06:28 Gyzyñ göwni - gyzyl gül | |
GYZYŇ GÖWNI—GYZYL GÜL
Goşgular
Dolup akýan derýa—gyzyň hyýaly, Saklap başarmasaň, akar-da gider. Ýeser öwsen çagy yşkyň şemaly, Gaýygyň sal kimin ýykar-da gider. Bilip goý, gyz göwni, gyzyň hyýaly Düýbi merjene baý bir deňiz ýaly. Söýseň şek-şübhesiz, bolsaň wepaly, Lagly-göwherlerin dakar-da gider. Gyz göwnünde beýik daglaň zynaty, Haýbatyny zemin, asman synady. Köňlünde bolmasa bürgüt ganaty, Käte gyýa-gyýa bakar-da gider. Gyzyň göwni gyzyl gülüň dänesi, Gülün taryplaýar bilbil namasy. Kükregiňde bolsa bahar nagmasy, Güller gunçalanyp çykar-da gider. Gyzyň göwni—yssy günüň çoglary, Nur berer, köýdürer gyzan çaglary. Sähel başgalasaň söýgiň ýollaryn, Aýralyk oduna ýakar-da gider. Ybraýym ÝUSUP. | |
|
√ Men / Goşgular - 05.09.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Iki jahan zyndan ise, gerek maňa bossan ola... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Watanym üçin şirin jan / Goşgular - 31.10.2024 |
√ «Elip» harpy / Goşgular - 11.08.2024 |
√ "Meni meger şahyr eden..." / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Peýda ýokdur, eý, köňül, yşky-peri ruýdan saňa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ «Baglar ýanýar seň toýuňda...» / Goşgular - 14.11.2024 |