15:30 "Wagner": Nahar we aşpez | |
"WAGNER": NAHAR we AŞPEZ
Publisistika
Rus hakynatutma "Wagner" harby toparynyñ başlygy Ýewgeniý Prigožin ýakyn kömekçileri bilen bile uçar heläkçiliginde uçrap öldi. Yzda bolsa Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin galdy. Munuñ özi bolaýmaly zat. Nahar ýananam bolsa, hakyky aşpez Putin rus oýnunyñ düzgünlerine laýyklykda syýasy nahar bişirmek boýunça ussatdygy üçin häzirem sag-salamat. Prigožiniñ naharlary akylsyzlyk bilen rus ruletini oýnanda ýanýardy. Prigožin Putine garşy çykyp Moskwa tarap gaýdanda, Belarusyñ döwlet ýolbaşçysy Aleksandr Lukaşenko tarapyndan karýerasyna abanýan potensial howp-hatarlar babatda duýduryldy. Emma ol "Maña parhy ýok, men barybir ölerin" diýip jogap berdi. Elbetde, Russiýanyñ döwlet ýolbaşysy Putin ýüregi bolmandygy üçin däl-de, beýnisi bardygy üçin Russiýanyñ hakyky şefi boldy. Garşydaşlary oña ýa-da onuñ hökümetiniñ tebigatyna nähili baha berende-de, ol SSSR-den soñ Russiýany diñe oýnuñ düzgünlerine görä dolandyryp boljakdygyna düşündi. Prigožin Barak Obamadan we Donald Trampdan soñ CNN ekranynyñ illýuziýasynyñ üstünden syýasaty yzarlaýan sada hyýalbent ýaly oýnuñ düzgünlerini ýatdan çykardy, Putin bolsa häkimiýete barýan ýolda hiç hili dostunyñ ýokdugyny bilýärdi. Putiniñ "çylşyrymly ýollary geçen adam" hökmünde baha beren Prigožini gözsüz batyrdy we nadandy. Her bir nadan gözsüz batyr bolýar. Ot açyp ýyldyrym çaltlygynda ylgandygy, Putinden ötünç sorandygy we Belarusyñ aradagezerligini kabul edendigi üçin Prigožin hem gözsüz batyr, hem nadan adamdy. Ol nadanlygy üçinem şirin janyndan el üzmeli boldy. Sözümiñ şu ýerinde şeýle sözi ýatlap geçesim gelýär: "Ar almak - sowadylyp iýilýän nahardyr". Aslynda Putiniñ ölümi soña goýlupdy. Ilki uçara münmek üçin oña ýüp uzadyldy we yzyndan asmanyñ ýüzünde "ýüpi çekildi". Eger Makiawelli aramyzda ýaşap ýören bolsa, Prigožiniñ edenlerine hezil edip gülerdi we muny kitabyñ soñky sahypasynyñ bir gyrasyna-da goýmazdy, gaýtam muña syýasy henek hökmünde garardy. Eýse bu zatlardan aljak sapagymyz näme? Putin üstün çykdymy? Elbetde, ýok. Çünki içki tutluşyk bardy, ýagny ol hötdesinden gelip bolmajak konflikti başdan geçirdi. Bu hadysalardan alynjak sapak şu: Diñe lepbeý diýip öñünde baş egeniñizde Putiniñ dosty bolup bilersiñiz. Ol içerde-de, daşarda-da güýçli. "Wagneri" goldaýanlar Putiniñ duşmanydyr. Putiniñ tarapdarlary syýasatda ot açanyñ söweşde ýeñlendigini duýup durlar. Güýçliler syýasatda "ok" ulanmaýar, gaýtam "hile" ulanýar. Ukraina urşunda we "Wagneriñ" başlygy bilen arasynda bolup geçen döwürde Putiniñ hileleri ýol aldy. Çünki kim militanlaryñ jynyny çüýşeden çykarsa, gaýdyp ony çüýşä salyp bilmeýär. Eger militanlaryñ liderleri dargadylan bolsa, onda döwlet başga zatdyr. Prigožin öldürildi we onuñ Moskwadaky at-abraýy gaçdy. Syýasatda at-abraý bir gezek gaçýar, ikinji gezek gaçmaýar. Her hadysanyñ bir netijesi bolýar we her günümiz sýurpizler bilen doly. Russiýada sýurpiz ýok, olarda has köp soñlamalar we başlangyçlar bolýar we bularyñ barsy ruletka oýnundan ybarat. Rus ruletkasynda sapança ýeke ok ýerleşdirilýär we okuñ ýeri belli bolmajak şekilde magazini pyrlanýar. Oýunçylar gezekli-gezegine sapançany çekgesine direýärler we mäşäni gysmak bilen nesibelerini synap görýärler. Ok bu gezek Prigožiniñ we onuñ adamlarynyñ uçaryna degdi, emma hyýanat dowam edip dur. Taryk ALHOMAÝED, Saud Arabystanly žurnalist, "Şarku'l Avsat" gazetiniñ öñki baş redaktory. Duşenbe, 28.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||