08:35 Onlarça ýyllyk zyýan | |
ONLARÇA ÝYLLYK ZYÝAN
Publisistika
Bir hepdäniñ içinde bolup geçen wakalar sebitimiziñ azyndan elli ýylyny janymyzy we malymyzy elimizden alan galp şygarlar astynda ýurtlaryñ we halklaryñ dokuma gurluşlaryny ýok eden zyýanlardyr görnetin ýalanlar bilen geçirendigini tassyklady. Wakalar şeýle: birinji bolup 2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabrynda bolup geçen teraktlaryñ beýnisi Halid Şeýh Muhammet bilen boýun alma ylalaşygy baglaşyldy, yzysüre ABŞ-nhñ Goranmak ministri bu ylalaşygy baglaşmakdan ýüz öwürdi. Bu terrorçy Halid Şeýh Muhammet häzir ölümden sypmak isleýär. Terrorçy Halid Şeýh Muhammet terrorçybaşy Usame bin Ladiniñ we Eýmen el-Zewahiriniñ kömegi we goldawy bilen ýaşlary oda atdy. Sözde jihat bahanasy bilen ýaşlar sebite ww yslamyñ at-abraýyna düýpli zyýan ýetiren terror urşunyñ odunda odun deregne ulanyldylar. Indem ölüm sagady golaýlap geldi welin, terrorçy Halid Şeýh Muhammet aldawa salan, howpa iteren ýaşlaryny höweslendirişi we öñe sürşi ýaly "mojahet" bolup ölmegiñ ýerine, günäsini boýun alyp, ömürlik tussaglygy almak arkaly ölümden gaçmak isledi. Terrorçy Halid Şeýh Muhammet we beýleki terrorcylar "11-nji sentýabr" teraktlaryny meýilleşdirdiler we maksatnamalaryny "şehitlik mertebesi we jihat" maksatnamasy hökmünde wagyz etdiler. Emma özi "duşmanyñ" elinde ölme mümkinçiligini tapan badyna amerikan sudy bilen hyzmatdaşlyk etmäge ölüm jezasyndan gaçmak üçin günäsini boýun alanyny gowy gördi. Bärdäki sorag şu: eýse "El-Kaidäniñ" aldawa salan we ýellendiren günäkärleri näme? Bu ýaşlara has has uzak ýyllar ýaşamaga mümkinçilik berilse, uçar ogurlap, Nýu-Ýorkdaky Bütindünýä Söwda merkezini partlatmaga milt ederlermidi? Öz janyna kast edermidiler? Aýratynam bärden almaly sapak we ýatlatma şudyr: fetwa berýänler, meýilnamalaşdyryjylar, meçew berijiler we kanunylaşdyryjylar bombalary partladýanlardan müñ esse beter howpludyr. Emma gynansak-da, zyýan ýetirildi we häzirem käbirleri pozitiw bolandygymyz üçin bize garşy meçew bermelere gatnaşýan terrorçy Halid Şeýh Muhammet ölümden sypjak bolýar. Onlarça ýyllap dowam eden ýene bir zyýan bolsa, Gaza urşunyñ yzyndan sebitimizde bolup geçen çaknyşyklar şaýat bolan zatlarymyzdyr. Bularyñ barsy Netanýahunyñ Ysraýylynyñam parahatçylykly döwlet däldigini, Eýranyñam söweşjeñ döwlet däldigini, "Hizbullahyñam" gaýtawul bermäge ukyply derekli topar däldigini subut etdi. Heniýäniñ Tähranda öldürilmegi bize Netanýahunyñ ýaraşygyñ adamy däldigini, Ysraýylyñam göni parahatçylygy ýola goýmaga güýjüniñ ýetmeýändigini görkezýär. Olar üçin öldürmek ýaraşyk şertnamasyny baglaşmakdan has añsat, jenaýaty meýilleşdirmegem ýaraşyk gepleşiklerini geçirmekden has añsat. Eýran barada aýdanda bolsa, uruşma-uruşmazlyk deñleşmesini üýtgetmäge milt edip bilmeýändigi, esasy oñarýan zadynyñ Ysraýyl bilen garşyma-garşy gelmek däl-de, sabotaž etmekdigi we sebitiñ howpsuzlygyny durnuksyzlaşdyrmakdygy belli. Onuñ Ysraýyl bilen dikleşäýen ýagdaýynda-da, güýç deñleşmelerinde ýa-da serpikdiriji deñleşmelerde hiç zadyñ üýtgemejegi subut edildi. Edil şolar ýaly ýagdaý Liwany eýeläp we husilere meçew berip biljekdigi, emma Gazäni goramajakdygyny ýa-da 300-e ýakyn agzasyny we öñdebaryjy adamlaryny öldüren Ysraýylyñ merkini berip bilmejekdigi subut edilen "Hizbullah" üçinem şeýle. Hasan Nasralla Ysraýylyñ "Hizbullahyñ" berip bilnäýjek jogaba garaşmagynyñ "jogabyñ we jezanyñ bir parçasydygyny, çünki uruşyñ psihologiki, moral we harby taraplarynyñ bardygyny" aýdýar. Mundan beter aldawa salyjy zat bolup bilermi? Birmeñzeş ýagdaý 7-nji oktýabrdaky hüjümi getirjek netijelerini oýlanyp-ölçermezden guran "Hamas" üçinem şeýle. Sebitimiz uly-uly ýalanlar we manysyz şygarlar zerarly onlarça ýylyny yrýa etdi. Mundan sapak almaly, galp şygarlara we ýalanlara goldanmaýan ýagty geljegimizi gurmak üçin gaýrata galmaly. Taryk ALHOMAÝED, Saud Arabystanly žurnalist, "Şarkul-Awsat" gazetiniñ öñki baş redaktory. Çarşenbe, 07.08.2024 ý. | |
|