10:19 Halid Meşala açyk hat | |
HALID MEŞALA AÇYK HAT
Publisistika
Iñ uly howp we zyýan jygba-jygly pursatlarda meseleleri hakyky manysyndan ýoýmakdyr. "Hamasyñ" syýasy liderlerinden Halid Meşal / Fotosurat: AA Hormatly Halid Meşal, Size Ebul Welid diýip ýüzlenesim gelýär. "Al Arabiya" habarlar gullugyna beren interwýuñyzda birnäçe meseläniñ üstünde durup geçdiñiz. Bularyñ käbirleri syýasy, taryhy, dini meselelerdi. Agzaýan zatlaryñyz hiç babatda biri-birine baglanyşmaýan we tutaryklary bolmadyk, hasam beteri dilden-dile geçip gelen gep-gürrüñlerden ybaratdy. Hemmeler tarapyndan gowy bilinýändigi üçin syýasy gürrüñleriñiziñ üstünde durup geçjek däl. Ebul Welid, men Kurany-Kerime we Resulallanyñ (s.a.w) sözlerine salgylanyp eden dini gürrüñiñiziñ üstünde durup geçjek. Men wagyzçy ýa şeýh däl. Gaýtam tersine, çagalarymyñ dinden çykmasyndan öler ýaly gorkýan we seniñ aýdanlaryñ çyndygyna ynanyp, seni diñlemelerinden endişelenýän ýönekeý bir kaka. Şu setirleri siziñ ýalñyşdyryjy we meçew beriji sözleriñize tapgyrma-tapgyr şaýat bolandygym üçin ýazýaryn. Tejribelerimiz bize bu aldawajyñ aldawyñyza düşýän ýaşlary terrorizmiñ we radikalizmiñ gujagyna iterýändigini görkezdi. Şol bir wagtyñ özünde şowsuz uruşlaryñ ody üçin odun bolmak ugrunda gürrüñ edýäniñiz Owganystandan ýoýup palestin dawasyna itýändigini görkezdi. Ebul Welid Hezreti Pygamberiñ (s.a.w) Ahzab söweşinde teşäni öz eli bilen urandygyny aýdýarsyñ. Emma Resulallanyñ (s.a.w) jeñ meýdanynda daş-töweregini sahabalar gurşap durka-da, eli teşeli işländigini ýatdan çykarýarsyñ. Onuñ seniñ ýaly başga ýurtda, Dohada oturan ýerinden gürlemändigini-de ýatdan çykarýarsyñ. Ymmatdan ot bilen oýun etmegi we araçäge ýöremegi talap edýärsiñ. Eýse siziñ özüñiz alysdadygyñyza garamazdan ol ýerde goragsyz galanlara bir owurt suw bermek üçinem bolsa, nämüçin Gazanyñ çäklerine gireñzok? Gidiberiñ. Eger müsürli ygtyýarlylar size päsgel berse, ol ýere gidişiñize päsgel berilmegini ýazgarýan makala ýazjagyma söz berýärin. Aýata salgylanyp, "Haj" süresiniñ 22-39-njy aýatyny okaýarsyñ: "Hüjüme uçranlara zuluma ugrandyklary üçin uruşmaga idin berildi". Bu aýat Resulalla (s.a.w) 13 ýyl Mekgede bolandan soñ, Medinede indi. Bu aýat uruşa çagyranok. Emma Resulalla (s.a.) muny Medinede ensarlaryñ arasynda bolup, adam güýjüni toplandan we güýç-kuwwat gazanandan soñ etdi. Resulalla musulmanlary weýrançylyga uçratmady. Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) hijretden öñ Mekgede musulmanlara zeper ýetirenleri öldürmek üçin rugsat soralanda, onuñ bu talaby ret edendigini hemmämiz bilýäris. Şundan soñ Beýik Allatagalanyñ şu buýrugynyñ inendigini bildik: "Şulam açyk-aýdyñ bellidir ki, Alla hiç bir haýyny, hiç bir gadyrbilmezi halamaýar" ("Haj" süresi, 22/38). Ýasiriñ maşgalasyny gynanlarynda we Ammar ibn Ýasiriñ maşgalasynyñ öldürilmegine şaýat bolanda-da Resulalla (s.a.w) ar aljak bolup durmady. Gaýtam tersine, bähbitleri göz öñüne tutup, olaryñ ganyny bagyşlady. Beýik lider hökmünde şeýtdi we şeýle diýdi: "Sabyr ediñ, eý Ýasir maşgalasy! Siziñ bahañyz jennetdir!". Hem siz Ebul Welid, ysraýyllylara garşy agressiw formada uruşmadyñyz-a. Gaýtam tersine, palestinalylaryñ özüni öldürdiñiz. Çünki, Gaza saýlawlaryndan soñ eden birinji işiñiz "El-Fetihiñ" agzalaryny we beýlekileri jaýlaryñ balkonlaryndan aşaklygyna zyñmak boldy. Bu aýdýanlarym anyk faktlar esasynda resmileşdirilip goýlan maglumatlardyr. Ine, Ebul Welid, ýagdaýlar-a şeýle. Iñ uly howp we zyýan jygba-jygly pursatlarda meseleleri hakyky manysyndan ýoýmakdyr. Hususanam, dogry-dürs adamlaryñ size ýa-da "Hamasa" däl-de, Gazadaky bigünä adamlara duýgudaşlyk etmegi bilen emele gelen sferany öz peýdañyza ulanjak bolmagyñyz iñ uly zyýan we howpdyr. Iñ uly howp - populistik çykyşlar bilen "El-Kaidäniñ" we Usame bin Ladiniñ edişi ýaly musulmanlaryñ we yslamyñ at-abraýyna, ygtybaryna zyýan ýetirmekdir. Iñ uly howp - bähbitler babatda ýalñyş ugra gönükdirmek üçin Gurhana we Hezreti Pygamberimize (s.a.w) salgylanmakdyr. Men garry adam däl. Gaýtam çagalary üçin aladalanýan ata. Men çagalaryna Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) hatda uruşmak üçinem belli-başly şertleri kesgitländigini we uruş hukugyny ýola goýandygyny öwredýän kaka. Şol sebäpli, Ebul Welide berjek maslahatym, başdan geçirmeleriñe isleýşiñ ýaly ýapyş, emma Gurhany, dini, pygamberi öz bähbitleriñe perde tutunjak bolma. Sag-salamat bol... Taryk ALHOMAÝED, Saud Arabystanly žurnalist. Duşenbe, 23.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |