09:33 Aýatolla Hamaneýe kim jogap bererkä? | |
AÝATOLLA HAMANEÝE KIM JOGAP BERERKÄ?
Publisistika
Daşaryk giñelmekde we aýratynam ABŞ-nyñ Yragy okkupirlemeginden bäri režim üçin wagt ýöränok diýen ýaly. Ne yza ädim ädip, ne öñe gidip, ne-de üýtgeşmeler bilen bile ýaşap bilýär. Eýranda protest demonstrasiýalary dowam edip durka, Eýranyñ dini lideri Ali Hamaneý "rewolýusiýany eksport etme" strategiýasy bilen öwünip, Yrakda, Siriýada, Liwanda "rewolýusiýanyñ ýaýylandygyny" we "ABŞ-nyñ şu üç ýurtda ýeñilendigini" aýtdy. Ol aýratynam, "Eýranyñ sebitdäki strategik giñelmesini we çuñlugyny" soñlandyrmak maksady bilen Yragy, Siriýany, Liwany, Liwiýany, Sudany, Somalini çökertjek bolýan "amerikan pirimini" göz öñüne tutdy. Bu beýanatda üstünde durulmaly käbir zatlar bar... Hamaneýiñ ýegeni Farida Muradhani eýranlylary "daýysynyñ" sözlerine jogap berme aladasyndan dyndaryp, bir wideoýazgy paýlaşdy. Gürrüñi edilýän wideoçykyşda Farida daýysynyñ baştutanlygyndaky ygtyýarlylary "ýaşlary öldürmekden çekinmeýän gandar režim" hökmünde aýyplady we daşary ýurt hökümetlerini Tähran bilen ähli gatnaşyklaryny kesmäge çagyrdy. Elbetde, Muradhaniden öñem Eýranyñ dürli ýerlerinden aýatollanyñ sözlerine protest jogaplary berildi. Bu protestler molla režiminiñ kellesini çaşyrdy we ony gapma-garşylykly ýagdaýa düşürdi. Farida Muradhani Režimiñ elinde indi hut aýatollanyñ öz agzy bilen aýdyşy ýaly sebitiñ hemme ýerini heläkçilige salan daşary giñelmeden başga öwüner ýaly zady galmady. Emma bärde şeýle sorag bar: Yrakda, Liwanda, Siriýada, Sudanda we hatda Liwiýada Hamaneýiñ Eýranyñ Liwiýadaky rolundan söz açan pursatlaryndan birine - Hamaneýe resmi taýdan kim jogap bererkä? Edil häzir halkara arenasynda bu barada berlen beýanat barmy? Eýranyñ Liwiýada goldaýan toparlary kimler? Hamaneýiñ içine syzmak we rewolýusiýany eksport etmek bilen öwünýän arap ýurtlary hakda aýdanda bolsa, bu ýurtdaky haýsy ygtyýarly orta çykyp, aýatollanyñ beýanatyna ýumruk çenäp, ýurdunyñ azat bolmalydygyny we eýran giñelmesine, bagyşlañ, has dogrusy, basybalyjylygyna garşydygyny aýdarka? Hamaneýiñ beýanatynda Ýemenden söz açylmazlygy ünsi çekiji. Munuñ iki dürli sebäbi holup biler: Ilkinji nobatda Hamaneý režiminiñ goldaýan husi terrorçylygynyñ netijelerini boýnuna alasy gelmeýär. Şol sanda halkara seslenmelerinden gaça durup, günbatarly çepçi mediýa bilen bir heñde Ýemen konfliktini diñe saudlaryñ öz meselesi ýaly etmäge çytraşýan bolmagy ahmal. Ikinjisi bolsa, Hamaneý režimi Yrakda edişi ýaly goñşulyk hak-hukuklaryny ýa-da halkara kada-kanunlary äsgermeýşi ýaly haýsydyr bir ylalaşykda dogry hereket etmese-de, Saud Arabystany bilen täzeden ylalaşyklar tapgyry mümkinçiligine açylan gapyny açyk goýmak isläbem biler. Hamaneýiñ soñky çykyşynda ABŞ bilen ylalaşyga geljek bolmagyñ bihudadygyny we mundan netije gazanyp bolmajagyny aýtmagy ünsi çekijidir. Bu bolsa, režimiñ reforma geçirmejekdigini we diñe aşa radikal ýollar bilen diri galyp biljekdigini görkezýär. Ýokarda sananlarymyzyñ barsy molla režiminiñ kellesiniñ bulaşyk ýagdaýdadygyny we orta atyp biljek täze inisiatiwasynyñ ýokdugyny görkezýär. Onsoñam, daşaryk giñelmekde we aýratynam ABŞ-nyñ Yragy okkupirlemeginden bäri režim üçin wagt ýöränok diýen ýaly. Ne yza ädim ädip, ne öñe gidip, ne-de üýtgeşmeler bilen bile ýaşap bilýär. Bu üýtgeşmeleriñ iñ wajyby-da häzirki režimiñ ýurduñ içinde we Hamaneýiñ "rewolýusiýanyñ ýaýrandygyny" aýdýan ýerlerinde islenmeýänligidir. Şaýylaryñ Yrakda, Liwanda hamaneý režimini islemeýändigi we Hamaneýiñem ör turup, şu iki ýurt boýunça beýanat bermehi Yragy hem-de Liwany hemme zatdan beter kynçylyga salýar. Hut şonuñ üçinem, ady agzalan ygtyýarlylaryndan kim orta çykyp, Hamaneýiñ aç-açan Liwany okkupirländigi we Yragy ýer bilen ýegsan edendigi hakda aýdan sözlerine jogap bermäge milt edip bilerkä? Taryk ALHOMAÝED, Saud Arabystanly žurnalist, "Şarkul-Awsat" gazetiniñ öñki baş redaktory. Penşenbe, 01.12.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |