12:03 Ybraýym Ýusupdan goşgular | |
YBRAÝYM ÝUSUPDAN GOŞGULAR
Goşgular
IKINJI IŞIK Öçleşip gelipdir çöl bilen bossan, Bu ýerde gül bilen ýowşanlar ösýär. Ine, şeýle ýerde öýüm bar meniň, Hemme ýeri görmek nämäme derkar? “Ýeriň çeti" diýip gamlanma, her hal, Çagyryp mazaňy almaýyn seniň. Emma... adam germiş adama gabat, Basman diýen ýerne müň basarmyş at. Kim bilýär, nesibäň çekip, diýara Gelseň, gapym kakyp, galma azara, Ýagşy niýet bilen geldiňmi, hökman, Myhmanym, giriber gapyny kakman. Gowy, çakylyksyz myhman geleni, Bu bir deňi-taýsyz hormat tapanyň. Çagyrtman geldiňmi? Düşünýänligiň adamyň adama myhman ekenin". Mende-de özüň dek ýeterlik iş kän, Iş-ýumuşdan gaçyp nirä gideýin? Emma myhman garşylamak ýumuş däl, 01 meň üçin sungat baýramy deýin. Biz myhmanyň taýlysymy, taýsyzyn, Garşy alýas şypa tapan dek jana. Jaýlysyny gördük, Gördük jaýsyzyn, Myhmanyň erbedin görmedik, ýöne. Çakylyksyz myhman, Biminnet myhman, Gel, töre geç, gardaş, Hormatly ynsan. Sen geldiň, ýazylyp-ýaýrady geçim, Gapym açyk seniň geleniň üçin... Çäksiz meýdanlarda gök gowaçalar Körege durşuny görkezip ýa-da Baglar al yaňakly almalaryny Hödürläp görnerler müňläp şahada. Bu ýerde güneş kän, özüňe mälim, Gün nury, ýer mähri— bu goşa perde, Bize bagyşlady gülleriň alyn, Myhmanlaň gidesi gelmez bu ýerden! Myhman eşret tapsa gezip ýaýlamyz, Şonça-da ýüzümiz gülküden ýaýnar. Ak derekler asman bilen syrlaşyp, Şarkyň bilbilleri yşkynda saýrar. Zähmet zaňy bilen başlanýar säher, Ölçegiňdir gara deriň— hünäriň, Myhmanyň göwnüni ynjytmaz sähel, Hoşsulh owazlara çümen diýarym! Myhmandarlyk diýen dogaly söz dek, Biziň halkymyzyň köňlün bigüman, walla, asla awlap bilen däldirler, hiç hili hökümdar, hiç hili şa, han... Hoş, myhmanym, gitseň, bargynyň aman, düýnki myhman, bu gün — dostum, syrdaşym. Sag bol, eý, sen meniň uly hazynam, Rysgalyma rysgal gatan gardaşym! Şu çöl bilen bossan aralygyndan Sag ýörsek, taparsyň bizi her daýym. Suwum-da, gyrym-da özüme derman, “Meni unutma!” diýp sargap durmaýyn. Bir ýanym suw, bir ýanym çöl bolmasa, Jennet gurup, “Al!” diýip gör, aljak däl. Gül hem ýowşan ysy kükäp gelmese, Onda men, o ýerde garagalpak däl! OKA AJYNYÝAZYŇ ŞYGYRLARYNDAN Oka, Ajynyýazyň şygyrlaryndan, Heserlensin yşka ýanyp-bişenler. Eňresin ilinden jyda düşenler, Oka, Ajynyýazyň şygyrlaryndan. Sazyn şemal ýatlar, sözlerin halky, Bir şahyr äleme bagş etdi dessan. Dolan Aýa bakyp, diledi bagty, Şol bagty hemmeler kalbynda beslän. Gazal - derýa-derýa nur bolup aksyn, aşyk magşugyny ýitirsin, tapsyn, Oka, Ajynyýazyň şygyrlaryndan. Ýaňlat, “Bozatawy” namaňa salyp, Seniň muşdaklaryň göwni hoş bolsun. Garagalpagyň köne derdi gozgalyp, Şu gününe ýüreginde joş bolsun! Şahyr gezen sähra, gör, allanäme, Gözden gaýyp gitdi köne zamana. Bir ylham perisin guçdum, hamana, Oka, Ajynyýazyň şygyrlaryndan. Men ony diňlesem, ersip kükregim, Bilbil bolup gelýär güle gonasym. Men ony diňlesem dogan topragym, Jennet bolar, bolmaz ondan ganasym. Ýerde görjek diýseň ýyldyz jemalyn, Çözjek diýseň şahyrlygyň sowalyn, Ölsem, seň direltmek bolsa hyýalyň, Oka, Ajynyýazyň şygyrlaryndan! *** Zamanyň bar ýaýnap döwran sürere, Suw men diýseň, daşgyn bolup akyp öt! Ýel men diýseň, taglym öwredip ýele, Ot men diýseň, ýürekleri ýakyp öt! Gül men diýseň, görenlere göz etgin, Söz men diýseň, düre meňzeş söz etgin, Nesilleriň adyň tutsa, dyz epgil, Sarpasyn tar eýläp, kalba dakyp öt! Çap çapaňda, Gyrat kibi, ýel kibi, Uçsaň, bolsun şuňkar guşuň galkymy. Jigeriňden söý söýeňde halkyňy, Irde-giçde il bähbidin bakyp öt! Ömür gymmat, isrip etme wagtyňy, Kynçylykdan gaňryp al sen bagtyňy. Boş geçirmän erkin, ýaşlyk çagtyňy, Daglar aşýan çakmak bolup çakyp öt! Ýalan sözler ýaraşyk däl dessana, Ýaşlyk döwri meňzeş ajap bossana, Bir gezek jan berlen ömür dessäňe Imrindirip, dünýäň ünsün çekip öt! ABBAZ BILEN HOŞLAŞYK Dünýeden bir geçen adam, Gaýta gaýdyp gelmejekden. Ýagşy bolup geçse biri, Ony dirä deňlejek men. Aýdan sözi—ýürek ýagy, Nakyl bolup saçar many. Adam adamy diri çagy Munça ýagşy bilmejekden. Galdyrdyň köp dana sözi, Ýüreklerde goýduň yzy. Öldi diýen kimdir sizi?! Gowy şahyr ölmejekden. GYZYŇ GÖWNI— GYZYL GÜL Dolup akýan derýa— gyzyň hyýaly, Saklap başarmasaň, akar-da gider. Ýeser öwsen çagy yşkyň şemaly, Gaýygyň sal kimin ýykar-da gider. Bilip goý, gyz göwni, gyzyň hyýaly Düýbi merjene baý bir deňiz ýaly. Söýseň şek-şübhesiz, bolsaň wepaly, Lagly-göwherlerin dakar-da gider. Gyz göwnünde beýik daglaň zynaty, Haýbatyny zemin, asman synady. Köňlünde bolmasa bürgüt ganaty, Käte gyýa-gyýa bakar-da gider. Gyzyň göwni gyzyl gülüň dänesi, Gülün taryplaýar bilbil namasy. Kükregiňde bolsa bahar nagmasy, Güller gunçalanyp çykar-da gider. Gyzyň göwni—yssy günüň çoglary, Nur berer, köýdürer gyzan çaglary. Sähel başgalasaň söýgiň ýollaryn, Aýralyk oduna ýakar-da gider. ENAR GÜLLEDI Gel, söýgülim, seýl edeli bu bagy, Bu bagtyň bagynda enar gülledi. Özge daragtlaryň gül döküp bary, Miwelän çagynda enar gülledi. Serwi bolsaň, men bilbiliň, gonaýyn, Teşnedirin, lebleriňden ganaýyn, Bag-bakjanyň ter gülüne döneýin, Baglaň gujagynda enar gülledi. Sen erik güllände gelmediň, ýarym, Alma gülün bersem, almadyň, ýarym, Başga daragt güli bolmadyň, ýarym, Gör, niçik çog onda— enar gülledi. Her kese tapdyrmaz enar gülşeni, Ýaşlyk döwranymyz yşkyň röwşeni, Ýaz ötse, güýz ger diýp örteme meni, Ýazyň dodagynda enar gülledi. YBRAÝYM ÝUSUP Garagalpagystanyň we Özbegistanyň halk şahyry Garagalpagystanyň Berdak adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Ybraýym Ýusubow 1929-njy ýylda Çimbaý tümeniniň Çimbaý obasynda dogulýar. Mugallym, «Sowet Garagalpagystany» gazetiniň, «Amudärýa» žurnalynyň redaktory, Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Garagalpagystan bölüminiň taryh, dil we edebiýat institutynda ylmy işgär, bölüm müdiri, Garagalpagystanyň ýazyjylar birleşiginiň başlygy wezipelerinde işledi. Ol ençeme şahyrana eserleriň, şol sanda «Mugallym», «Aktrisanyň ykbaly», «Sähra arzuwlary», «Tumaris», «Halyçy aýal hakynda hakykat» poemalarynyň, «Ömürbek lakgy» dramasynyň ýazarydyr. Onuň kitaplary rus, özbek, türkmen, gazak dillerinde neşir edildi. Ol Türkmenistanda telim gezek döredijilik saparynda bolup, türkmen durmuşyna degişli bir topar şygyrlar döretdi. Ybraýym Ýusubow 2007-nji ýylda aradan çykdy. Garagalpak dilinden terjime eden: Ahmet MÄMMEDOW. | |
|
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Ol ki maňa ýary dilnowaz, göründi... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Belki, gelersiň / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Ilim ajap / Goşgular - 31.05.2024 |
√ Yşk goşgusy / Goşgular - 28.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |