07:51 Halyñ niçik, teatr tankydy? | |
HALYÑ NIÇIK, TEATR TANKYDY?
Teatr we kino sungaty
SSKP-niň XXVII gurultaýy teatr işgärleriniň öňünde ähli zady täzeçe guramaklygyň giň ýoluny açdy. Gurultaýdan soň, teatr işgärleriniň uçreditel gurultaýy bolup, SSSR teatr ussatlarynyň Soýuzy döredildi. Bu bolsa biziň Respublikamyzyň teatrlarynyň öňünde hem uly wezipeleri goýdy. Şu zatlardan ugur alyp, Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatry R.Tagoryň “Gang gyzy”, A.Çihaidzäniň “Çynar manifesti”, D.Baýlyýewiň “Petigara” spektakllaryny sahna çykardy. Şeýle hem Bazar Amanowyň “Mollanepes” spektaklynyň täzeçe dramagturgik çözgüdiniň üstünde işlenilip tomaşaça ýetirildi. Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatry şahyr Nobabguly Rejebowyň “Gedaý bagşy”, A.Wolodiniiň “Suwulgan” spektakllary bilen teatr tomaşaçasynyň belli bir derejede söýgüsini gazandy. Şeýlede bolsa täzeden gurmak programmasynyň amala aşyrylýan döwri respublikamyzyň teatrlarynyň sahnalaryna çykarylan spektakllarynyň hiç biriniňem aňrybaş derejä ýetip bilmeýändigini aýtmaklyk adalatlylyk bolsa gerek. Ine, şu ýerdenem näme üçin? – diýen uly sorag gelip çykýar. Bu soragyň çözgüdini her kim bir hili düşündirýär. Biri ýagdaýy gowşak repertuaryň, üstüne atýar. Beýleki biri režissýoryň we aktýorlaryň üstüne. Ýene biri bolsa tomaşaçy heniz beýle zatlara düşünerden bärden gaýdýar diýip: – Spektakl örän inçe goýulan, filosofiki dünýewi pikir öwürmeler biçak çuňňur gizlenen, her sahnanyň, her görnüşiň ummasyz köp manysy bar. Wah, bu zatlara düşünseň seredip aglap oturmalyla diýibem üstüni ýetirýär. Teatrlarymyzňy gowşak spektakllary sahna çykarmagynda günä köp zadyň üstüne atylsa-da, şu gün teatr tankydynyň örän gowşakdygy barada hiç hili gürrüň gozgalmaýar. Soňky ýyllarda dünýä we sowet klassiki eserleri türkmen sahnasynda ujypsyzja orny tutýar. Mundan on-on bäş ýyl ozalky teatry dolduryp oturan tomaşaçyny özüne maýyl eden türkmen klassiki sahna eserleri barada-ha gürrüňem edip oturmaly däl. Şu zatlary pikir eleginden geçirip oturşyňa: “Eger on-on bäş ýyl ozal teatrlar öz spektakllary bilen şöhrat gazanan bolsa, bu gün şol teatrlaryň işiginden tomaşaçyny eltmek näme üçin hyllallaka?” – diýip, öz-özüňe sorag berýärsiň. Belki-de şol döwürde sahna ussatlaryna ýardam beren teatr tankydy bu gün öz ýörelgesini ýitirendir. “Sowetskaýa kultura” gazetiniň golaýdaky çykan sanlarynyň birinde sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory, professor Ý.Dmitrew, käbir respublikalarda sungat öwreniş ylmynyň gowşakdygy, hat-da Azerbeýjan, Gazagystan, Moldawiýa, Gyrgyzystan ýaly respublikalarda, şeýle hem biziň respublikamyzda teatr öwreniji ylymlaryň doktorynyň ýekejesiniňem ýokdugyny belledi. Respublikamyzda sahna ussatlaryna ýol salgy beräýjek ýekeje ylymlaryň doktorynyň ýoklugy gynançly zat. Gynansak nädeli? Teatr bilen iş salynýan ylymlaryň doktoryny nireden aljak? Teatr babatda kesgitli zat aýdyp bilýän adamyň ýoklugyndan peýdalanýan käbirileri “degse bäş, degmese ýigrimi bäş” – edip her spektakla tomaşa edenden soň, şol spektakly edil gyzyla gonlaýmaly ýaly derejä ýetirip ýazýar. Sahna çykarylýan spektakllaryň gowy ýerine gowy, kemter ýerine kemter diýilmänsoň, spektakllar durgunlyly häsiýetine eýe bolýar. Egerde, wagtynda biz teatr babatda öz dogry sözümizi aýtmagy başaran bolsak, respublikamyzda “Ministirlik dramasy” döremezdi. Şu ýerde men Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň golaýda sahna çykaran “Çynar manifesti” spektaklyna tomaşa edenden soň, baha kesen adamlaryň ýazan zatlaryna ýüzlenmekçi. Ejegyz Çaryýewa: – Pýesanyň baş gahrymany Baddy Pomidzäniň obrazyny döretmegi režissýor ýaş artist Begmyrat Gylyjowa ynanyndylar. Ol adamlardan öýke – kinesiz, päk ýürekli özüne ynamly, batyrgaý, prinsipial kolhoz başlygynyň şonuň bilen birlikde-de entek oglanlyk häsiýetlerinden soňlanmadyk ýaş ýigidiň obrazyny döredipdir. Spektaklyň başynda ýaňy on sekiz ýaşyny dolduran Lomidzäniň “biziň kolhozymyzyň başlygyny işinden aýyrjakmyşyňyz ahyry meni şoňa derek başlyk saýlaň” diýmegi raýkomyň sekretary üçinem, tomaşaçy üçinem geň görünýär... (“Edebiýat we sungat” 1987-nji ýylyň, 27-nji marty) Awtoryň şeýle sözler bilen başlan “Çynar manifesti” baradaky ýazgysy pýesanyň şu günki günüň Wajyp meselerini gözgaýanlygyň we rollaryň oňat ýerine ýeitirilişini gürrüň bermekden ybarat. Eýsem, teatryň baş režissýory Durdymämmet Oraýew tarapyndan sahna çykarylan bu eser ähli kemçiliklerden, bärden gaýtmalardan düýpgöter sanmykan? Ýok, san däl. Sepktaklda kemçiliklerem, bärden gaýtmalaram bar. Iň bärkisi sahna bezegi bilen şol sahna bezeginiň astynda çözülýän mesele biri-birine çonraz gelýär. Bu bir ýönekeýje zat. Şol ýönekeýje zat bolsada spektakl üçin uly kemçilik. Ine, şol kemçilikleri, bärden gaýtmalary duýup bilýän we ýetmezçilikleri öýny goýujy režissýora we aktýorlara ýetirip bilýän spektaklyň kemçiliklerden sanlanmagyna ýardam edýän, hoşniýetli teatr tankydy gerek. “Çynar manifestindäki” hiç hili kemçiligi, bärden gaýtmalary görüp bilmedik makalanyň awtory Ejegyz Çaryýewa şol teatryň režissýor Aman Kömenow taranpyndan sahna çykarylan Durdy Baýlyýewiň “Petigarasynda” welin görüp bilipdir. – Awtor şu eseriň üstünde işlände tomaşaça näme bermegi maksat edindikä. Diňe tomaşaçynyň güldürmegi maksat edindikimä? Eger şeýle bolsa, awtor maksadyna ýetipdir. Spektaklyň gidişinde tomaşaçylar uly şowhun bilen gülüşýärler. Ýöne, teatryň maksady tomaşaçylary çüýlemek, birsalym güldürmek däl-de adamy terbiýelemek bolup durýar. N.W.Gogolyň aýdyşy ýaly, teatr beýik mekdepdir, onuň wezipesi biçak uludyr. Ol birbada giden märekä janly sapak okalýan kafedradyr. Bu ýerde gözüňi deşip barýan yşk, göçgünli saz birleşik çykýan gülki hiç bir hojanlyga gizlenmäge maý berenok. Bu ýerde tanyş, pynhan, belent duýgy köpüň gatnaşmagy bilen ile äşgär edilýär. Teatr hiç bir jähitden bihuda wagt geçirilýän ýer däldir. Ol adamzadyň kalbyna köp-köp ýagşy niýetler siňdirmäge uçursyz köp mümkinçilik berýän kafedradyr. N.W.Gogolyň pikrini özüne tutarlyk eden awtor “Çynar manifestine-de” dardan bolsa, şu teatr möwsüminde şowly çykan bu spektaklyň has-da tanalmagyna ýardam ederdi. Biz bu ýerde “Çynar manifestiniň” kemçilikleri bellik etmänisiň diýip, awtoryň üstüne sürünemzok. Belki-de awtoryň spektakl barada öz tutýan pozisiýasy bardyr. Esasy bellemekçi bolýan zadymyz respublikamyňdaky teatr tankydynyň diňe öwgüli sözlerden, şol öwgüli sözleriňem teatrlarymyzyň sahna ussatlaryny durgunlylykdan uzak wagtyň dowamyndan çykarman gelýändiginden ybarat. Türkmen telewideniýesiniň “Teatr” teležurnalynyň “Çynar manifesti” baradaky söhbet açýan sanynda çykyş etmek üçin filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ş.Halmuhamedowyň taýýarlan ýazgysyndan: – Adatça, men haýsydyr bir spektakl hakynda pikir ýöredenimde oňa teatr sungatynyň spesialisti hökmünde çemeleşmeklige töwekgellik etmeýärin. Bu asla tötändeň däl. Birinjiden-ä, men edebiýatçy, has takygy folklorçy. Şoňa görä-de, islendik spektaklyň edebi materialy, şol materialyň çeper beýany, onuň durmuşylygy täzelikçi häsiýeti meni gaty gyzyklandyrýar. Onuň sahna çykarylyşy, težissura sungatyň ösen taraplaryna laýyk ýerine ýetirilişi, şonda aktýorlar ansamblyň ýerbe-ýerligi hem sazlaşygy meselesinde bolsa, men özümi diňe adaty tomaşaçy hökmünde duýýaryn. Bu hem ikinji sebäp... Turuwbaşdan Ş.Halmuhammedowyň telewideniýe üçin taýýarlan ýazgysyndan köp zada garaşýarsyň. Emma, spektaklyň mazmuny, eseriň şu günki günde tutýan orny; artistleriň obrazlary döredişleri dogrusyndaky şol bir umumy öwgüli sözler. Şol telewizion žurnala gatnaşan Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty J.Saryýewem çykyşy spektaklyň ideýasy we artistleriň oýnaşlary baradaky öwgüli sözlerden aňry geçmedi. Ýogsam, Ş.Halmuhamedywam, J.Saryýewam spektaklyň gowy ýeri bilen junune düşmedik ýerleriniň çägini açyp biljek alymlar. Bu ýerde zehinli režissýorymyz D.Oraýewiň “Çynar manifestini” obýekt edip almamyzyňam öz sebäbi bar. “Düýäniň ulusy taýak iýer” – diýenlerinden ugur aldyk. Golaýda Merkezi telewideniýäniň teatr dramaturgiýasy bilen iş salyşýan wekili Natalýa Aleksandrowna Feminskaýa bilen Beýik Oktýabr rewolýusiýasynyň 70-ýyllygyna bagyşlap, Merkezi telewideniýede görkezip bolaýjak üç sany öňden oýnalyp gelýän spektakla tomaşa etdik. Şol spektakllaryň biri dramaturg Baýram Abdyllaýewiň “Başlyk” pýesasy esasynda goýulan spektakl. Temasy boýunça Aleksandr Çihaidzäniň “Çynar manifesti” pýesasyna golaý Baýram Abdyllaýewiň “Başlygynyň” gözgyny ýagdaýdadygyna göz ýetirdik. Ilki sahna çykarylanda birnäme öwgüsi ýetirilen “Başlyk” bu gün dürli hokgalaryň ýeti bilen tomaşaçyny güldürmäçe, şeýdibem teatra tomaşaçyny köpüräk ýygnamaga galyşýar. Spektaklda General lakamy bilen hereket edýän artist Nurmyrat Annamyradow barmagyny çommaldan-dan onuň bile ogurlyk edýän ulyýetleriniň rollaryny ýerine ýetirýän artistler Nurmuhammet Keşikow bilen Agamyrat Amanmyradow sandyraşyp, uly gygykylyk turuzyşyp, wägirişip sahnada iki baka ylgaýarlar. Ine, spektakl görmäge gelen 40-50 sany tomaşaçynyň gülmegine sebäp bolýan ýagdaý. Bu ýerde tomaşaçynyň spektakldaky döredilen komiki obrazlar güldürenok-da, iki sany äpet pyýdanyň sahnanyň o çebinden bu çetine gowuşgynsyz hereket edip ylgamasy, olaryň çenden aşa ýalan hereketleri gülmäge mejbur edýär. Has takygy tomaşaçy şol artistleriň üstünden gülýär. Spektakla tomaşa edip oturşyma ýaş tomaşaçylar teatrynyň baş režissýory Kakajan Aşyrowyň: – Tomaşaçyny teatra kän çekip bildigiň öz talantyňy subut etdigiňdir öýdüp, spektakllarda her hili hokgalar çykaryp başlaýarys. Juda çökder usullaram ulanyberýäris. Spektakl ýasan bilseň görjek utanylýa-la diýişli, alyslara göz dikýan bolup gürleýäris – diýip, täze teatr möwsümi başlaýan döwürlerdäki aýdan sözleri ýadyma düşdi. Režissýor Kakajan Aşyrow mamla. Sebäbi, respublikamyzyň ähli teatrlarynda tomaşaçyny ýerlikli-ýerliksiz güldürip bilseler öňat spektakly sahan çykarandyrys öýüdýärler. Spektakl gutaran dessine öz spektaklyna tomaşa etmäge gelen dramaturg Baýram Abdyllaýew bilen duşuşdyk. B.Abdyllaýew öz “Başlygynyň” hasnadaky häzirki oýnalyşyndan nägiledegini bildirdi. Şondan soň spektakly sahna çykaran režissýor K.Aşyrow bilen duşuşmaklyk miýesser etdi. K.Aşyrow: – Dogrusy, “Başlygyň” şu günki ýagdaýy meni gynandyrman duranok. “Başlygy” men sahna çykaran bolsamam, spektaklyň üstünde soň, işläp bilmedim. Sebäbi meni başga teatra işe geçirdiler. Spektakly sahna çykarmagy boýun alanymda rollarda çykyş etjek aktýorlary saýlandym. Emma häzir şol aktýorlaryň birnäçesiniň başga aktýorlar bilen çalşyrandygyny eşidýärin. Menden soň üstünde işlenmedik spektakly tomaşaça hödürlemek nämä gerek boldukan? – diýip, K.Aşyrowam nägiledigini aýtdy. Ine, teatr tankydymyz gerek ýerinde dymýar. Gerekmejek ýerinde bolsa ýokarky perdeden gonýan öwgüli sözleri gysganman ýagonrýar. “Başlyk” pýesasy mazmun taýdan günüň talabyny ödeýän bolsa, özlerini teatryň janköýeri hasaplaýan teatr tankytçylary nämeüçindir spektaklyň “gözgyny” ýagdaýy barada söhbet açanok. Egerde, hoşniýetli teatr tankydy “Başlyk” we beýleki sahna çykarylan spektakllara eserdeňlik bilen garan, sahna ussatlaryna özleriniň ýardam beriji maslahatyny gysganmadyk bolsa, türkmen tomaşaçysyna “gözgyny” haldaky şikesli spektakllar hödürlenmezdi. Mehum tankytçymyz Abdylla Myradowdan soň teatr tankydy ünsden düşürildi diýsek ýalňyşmasak gerek. Ýogsam, A.Myradowdan başlan hoşniýetli teatr tankydyny dowam etdiräýjek adamalar ýogam däl. Olardan: Aşyr Mämiliýew, Begi Suhanow, Amangeldi Annaýew, Serdar Nepesow, Baýram Abdyllaýew, Berdi Bäşimow, Juma Saryýew, Çary Gullanow ýaly teatryň diline düşýän alymlarymyz bar. Ýokarda adyny agzan adamlarymyz her bir sahna çykarylan her bir sahna çykarylan eseriň gowy ýerine gowy ýetmezerine ýetmez diýip aýtmaga, teatr babatynda uly meseleleri gozgama diýseň ukymly adamlar. Sözümiň ahyrynda ýurdumyzda ähli zadyň täzeden gurulýan döwründe türkmen sahna ussatlaryna ýardam berjek teatr tankydynyň ör boýunaça goljakdygyna umyt baglaýaryn. Annamyrat DURDYMÄMMEDOW, “Teatr” teležurnalynyň redaktory. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |