19:42 Uçurymyñ erñegindäki uruş: Gaza | |
UÇURYMYÑ ERÑEGINDÄKI URUŞ: GAZA
Publisistika
"Hamas" we aşa sagçy ysraýyl hökümeti bu uruşyñ özleri üçin ýoluñ soñudygyny gaty gowy bilýär Gaza urşunda bolup geçen ähli tragediýalara garamazdan golaý-goltumda oñyn çözgüt tapyljaga meñzänok. Bu ýagdaýyñ esasy sebäpkärleri "Hamasyñ" we Ysraýylyñ şindize çenli bu uruşy togtatmak üçin hakyky çözgütleri hödürlemeýänligidir. "Hamas" 7-nji oktýabrda "soñuny" saýman bir operasiýa geçirdi. "Hamas" bu operasiýasynyñ hemişeki ýaly gaýtalanýan uruş, yzysüre atyşygy bes etmek hakdaky wagtlaýyn ylalaşyk müddeti we yzyndan ýesir çalşygy görnüşinde boljagyny çak etdi. Emma "Hamasyñ" bu çaky çykmady. Ysraýyl "Hamasa" juda berk garşylyk berdi. Häzir bu uruşy alyp barýanlaryñ aklynda ýeke-täk bir sorag bar: - Ertir näme bolarka? Ysraýylyñ häzirki hökümeti şumada çenli bolup geçen hökümetleriñ iñ sagçysy boljaga meñzeýär. Bu ýagdaý Ysraýyly içinden böldi. Häzirki wagtda premýer-ministr Binýamin Netanýahu korrupsiýa boýunça aýyplamalardan gaçmaga synanyşýan, Ysraýylyñ içindäki we daşyndaky demokratik müddeti paltalamakda aýyplanýan adama öwrüldi. Şu günki gün Netanýahu başga bir ikilemäniñ içine düşdi. Gürrüñi gidýän ikileme Ysraýylyñ öz içinde uruşdan soñky soraga jogap bermek üçin açjak derñew işleriniñ ikilemesi. "Hamas" 7-nji oktýabrda "Aksa tupany" adyny beren operasiýasyny nädip gurnady? Gürrüñsiz, bu sorag birnäçe adamyñ başyny aýlandyryp taşlar. Şol sanda häzir Gazada dowam edip duran uruş (bu ýerde Gazanyñ bigünä halkynyñ gürrdñini edemok) hemme zatdan ötri "Hamas" bilen Ysraýylyñ arasynda bolup geçýär. Biz bu uruşyñ iñ ekstremistik we radikal iki tarapyñ arasynda bolup geçýändigini görýäris. Bu bolup geçýänleriñ barsy iki tarapyñam getirjek netijelerinden gorkýandyklary üçin yza dolanmasy mümkin däl ikilemäniñ içindedigini görkezýär. "Hamas" getirjek netijelerini öñünden görüp bilmejek operasiýasyny geçirdi. Bu operasiýa "Hamasyñ" ne-hä birinji, ne-de ikinji operasiýasydy. "Hamasyñ" geçiren bu operasiýasy palestinalylara hödürlenen mümkinçilikleri gowulandyrmak we ýaraşyk müddetini uzaltmak üçin geçirilmegi meýilleşdirilýän Saud Arabystany-ABŞ hyzmatdaşlygyna berilýän üns bilen bir wagtda bolup geçdi. "Hamas" bu hyzmatdaşlyk hereketi bolup geçmänkä Gazanyñ weýran bolmagyna sebäp boldy. Şonuñ üçinem "Hamas" soñuny saýman eden işi sebäpli gazalylaryñ özüni bagyşlamajagyny gowy bilýär. Şol sanda "garşylyk görkeziş düzüminiñ" özüni belanyñ üstüne iterendigini-de bilýär. "Hamas" öz ykbalynyñ 2006-njy ýylyñ liwan urşunda soñuny saýman urşa giren "Hizbullahyñ" ykbaly ýaly boljagyny bilmän duranok. "Hamas" halkara derejesinde Günbataryñ Ysraýyla berýän görlüp-eşdilmedik goldawynyñ arasynda halkara guramalaryñ Ysraýylyñ edýän uruş jenaýatlaryny görmezlige-bilmezlige salma möwritiniñ geçendigini bilýär. Ysraýyl we Netanýahunyñ aşa sagçy hökümeti meýdandaky netijeler nähili bolup gutaranda-da, ysraýyllylaryñ bolup geçenleri bagyşlamajagyny bilýär. Şol sebäpli "Hamas" we aşa sagçy ysraýyl hökümeti bu uruşyñ özleri üçin ýoluñ soñudygyny gaty gowy bilýär. "Hamas" we Ysraýyl yza çekilen tarapyñ syýasy we taryhy taýdan ýeñlişe uçrajagyny hem bilýär. Iki tarapam özüne garaşýan hakyky netijeleri eýýämden bilip dur. Taraplar halkara garşylyknamanyñ hökmany suratda bildiriljekdigini we iki döwletlu çözgüt üçin ädim ädilmeginiñ talap ediljekdigini bilýär. Şonuñ üçinem "Hizbullah" diş gysyp çydaýar we uruşa girmekden gaça durýar. Çünki "Hizbullah" uruşyñ çykdaýjysynyñ uçursyz köp boljagyny bilýär. Eýranam munuñ soñ yza dolanyp bolmajak, hasam beteri uçurymyñ erñegindäki uruşdygyna göz ýetirip dur. Bärde diñe "Hamas" gazalylaryñ howpsuzlygyny piñine almaýar. Şol bir ýagdaýda Netanýahu hem ýesirleriñ we zamuna alynanlaryñ howpsuzlygyna pitiwa edenok. Bu uruş öñe tarap gaçmagyñ uruşydyr. Bularyñ barsy bize Eýran bilen bir hatarda ähli taraplar üçin hapa, gynançly we masgaraçylykly uruş bilen ýüzbe-ýüz bolandygymyzy görkezýär. Uruş gutarandan soñ gutulgysyz ýagdaýda täze tapgyra gadam basylar. Palestin sahypasynda hiç kimsäniñ halas bolup bilmejek öwrülişikleri boýna dakylar. Bularyñ birinjisi-de, gürrüñsiz, palestin hökümetiniñ özüne bolar. Taryk ALHOMAÝED, Saud Arabystanly žurnalist. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |