14:28 Hatara düzülip durmak | |
HATARA DÜZÜLIP DURMAK
Publisistika
Gan döküşligiñ öñüni alan, durnuklylygy we ösüşi goldan we goñşusynyñ komponentlerini goran hakyky ýeñijidir. Hytaýyñ arada durmagynda Saud Arabystany-Eýran gatnaşyklarynyñ täzeden ýola goýulmagynyñ yzyndan sebitde we töwerekde üýtgeşik janlanma peýda boldy. Bu janlanma demiri demire urup ses çykaran ýaly görnüş berýär. Hawa, "maliýeleşdirini" sägindirjek, ulanyjylary hereketsiz ýagdaýa getirjek we belli bir wagta çenli öñki argumentler ýerasty dälizlere ýerleşdiriljek. Sebitimizdäki we Günbatardaky "hatarlary" Ýemende Saud Arabystany hakda ýalñyşdyryjy "hekget" okamaklaryna iterenem şu boldy. Abdyrahman Raşid "Saudlar Sanada" makalasynda bularyñ gürrüñini etdi we "Urşuñ bes edilmegi kimiñ ýeñendigi we kimiñ ýeñilendigi hakdaky samsyklaç çekişmäniñ öñüni alyp bilmez" diýdi. Bu türkanalygy öñ "Musulman doganlar" guramasy we çepçi pikirliler edipdi. Aýratynam Günbatar ýurtlary bilen birlikde dürli ýurtlaram şeýdipdi. Munuñ özi täzelik däl, sebit we syýasat ýaly gadymy. Şonuñ üçin wakalaryñ we seneleriñ arasyndaky aýdylman galan gürrüñleriñ üstünde durup geçsem gowy bolar. Ýemendäki gepleşikleriñ netijesi nähili bolup gutaranda-da, Saud Arabystany basybalyjy tarap däl. ABŞ-lylaryñ Owganystandan çykyşlary ýaly gury ýerden çykjak goşun bölümleri-de ýok. Tersine, tagallalar şowuna bolsa, Saud Arabystany Ýemendäki ähli komponentleri ýuwtmazlygy başardygy bolar. Saud Arabystanynyñ üstünligi araçäklerine milisiýa otrýadlaryny ýerleşdirmezden zarbalara we hüjümlere döş germeginde ýatyr. Taryh saudlaryñ Ýemeni bölmäge däl-de, birleşdirmäge we komponentlerini çetleşdirmezlige synanyşandygyny hormat bilen ýatlar. Saudlaryñ atyşygy uzak wagtlaýyn bes etmek hakdaky kararynyñ yzyndan şu gün Riýad umuman dowam edýän urşy bes etdi. Yza ser salar bolsak, bu hereket hytaý aradurarlygynyñ Eýranyñ Saud Arabystanyny dialoga we gatnaşyklaryñ täzeden ýola goýulmagyna çagyran hasaplamagy birtopar kyn beýanatynyñ yzyndan ABŞ-nyñ Eýran boýunça ýörite wekili Malleýiñ Eýran bilen araçylar arkaly-da bolsa gepleşik geçirmäge synanyşýan döwründe bolup geçdi. Ýagny, ol bir otagda, eýranly wekil başga bir otagda otyr, aralarynda bolsa gepgatnadyjy (kurýer) bar! Eýranyñ öñki prezidenti Hasan Ruhanynyñ Riýad bilen gatnaşyklaryñ täzeden ýola goýulmagyndan soñky eden çykyşynyñ üstünde pikirlenmek ýeterlik: "Eýran bilen käbir goñşularynyñ arasyndaky gatnaşyklaryñ gowulanmagyna ýol bermejek bolýanlary Alla hem bagyşlamaz". Ruhany "Hatarlar diplomatik wekilhanalara hüjüm edip, samsyklaç hereketler etdiler. Bular bolmadyk bolsa häzir hasam gowy ýagdaýda bolardyk" diýip, sözüniñ üstüni ýetirdi. Bütin bu zatlardan soñam käbir saud eglişiklerinden söz açýar! Hakykatda, Saud Arabystanynyñ eden zady öz pozisiýasynyñ we kararynyñ garaşsyzlygydyr. Riýad pragmatiki we rasional hereket edýändiginden Ferid Zekeriýa, Dawid Ignatius we beýlekiler bilen bir hatarda ABŞ-ly žurnalistleriñ ýurtlarynyñ daşarky syýasatyny tankyt edýändiklerini gördük. Öñem aýdyşym ýaly Saud Arabystany bökdençliklere üns bermegiñ ýerine ösüş strategiýasyna hyzmat edýär. Hatarlaryñ aýdanlaryna gezek gelende bolsa, bärde täzelik ýok. "Batyrlaryñ ýaraşygy Enwer Sedatyñ (Alla rehmet etsin!) Sinaýy gaýdyp almagy, Kuweýti azat etmek ugrundaky urşy we "Arap bahary" wagtynda bolup geçenleri gaýtalaýar. Birnäçe aý öñ bolup geçen Kristian Ronaldo transferiniñ yzysüre "Hizbullah" lideri Hasan Nasrallah çykyp, Ronaldo we onuñ üçin edilen gutlaglar hakda çykyş etdi! Gan döküşligiñ öñüni alan, durnuklylygy we ösüşi goldan we goñşusynyñ komponentlerini goran hakyky ýeñijidir. Saud Arabystanynyñ edeni-de şundan başga zat däldi we "ýüñi ýetenleriñ" roly şeýle bolýar. Hatarlaryñ "aýdanlaryndan" has möhümi ýemen hekaýatynyñ ýaraşyk şertnamasyna gol çekileni bilen gutarmajagy, tersine hut şol ýerden başlajagydyr. Saudlar urşuñ ýarsynyñ mediýadygyny bek ýatda saklamaly. Taryk ALHOMAÝED, Saud Arabystanly žurnalist, "Şarku'l Avsat" gazetiniñ öñki baş redaktory. Penşenbe 13.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |