23:38 Dünýä stoly | |
DÜNÝÄ STOLY
Publisistika
Hawa, dünýä özgerýär, özem urşuñ bosagasynda durka howatyrlandyryjy şekilde özgerýär Russiýanyñ we Fransiýanyñ prezidentleriniñ alty metr uzynlykdaky stolda oturyp geçiren gepleşiginden alnan suratda haýsydyr bir ýañsy alamatyny göremok. Gaýtam, meñ pikirimçe bu görnüş howatyrlandyryjy bir zadyñ we halkara jemgyýetçiligiñ ýagdaýynyñ hakyky bolşuny görkezýär. Bu surat bize indi tradision diplomatiýa ýa-da "ulularyñ oýny" diýip boljak zat bilen ýüzbe-ýüz däldigimizi görkezýär. Putin bilen Makronyñ aç-açan biri-birinden uzak görnüşde süýnmek stolyñ hersi bir ujunda oturmaklarynyñ sebäplerini bize mälim dogry, emma meselesi başga görnüşde teswirläp bolar. Jikme-jikliklere girmezden öñ şuny nygtamak isleýärin, Fransiýanyñ Prezidentiniñ saglyk ýagdaýyndan habarly çeşme "Reuters" habarlar agentligine beren habarynda: "Makronyñ öñünde iki ýol bardy: Ýa Putine golaýlaşmagyna rugsat berilmegi üçin ruslar tarapyndan geçiriljek PCR testini kabul etmek ýa-da ret etmek" diýdi. Elbetde, munuñ ret edilmegi "aşa berek howpsuz aralyk düzgünlerini berjaý etmegiñ gerekdigini" añladýardy. Iki çeşmeden biri: "Muny ret etmegiñ elleşmegi ýa-da şogadar uzynlykdaky stolyñ orta goýulmagynyñ gerekdigini örän gowy bilýärdik. Emma prezidentiñ DNA-syny olaryñ eline bermegi makul bilmedik" diýdi. Eýse, bu Ýewropany eger turaýsa dünýäniñ şekilini üýtgedip biljek uruşdan halas etmek boýunça gepleşik geçiren iki lideriñ duşuşygynyñ hakyky pursatlary! Urşuñ öñüni almak üçin gepleşik geçirmäge Moskwa giden, emma DNA-sy üçin gaýgylanan fransuz prezidentini, ine, şeýle garşylandy! Ýewropa Russiýadan ýewropa ýurtlaryna akýan gazyñ agsamagyndan howatyrlanýar. Ruslara sanksiýa goýmak we olary araçäkde Demirgazyk Atlantika şertnamasy guramasynyñ (NATO) raketalary bilen gabamak islänem Ýewropa! Häzirki wagtyñ dünýäsiniñ sýurrealist kartinasy şular ýaly! ABŞ-nyñ öñki prezidenti Barak Obamanyñ prezident bolan wagtyndan şu günümize çenli görýän hemme zadymyz sosial mediýanyñ we töweregimizdäki dünýäniñ syýasatda şekillenmegidir. Munda ne çynlakaýlyk bar, ne-de agraslyk... Hemme zat, hatda syýasatyñ özi-de hakykatdan we çuñlukdan binesip ýagdaýa geldi. Şu ýerde kiçijik bir sorag öñe çykýar: Iñ soñky gezek haçan ýewropaly ýa-da ABŞ-ly liderlerden düýpli syýasy beýannama geldi we metbugatyñ muny state edip berendigini gördük? Iñ soñky görenimiz - Russiýanyñ daşary işler ministri Sergeý Lawrowyñ Angliýanyñ daşary işler ministri Liz Truss bilen ukrain konflikti boýunça Moskwada geçiren gepleşigini "lal bilen keriñ gürleşmesine" meñzetmegi boldy. Mundan başga ne çynlakaý diplomatik işleri, ne-de çynlakaý dialoglary görüp bildik. Dünýä häzir hakykatdanam "lal bilen keriñ gürleşýän" ýagdaýynda. Hemmeler Twitter hasabyndan bir zatlary paýlaşýar, emma hiç kim dialoga girenok. Halkara syýasatçylaryñ özüni alyp barşy kesek atyşmalaryñ, ýañkalaşmalaryñ, bolgusyzlyklaryñ, hatda hapa-paýyş sögünmeleriñ gaýmalaşýan Twitter setindäki ulanyjylaryñ bolşuna meñzäp barýar. Prezident Baýdeniñ bir ýyl öñ rus kärdeşi Putine "ganhor" diýip, indem Putiniñ özi bilen hyzmatdaşlyk etmegi üçin iññe bilen guýy gazýandygyny ýatlatmak hem muña ýeterlik mysal bolsa gerek! Bu gün liderleriñ duşuşyklarynyñ yzyndan geçirilen habar beriş serişdeleriniñ ýygnanşyklary taryha siñip gitdi we sözler öz ýerini fotosuratlara goýdy. Halkara mesele diñe Instagramdaky fotosurat boldy. Geñ galdyryjy zat bolsa, munuñ çynlakaý meseleler, ýagny uruşlar babatda şeýdilmegi. Meniñ pikirimçe bu ýeñleslik diñe Barak Obamanyñ orta çykmagy bilen däl, gizlin WikiLeaks maglumatlarynyñ paş edilmegi dawasyndan soñ başlady. Dünýä bu maglumatlaryñ orta çykmagy bilen amerikan hökümetleriniñ "suwlydygyny", ýaranlaryna we garşydaşlaryna hormat goýmaýandygyny, hatda meselelere-de çynlakaý garamaýandygyny gördi. Hawa, dünýä özgerýär, özem urşuñ bosagasynda durka howatyrlandyryjy şekilde özgerýär. Taryk ALHOMAÝED, Saud Arabystanly žurnalist. "Şarku'l Avsat" gazeti, 14.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |