diñe "Magtymguly" kinofilmindäki bir epizoddan hem göz ýetirip bileris. Ýadyñyzda bolsa, kinofilmde türkmen obasyna gyrnak bolup düşen gyzylbaş zenany doganyny görüp: "Aly, menem halas et!" diýip gygyrýandyr. Şonda gyzylbaş esgeriniñ: "Wah, men nä alaç edeýin, doganjygym..." diýip, ajy ýuwdunmasy-da taryhyñ emri bilen ikä bölünen ganybir doganlarymyzyñ arasyna diñe zannyýaman alamançy han-begleriñ çöp atandygyna aýdyñ göz ýetirmek bolýar. Bir zady unutmazlyk gerek: 1277-nji ýylda Konýa giren we "Mundan beýläk diwanda, dergähde, bargähde, mejlisde we meýdanda türkmen dilinden başga dilde geplemek gadagan!" diýip, taryhda ilkinji bolup türkmen dilini belende göteren Garamanogly Mämmet beg we onuñ tabynlygyndaky türkmenlerem başlaryna gyzyl börük geýýän ekeni. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |