16:55 Halypalary gören halypa | |
HALYPALARY GÖREN HALYPA
Teatr we kino sungaty
Milli kino we teatr sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşýan artistleriň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Öwezguly Gelenowdyr. Golaýda men halypa artistiň bagtyýarlyk döwrümizde milli kino we teatr sungatymyzda döreden keşpleri barada söhbetdeş boldum. Ol biziň nobatdaky söhbetdeşligimize öňünden taý- ýarlanypdyr. Maşgala arhiwinde saklanýan içi dürli ýyllarda düşürilen fotosuratlardan doly ullakan sanajy öňümde goýdy. Bu sanajda onuň üçin gymmaty hiç wagt egsilmeýän gyzykly maglumatlar saklanylýan eken. Şol maglumatlaryň köpüsi onuň milli sungatymyza bagyşlan ömrüniň iň ýatda galyjy pursatlaryny şöhlelendirýän fotosuratlardan ybaratdy. Halypa artist maňa özboluşly döredijilik ýoly barada gürrüň berip, şol fotosuratlary ýeke-ýekeden elden geçirýärdi. Ynha, onuň «Ýok diýmegi başar», «Altynyň öwüşgini», «Arçaly adam», «Ýaşlygymyň dessany», «Küştçi», «Şaýly gelin» ýaly dürli ýyllarda surata düşen çeper filmleriridäki fotosuratlary. Ol milli teatr sungatymyzda döreden dürli häsiýetli gahrymanlarynyň keşpleriniň özünde galdyran täsiri barada joşup-joşup gürrüň berdi. Onuň sungata bolan yhlasy barha artyp, zehinli artist hökmünde tomaşaçylara özüni tanatdy. Biziň gürrüňimiz onuň teatr sahnasynda döreden keşplerine syryganda, ol şol sanajyň içindäki ýandepderçesiniň sahaplaryny agdaryp başlady. Bu ýandepderçe halypa artist Ö.Gelenowyň sungata baglan ömrüniň ýatda galyjy pursatlaryny özünde jemleýär eken. Ol ýandepderçä özüniň gatnaşmagynda sahnalaşdyrylan spektakllaryň ählisiniň atlaryny ýazypdyr. Şol sebäpli ol özüniň gatnaşmagynda sahnalaşdyrylan spektakllaryň her biri barada gürrüň edilende, ýaýdanman, onuň näçinji ýylda sahnalaşdyrylandygyny, özüniň haýsy keşbi janlandyrandygyny aýdyp bilýärdi. Biz onuň ýandepderçesindäki ýazgylar bilen tanşanymyzda, milli teatr sungatymyzyň taryhyna syýahat edýän ýaly duýgyny başdan geçirdik. Halypa artist Ö.Gelenowyň goşgy döredýänliginden habarym bardy. Uzaga çeken söhbetdeşligimiziň dowamynda amatly pursady peýläp, onuň şygryýetde öz güýjüni synap görmegine nämeleriň sebäp bolandygyny sormak isleýärdim. Ol meniň pikirimi aňan ýaly, şol sanajyň içindäki gazetdir žurnallar bilen tanyşdyrmaga başlady. Dürli ýyllarda çap edilen gazetdir žurnallaryň köpüsi onuň döredijiligine bagyşlanan makalalardyr söhbetdeşlikler bolsa-da, olaryň käbirinde onuň şahyr ýüreginiň owazy bolan ajaýyp goşgulary hem çap edilipdir. Baryp ýaşlyk ýyllary döredilen «Ykbalym», «Döneýin», «Meňzeýäň» ýaly goşgulary ony zehinli şahyr hökmünde tanatdy. Üstünden elli ýyla golaý wagt geçendigine garamazdan, şol goşgular bu günki gün hem öz ähmiýetini ýitirmän zehinli aýdymçylarymyzyň döredijiligini bezeýär. «Ykbalym» atly goşga döredilen aýdymy Türkmenistanyň halk artisti Nury Hudaýgulyýew ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Ö.Gelenow režissýor hökmünde «Şapak», «Münejjim» ýaly spektakllary-da sahnalaşdyrdy. Bu spektakllar çeperçilik taýdan kämil sahna eserleri hökmünde uzak ýyllaryň dowamynda tomaşaçylaryň uly höwes bilen tomaşa edýän spektakllaryna öwrüldi. Çeperçilik taýdan kämil hem-de many-mazmuny bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan spektakllar ýaş zehinli artistleriň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga-da ýardam etdi. Geçilen ömür menzilleri, kino we teatr sungaty baradaky ýakymly gürrüňimiziň dowamynda biz onuň bilen bagtyýarlyk döw- rümizde alyp barýan işleri dogrusynda-da söhbetdeş bolmaga hem ýetişdik. Sebäbi ol hemişe işli adam. Onuň maşgalasy, sada göwünli Annakeýik gelneje-de ýanýoldaşynyň kesbi-käri bilen öwrenişipdir. Ol halypa artist Ö.Gelenowyň öz gaýtalanmajak zehini bilen milli kino we teatr sungatymyzy has-da baýlaşdyrmaga saldamly goşant goş- ýandygyna guwanýar. Döwletli ojagyň eýesi Annakeýik gelneje gaýynatasynyň ady dakylan uly agtygy Derýanyň hem, atasy ýaly, sungata höwesiniň bardygyny uly buýsanç bilen gürrüň berýär. Ö.Gelenow Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Watan hakda üç aýdym», «Ýurt», «Görogly we Agaýunus» ýaly tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alnan spektakllarda dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini janlandyrdy. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda bolsa, ol azerbaýjan dramaturgy U.Gajybekowyň «Arşyn mal alan,» atly aýdym-sazly komediýasynda Soltan begiň keşbini döretdi.Ýurdumyzyň A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda sahnalaşdyrylan dünýä belli iňlis dramaturgy W.Şekspiriň «Otello» spektaklynda hem baş gahryman Otellonyň keşbini özboluşly döretdi. Ruhy dünýäsi biri-birinden düýpli tapawutlanýan şeýle gahrymanlaryň keşplerini döretmek uly zehini, gaýtalanmajak ukyby talap edýär. Sebäbi artist sahna çykanynda, şol gahrymanlaryň aýtmaly sözlerini sakynman aýtmak bilen çäklenmeýär. Ol şol gahrymanyň hut özi bolup tomaşaçylar bilen duşuşýar. Dartgynly wakalaryň jümmüşinde bolýan şeýle gahrymanlaryň keşplerini ýatda galyjy we ynandyryjy döretmek bolsa diňe guýmagursak zehinli artistlere başardýar. Ö.Gelenow hem şeýle guýmagursak zehinli artistleriň biri hasaplanylýar. Halypa artist Ö.Gelenow bagtyýarlyk döwrümizde milli kino sungatymyzda hem birnäçe ýat-da galyjy keşpleri döretdi. Ol milli seýisçilik sungatymyz barada täsirli söhbet açýan «Seýis» atly çeper filmde ömrüni ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmäge bagyşlan ýaşuly seýsiň keşbini has ýatda galyjy we ynandyryjy janlandyrdy. Şonda ol hormatly Prezidentimiziň jöwher zehininden dörän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler» atly kitaplaryny elinden düşürmän diýen ýaly okady. Şeýle etmek bilen, ol gadymy atşynaslyk we seýisçilik sungatymyzyň inçe syrlaryny öwrendi. Türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge goşýan saldamly goşantlary barada gürrüň berýän «Ömür kerweni» atly köp bölümden ybarat çeper filmde hem Anna Goç atly oba ýaşulusynyň keşbini döretdi. Halypa artist, režissýor, zehinli şahyr hökmünde giňden tanalýan Türkmenistanyň halk artisti Öwezguly Gelenow hemişe ýatda galyjy keşpleri döretmek isleýär. Ol halkymyzyň geçmiş-taryhyna degişli kitaplary köp okaýar. Ýüreginde besleýän ak arzuwlarynyň biri halkymyzyň geçmiş-taryhynda öz akyl-paýhasy, gujur-gaýraty bilen öçmejek yz galdyran taryhy şahsyýetleriniň keşplerini döretmek bolansoň, ol hemişe şeýle keşpleriň gözleginde bolýar. Akgül SAPAROWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |