18:08 Halypanyň göreldelik sapagy | |
HALYPANYÑ GÖRELDELIK SAPAGY
Edebi makalalar
Ol basgançaklar bilen haýaljakdan ýokary galyp ugrady. Onuň her bir hereketinde saýhallylyk bardy. Ol her gezek bir basgançak ýokary galanda aýaklaryna agram, ädimine saldam berýärdi. Ömür saly togsany eteklän gojanyň selçeňleşen saçlarynda, gasyn atan nurana ýüzünde şol geçen ýyllar yz galdyrypdy. Sähel ýellenen gabaklary uzak gijäniň ukusyzlygyndan habar berýärdi. Ol basgançagyň ahyrkysyndan ýokary galyp, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy ýerleşýän üçünji gata çykandan soň birsalym sägindi. Her närseden mantyk gözleýän ýazyjy, belki, şu mahal her bir belentlige aňsatlyk bilen çykylmaýandygy hakynda oýlanandyr. Ol köpleriň sylag-hormatyna mynasyp bolan, häzirki döwrüň ussat ýazyjylarynyň hatarynda ady agzalýan Reýimbaý Sabyrow. Onuň her bir sözi, edim-gylymy, hereketi köpler üçin nusga alarlyk. Bu kişiniň ýazyjylygyň, şonuň ýaly-da ynsanlyk mertebesiniň hem belent derejesine galyp bilendigini aýtsak makullajaklar kän bolsa gerek. * * * Bir gürrüňdeşlikde Reýimbaý agadan çeper edebiýata gelişi hakynda soranymda ol: — Ýaşlykda bir säw bilen edebiýata köňül berdim. Özbek aýdymlarynyň birinde: «Ýaşlykda berlen köňül, aýrylmaz eken» diýilýär. Aý, garaz, ýazyjylyk dowasy ýok bir kesel. Bir ýoluganyndan soň, ol böwrüňdäki sanjyň ýaly, hiç hezil bermez. Emma okyjylaryň seniň derdiňe şärik bolýany biraz göwnüňe aram berýär. Şonuň üçin bu dertden ýazyjyny diňe galam bilen kagyz halas edäýmese, başga emi ýok. Ýogsam, segsen ýaşdan soň dümtünip, roman ýazmak meniň nämäme gerekdi, diýsene?! — diýip ýylgyrdy. — Eger-de şolar ýaly eserleri ýazyp biljegime gözüm ýetse, şol «dert» bilen menem kesellemäge taýyn — diýip, menem degişdim. Soňra: — Reýimbaý aga, döreden eserleriňiz sizden galjak uly ýadygärlik ahyry — diýip, ýaşulynyň göwnüni göterdim. Reýimbaý Sabyrow bu taryhy romany ýazmagy diňe bir ýazyjylyk däl, eýsem, göbek ganynyň daman topragynyň öňündäki perzentlik borjy hasaplaýandygyny nygtady. * * * Internatyň ýatakhanasynyň bir burçunda çyranyň ýagtysyna kitap okap oturan oglanjygyň hyýaly häzir edebiýatyň dünýäsinde seýil edýärdi. Ol aňyrsy-bärsine göz ýetmeýän şygryýet bossanyna maýyl bolup, töweregindäki dünýäni unudypdy. Söze siňen duýgularyň gözelligi onuň kalbyna nepislik bagyşlaýardy, ondaky paýhas zerreleri topraga düşen bugdaý däneleri deý beýnisinde şineleýärdi. Ol türkmen, özbek nusgawy şahyrlarynyň şygyrlaryny irginsiz okaýardy. Gündogar şygryýetiniň gözelligi, näzikligi, nepisligi ýaş oglanyň ýüregini barha döredijiligiň täsin dünýäsine imrindirýärdi. Ahyr edebiýata, döredijilige bolan söýgi goşgy setirlerine öwrülip, onuň ýüreginiň astyndan dömüp çykdy. «Atdy kalbym äleminde ýar yşkynyň kuýaşy, Jilwelendi gözlerimde jady çeşmiň garaýşy». Onuň şeýle nusgawy äheňde ýazýan goşgulary okuwçy depderini barha galňadyp barýardy. Soňlugy bilen ol belli özbek ýazyjy Aýbegiň «Nowaýy», «Gutlug gan» romanlaryny okap, kyssa eserlerine köňül berdi. Çaga höwesi bilen galyň depderiň depesine uly harplar bilen (edil adaty kitaplardaky ýaly) «Reýimbaý Sabyrow» diýip ýazyp, «powest» ýazmaga başlady. Oglanjyk ilkinji ýöntemje eserini hiç kime görkezmän pynhan saklady. Ol «eserini» biri tapyp okaryndan howatyrlanardy. Emma soňlugy bilen, oglanjyk ony näçe gözlese-de özi hem tapyp bilmedi. Kerwen gurap geçen ýyllaryň törpisiniň astynda ýülmenip, taraşlanyp, kämil ynsan, tanymal ýazyjy bolup ýetişenden soň, ol eseriň adyny, näme hakyndadygyny hem hakydasyna getirip bilmedi. Emma oňa derek ýazyjynyň zehininden dörän dartgynly wakalary, ruhy-psihologik ahwallary başdan geçirýän gahrymanlary bilen durmuşyň çeper beýany hasaplanan eserleri okyjylaryň ýadynda ebedilik galdy. * * * Ol Daşkendiň daşary ýurt dilleri institutynda bilim alýan döwürleri hem edebiýat bilen arasyny üzmeýär. Ýokary okuw mekdebinde iňlis, fransuz, rus dillerini kemsiz öwrenmegi Reýimbaý aganyň ýewropa edebiýaty, esasan hem, häzirki zaman fransuz kyssasyndaky täzelikler bilen tanyşmagyna mümkinçilik döredýär. Mopassanyň, Gýugonyň, Stendalyň, Balzagyň eserleri bilen asyl nusgasynda tanyş bolýar. Ýokary okuw mekdebini tamamlan ýigit Daşoguz etrap, şäher mekdeplerinde ençeme ýyllap iňlis, fransuz dillerinden sapak berýär. Ozalynda edebiýata baglanan köňli ony öz erkine goýmaýar. Rubagylary, goşgulary, hekaýalary metbugat sahypalarynda yzygiderli çap edilýän ýaş mugallymy 1960-njy ýylda özbek dilinde çap edilýän «Ýangi turmuş» («Täze durmuş») şäher-raýon gazetine işe çagyrýarlar. Şondan soň Reýimbaý Sabyrow dürli döwürlerde şol wagtky «Kommunizm ýoly» welaýat gazetinde edebi işgär, TürkmenTAG-yň oblast boýunça habarçysy, ýerli radio gepleşikleriň guramaçysy bolup işleýär. 1967-nji ýylda şol wagtky Daşoguz etrabynyň «Pahtakor» («Pagtaçy») gazetinde ilki jogapkär sekretar, soňra gazetiň redaktory wezipelerinde zähmet çekýär. Ol 1991-nji ýylda täze açylan «Dostluk baýrogy» («Dostluk baýdagy») atly welaýat gazetiniň baş redaktorlygyna bellenilýär. Onuň özbek dilinde ýazan ilkinji hekaýalary Özbegistanyň «Şark ýulduzi» («Gündogar ýyldyzy») atly žurnalynda çap edilýär. Reýimbaý Sabyrowyň eserlerine Özbegistanyň halk ýazyjysy Seýit Ahmet, Şükür Halmürzäýew dagy ýokary baha berýärler. Onuň çuň pelsepewi, dartgynly wakalara baý hekaýalary, powestleri hakynda şol döwrüň özbek edebiýaty öwrenijileri, tankytçylary yzygiderli seslenýärler. Özbek edebiýaty öwrenijisi Muhsin Alimow özüniň «Täze döwür, täze gahryman» atly kitabynda özbek edebiýatynda Hudaýberdi Togtabaýew, Ötgür Haşymow, Şükür Halmürzäýew, Perhat Musajanow, Sadulla Siýaýew, Enwer Işanow ýaly ýaş prozaçylaryň hatarynda Reýimbaý Sabyrowyň hem döredijiligine ýokary baha berýär. Özbek edebiýaty öwrenijisi Kerimbaý Kurambaýewiň «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynyň 1991-nji ýyldaky 2-nji sanynda çap edilen «Iki edebiýatyň hyzmatynda» atly makalasynda türkmen-özbek edebi gatnaşyklary hakynda giňişleýin gürrüň edilmek bilen, Reýimbaý Sabyrowyň bu ebedi hyzmatdaşlyga goşan goşandy hakynda hem nygtalýar. Şeýle hem, ýazyjynyň galam ýöredişindäki, edebiýat meýdanyndaky ädimlerindäki özboluşly aýratynlyklar hakynda gürrüň edýär. Reýimbaý Sabyrowyň özüne mahsus döredijilik ugry, gahrymanlaryň durmuşylygy, häsiýetleriň göwnemakul açylýandygy, durmuşdaky dartgynly pursatlary saýlap, ynandyryjy beýan edýändigi hakynda gürrüň gozgap, ýazyjynyň «islendik hekaýasyny alyp görsek, biz ondan şowly ulanylan ahlak-psihologik detallary görýäris» diýip, pikirini delillendirýär. Ýazyjynyň Özbegistanyň «Ýaş gwardiýa» neşirýaty tarapyndan çap edilen «Günafşa» («Benewşe») ýygyndysynda ýerleşdirilen hekaýalary hem okyjylaryň, şonuň ýaly-da edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekýär. Tankytçy Mihail Saparowyň bu kitaba ýazan «Ýaşlyk tolkunlary» atly makalasynda Reýimbaý Sabyrowyň hekaýalarynyň üstünde aýratyn durup geçýär. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hydyr Derýaýew hem «Reýimbaý Sabyrow özboluşly täre eýe ýazyjy. Onuň eserleri durmuşdaky güýçli dartgynly wakalaryň esasynda döredilen çeper obrazlar bilen ünsüňi çekýär. Ýazyjy gahrymanlarynyň häsiýetini açyp görkezmek üçin çeper detallardan hem ussatlyk bilen peýdalanýar» diýip, onuň Daşkentde Gafur Gulam adyndaky neşirýatda çap edilen «Ynsap» atly powestler ýygyndysyna ýazan sözbaşysynda belläp geçýär. Reýimbaý Sabyrowyň «Sowet edebiýaty» žurnalynyň 1966-njy ýylyň 4-nji sanynda çap edilen «Syrly mukam» powesti okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Şondan soň onuň «Togalak dünýä», «Girdapdan kenara», «Ynsap», «Dünýäniň syry» atly powestleri, hekaýalary gazet-žurnallarda çap edildi, aýratyn kitap görnüşinde-de neşir edildi. Onuň eserleri türkmen edebi tankytçylarynyň ünsüni hem çekmegi başardy. * * * Reýimbaý Sabyrowyň «Ynsap» powestini her gezek okanymda onda beýan edilýän ynsan duýgularyny, adamzada mahsus häsiýetleri «köpgyraňly göwher daşyna» meňzedýärin. Bu eserde ýazyjy çeper sözüň üsti bilen reňbe-reň duýgularyň suratyny ussatlyk bilen çekmegi başarýar. Diňe bu eserde däl, eýsem, beýleki hekaýalarynda, powestlerinde, romanlarynda, pýessalarynda göze ilýän özboluşly beýan ediş täri arkaly ýazyjy özüni duýgularyň, häsiýetleriň suratkeşi hökmünde ykrar etdirýär. Onuň eserlerinde pelsepewi pikirler tebigy ýagdaýda teswirlenýär. Reýimbaý Sabyrowyň ulanýan meňzetmeleri, beýan edilýän wakalary ähli taraplaýyn suratlandyrmaga, gahrymanlaryň häsiýetini açyp görkezmäge ýardam berýär. «Ynsap» powestiniň mysalynda käbir mysallara ýüzleneliň! «Biz-ä wagt geçirýäs diýýäs, emma aslyýetinde, wagtyň özi uly ýolda elini göterip duran ýolagça ünsem bermän daz ýasap barýan maşyn ýaly bizi taşlap geçip barýar, inim». Eseriň mazmunyndan gelip çykýan, pikiri aýdyňlaşdyrýan gahrymanlaryň içgepletmelerinde, dialoglarynda beýan edilýän pelsepewi garaýyşlar wakalary bir bitewi ulgama birleşdirýär, okyjyny irizmeýär. Bu bolsa okyjynyň kalbyny gozgalaňa salýar, ony wakalaryň netijesine imrindirip, ýazyjynyň döreden hyýaly dünýäsine sary yzyna düşürip, syýahata alyp gidýär. Eseriň käbir jümlelerini okanyňda iniň tikenekläp, ýüregiň jigleýär. «Adam öz edýän işini başgalardan gizlemegi mümkin. Emma özüňden gizläp bilmersiň. Şonuň üçin adam, ilkinji nobatda, özüne özi hasap bermeli». «Köki çüýrük daragt sähelje şemala hem ýykylýar. Köki berk bolsa tupanda-da ýykyljak gümany ýok». «Ynsanyýet özüni bileninden bäri, gözellige mukaddes zat hökmünde sežde edip gelýär. Aýratynam, ynsanyň keşbinde ýüze çykan gözellik jilwesi, ynsanyň özüni tebigatyň döreden başga ähli gözelliklerine garanda-da köpräk ýesir edip gelýär. Bu hökmürowan güýç häzir meniň üstümdenem agalyk edýärdi». «Ondan şeýle bir ýakymly ys kükedi welin, muňa başym aýlanyp, ýüregim endiräp gitdi. Bu ys hiç bir atyryň ysyna meňzemeýärdi. Eger gözelligiň ysy bolýan bolsa, şonuň özüdi». Bu powestiň her bir setirinden şeýle mysallaryň ençemesini getirmek mümkin. «Ynsabyň» bu «parçalary» bitewüleşip, ynsan mertebesiniň täji bolan YNSABYŇ eldegrilmesizdigi hakyndaky pikiri emele getirýär. * * * — Bary geçdi, Gurban jan, näme bolan bolsa bary geçdi. Reýimbaý aga, köplenç, geçmişe nazar aýlap, ýaşlyk döwrüni ýatlanda, ýa-da Beki Seýtäkow, Hangeldi Garabaýew, Kakabaý Ylýasow, Hojanepes Meläýew, Hudaýberdi Diwangulyýew, Nury Altyýew, Goşjan Seýitmädow, Ahmet Mämmedow ýaly ýazyjy-şahyrlar, ýegre dosty Sadulla Rozmetow bilen baglanyşykly wakalary gürrüň berip bolandan soň, söhbedini şu jümle bilen jemlemegi gowy görýär. Olar bilen bagly ýatlamalar hem ýazyjynyň döredijiliginde özboluşlygy emele getirýär. Ol gürrüň berip otyr, emma hyýalynyň geçen günlerdedigini göreçleriniň bir nokada dikilmesinden aňmak bolýar. Gürrüň berdigiçe onuň ýüzi barha nurlanýar. Ençeme ýyllyk gadyrdanyna duşanda adamyň ýüzi şeýle keşbe eýe bolýan bolsa gerek. Hakydasynda irkilen ýatlamalary oýaran ýazyjynyň häzir dost-ýarlarynyň keşbi göz öňüne gelýändir, olar bilen didarlaşýandyr, geçen günler hyýalynda janlanýandyr. Onuň bu gürrüňleri meniň üçin örän gyzykly. Ol gürrüňler näçe diňleseňem irizmeýär. Diňledigiňçe ýaşaýşyň gözelligine, dostlugyň gadyr-gymmatyna akyl ýetirýärsiň. Olardan durmuşyň bize peşgeş beren her bir gününi ýatlanyňa deger ýaly mazmunly ýaşamagy öwrenýärsiň. Şu babatda meniň Reýimbaý Sabyrowa diýseň gözüm gidýär. * * * — Dünýä kiçijik berk gysylan materiýanyň uly partlamasyndan dörändigine oturyp-oturyp haýran galýan. Älem hakynda adamzadyň bar bilýän, göz ýetiren zatlary käte biri-birine çapraz gelýär. Reýimbaý Sabyrowyň çaý başynda gozgaýan şeýle mesawy gürrüňleri hem onuň ähli taraplaýyn sowatly adamdygyna şaýatlyk edýär. Muňa Hangeldi Garabaýewiň «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynyň 1983-nji ýylyň 12-nji sanyndaky Reýimbaý aganyň 50 ýaş ýubileýine bagyşlap ýazan makalasynda: «Ol köp okaýar. Ylmy täzelikler baradaky eserleri-de, çeper edebiýat bilen bir hatarda hyruç edip okaýar. Şonuň üçinem köp zatdan başy çykýar. Men onuň öz öýünde fizika mugallymlary bilen Eýnşteýniň otnositellik teoriýasy, kosmogoniýa barada jedelleşip oturanyna telim gezek gabat geldim» diýen sözlerini okanymda has anyk göz ýetirdim. Ýazyjynyň «Syrly mukam», «Dünýäniň syry» atly ylmy-fantastik powestleri ylym öwrenmäge bolan teşneliginiň netijesinde dörän eserlerdir. Reýimbaý Sabyrow türkmen edebiýatynda fantastika žanryna baş goşan ilkinji awtorlaryň biri. Onuň «Syrly mukam» atly powesti «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynda 1964-nji ýylda çap edilýär. Bu eser esasynda türkmen radioýaýlymynda radiooýun, Horezmiň telestudiýasy teleoýun goýýar. Ol soň Moskwada «Molodaýa gwardiýa» neşirýatynyň «Fantastika-76» we «Izwestiýa» neşirýatynyň «Proba liçnosti» almanahlarynda, «Dünýäniň syry» atly ylmy-fantastik powesti bolsa «Magaryf» neşirýaty tarapyndan hem çap edilýär. * * * «Daşoguz habarlary» gazetine işe giren günümden bäri Reýimbaý Sabyrowyň el gowşuryp oturanyna hiç gabat gelemok. Ol haçan görseň kompýuterine dümtünip bir zatlar ýazyp oturandyr, boş wagt tapsa ýa kitap, ýa gazet okaýandyr. Ol diňe kyssa däl, poeziýa eserlerini hem okamagy halaýar. Bir gün Reýimbaý aga redaksiýanyň salgysyna gelen gazet-žurnallary gözden geçirip oturyşyna duýdansyz: «Ine, hakyky poeziýa diýip şu goşgulara diýäýseň» diýip, söze başlady. Ol «Nesil» gazetinde çap edilen Kakamyrat Rejebowyň goşgularyny görkezip, ondaky ýürek damarlaryňy yzarlaýan setirlere, şahyryň ulanýan meňzetmelerine haýran galýandygyny aýtdy. Reýimbaý aganyň hem kämahal goşgy ýazaýmasynyň barlygyndan habarlydym. Onuň «Garagum» žurnalynyň, «Daşoguz habarlary» gazetiniň irkiräk sanlarynda çap edilen rubagylaryny okapdym. Hatda üç-dört ýyllykda welaýat gazetinde «Reýimbaý Sabyrowyň rubagylary» diýen makala-da gözüm düşüpdi. Şonuň üçin ondan: — Reýimbaý aga, soňky wagtda rubagy ýazaňyzokmy? — diýip, soradym. Ol gülüp: — «Isgenderiň şahy bar» diýlip gygyrylan gurruk guýy hakynda eşidipmidiň?! Eşiden bolsaň, şygryýet şol guýy mysaly, käte ýüregimdäki pynhan duýgularymy goşga-da siňdiräýmäm bar — diýip, soňky düzen rubagylaryndan okap berdi. * * * Bir gün «Ýangi turmuş» gazetiniň redaksiýasyna Türkmen döwlet uniwersitetiniň iki sany talyby Reýimbaý Sabyrowy idäp gelýär. Bular edebiýat meýdanynda ýaňy şol wagtky ynamly gadam urup başlan ýaş ýazyjylar Hojanepes Meläýew bilen Hudaýberdi Diwangulyýewdi. Şol pursat Beki Seýtäkowyň: «Türkmençe eser ýazjagyň çynyň bolsa, özüň ýaly ýaş türkmen ýazyjylary bilen gatnaş, dil öwrenersiň» diýen sargydy ýadyna düşýär. Olaryň getiren hekaýalaryny Reýimbaý Sabyrow özbek diline terjime edip, «Ýangi turmuş» gazetinde çap etdirýär. Soňra olaryň bu tanyşlygy uzak ýyllar dowam eden duz-emekli gatnaşyga, ygtybarly dostluga öwrülýär. Hojanepes Meläýew «Sowetskiý pisatel» neşirýatynyň redaksion kollegiýasynyň agzalygyna saýlanandan soň «Sen diňe özbekçe, türkmençe bilen çäklenmeli däl. gowy eserleriňi dünýä çykarmak gerek» diýip, Reýimbaý Sabyrowy Aleksandr Kalpakow diýen fantast ýazyjy, terjimeçi bilen tanyşdyrýar. Bu iki ýazyjynyň edebi gatnaşyklarynyň netijesinde Reýimbaý aganyň birnäçe eserleri rus diline terjime edilýär. «Togalak dünýä», «Girdapdan kenara», «Ynsap» atly powestleri döwürleýin metbugatda-da, aýratyn kitap görnüşinde-de çap edilýär. Soňra ýazyjynyň «Togalak dünýä» atly powestler ýygyndysy rus dilinde neşir edilýär. «Ynsap» powesti tatar, rus dillerine terjime edilýär. «Gyz badagy», «Garaşylmadyk jeza», «Bir şaýylyk gudrat», «Ezraýylyň oýny», «Göwher gaşly ýüzük» atly pýessalary Daşoguzyň döwlet sazly-drama teatrynyň sahnasynda ençeme ýyllaryň dowamynda oýnalýar, dürli ýerlerde gastrollarda bolup, tomaşaçylara ýetirilýär. Reýimbaý Sabyrow 1972-nji ýylda şol wagtky SSSR ýazyjylar birleşigine agzalyga kabul edilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda oňa «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly at dakylýar. * * * Reýimbaý Sabyrow döredijilige jany-teni bilen berlen, sabyr-kanagatly, öz-özüne talapkär ynsan. Ýazyjy ýadaw gözlerini şahsy kompýuteriniň ekranyndan birsalym sowdy-da, iş stolunyň üstündäki galyň sözlügi dörüp ugrady. Işiniň arasynda: — Şunça ýyl türkmen dilinde eser ýazyp, özbek dilini unudaňkyrlan ekenim. Onsoňam türkmen diliniň many baýlygyna, köp öwüşginliligine, şirinligine haýran galýan. Käbir sözleri, jümleleri özbek dilinde berjek bolsaň, bir sözüň ýerine birnäçe sözleri ulanmaly bolýar — diýdi. Bu sözleri men Reýimbaý Sabyrowdan bir gezek däl, ençeme gezek eşitdim. Her gezek hem ene dilimize bolan buýsanjym, söýgim has hem artýar. * * * Ýazyjynyň gür baglyga, gülzarlyga bürenip oturan howlusyna gözüň düşende, ýaz ýaly mylaýym bu kişiniň kalby ýa bagdan, ýa-da bag ondan misil alandyr diýip pikir edýärsiň. Könekiler «Mal eýesiniň gözünden suw içer» diýmändirlermi?! Bu gara baglaram eýesiniň kalbyndan suw içýän bolmaly. Ilkibada baga Reýimbaý aganyň özi ideg edýändir diýip oýlanmandym. Emma onuň: «Her düýp agaja öz perzendim ýaly idi-yssywat edýän» diýen sözlerini eşidip haýran galdym. Göwnüňe, döredijilik bilen meşgullanýan adam gara zähmet bilen ýetişdirilýän agaja ideg etmegi eýgermejek ýaly. Reýimbaý aganyň bagynyň döredijiligi ýaly hasylly, dürli nygmatlara baýlygyny göreniňde bu pikirden dänýärsiň. ...Onuň öýünde has ajaýyp, dünýädäki iň datly miweleri bilen özüne imrindirýän ýene-de bir «bag» bar. Ol Reýimbaý Sabyrowyň kitaphanasy. Tekjelerdäki hatar-hatar kitaplar otagyň diwarlaryny tutup dur. Olar ýazyjynyň iş otagyny ýagtyldyp duran ýalydy. — Otagyň diwarlary kitaplara söýenip dur öýdýän. Meniň sözlerime ol çalaja ýylgyrdy. — Elbetde, bular külli adamzadyň, dünýäniň diregi ahyry. — Şularyň ählisinem okadyňyzmy? — diýip, geňirgendim. — Ählisin-ä diýmäýin, ep-eslisini okadym. Onsoňam ogul-gyzym, agtyklarym hem olary tozana basdyranok. Olar hem kitaphon. Bu ýerde ýewropa, gündogar edebiýatynyň görnükli nusgalary, häzirki döwrüň tanymal ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri, çeper eserler, ylmy edebiýatlar... garaz, dünýä akyl-parasadynyň dürdäneleri jemlenendi. * * * Reýimbaý aga bilen ilkinji gezek haçan tanyşanlygym (uzak wagt geçmedik hem bolsa) ýadyma düşenok. Emma bizi talantly şahyr Sylapberdi Muhamow tanyşdyrypdy. Şondan soň özbek ýazyjy-şahyrlaryndan eden terjimelerimi «goltuklap» onuň ýanyna kän gelerdim. Redaksiýanyň golaýyndan geçip barýan hem bolsam, ýörite onuň bilen salamlaşmak üçin sowulardym. Belki şonuň üçindir, köplenç maňa Reýimbaý Sabyrowyň şägirdi hökmünde garaýarlar. Men muny her gezek öz-özüme ykrar etdirjek bolanymda, böwrümde bir müýn meniň bilen hiç ylalaşmaýar. Reýimbaý Sabyrowa şägirt bolmak meniň üçin belent dereje bolup, oňa ýetmek üçin entek kän «çorba sowatmalydygyma», taplanmalydygyma düşünýärin. Onuň köplenç menden: — Näme ýazýaň? — diýip, soramak endigi bar. Şol pursat näme jogap berjegimi bilmän kyn ýagdaýda galýaryn. Agyz dolduryp aýdar ýaly ýazan-pozan zadymyň ýokdugy ýadyma düşüp, ýüzüm gyzarýar. — Gazet üçin kiçiräjik makala ýazyp otyryn — diýen jogabym ony her gezek kanagatlandyrmaýar. Birki ýyllykda hekaýa ýazmaga synanyşmagymy sargan ýaşulynyň menden has ulurak zada garaşýandygyny aňýan. Ol häzirden meniň uly göwrümli taryhy roman ýazmagymy käte söz arasynda ýaňzydýar. Özüniň goýberen säwligini meniň goýbermezligimi isleýär. — «Gürgenç» romanymy men güýç-kuwwatym daş ýarýan juwan mahalym ýazmalydym. Arman, müň jilweli, näz-kereşmeli durmuşyň albaýyna kän gidipdirin. Sen ýaşlykdan her gün iň bolmanda bir sahypa ýazmaga endik et. Şonda bir ýylda 365 sahypaly romanyň ýazylanyny duýman galarsyň. Ownuk zatlar bilen wagtyňy güýmeme. Ol görejimiň içine köpmanyly nazaryny dikip: — Onsoňam agajyň alabahar çykaran ýapraklarynyň bir pasyllyk saýasy bardyr, möwsümi sowlan soň, barysy paýrap ýere dökülýär — diýip gülümsiredi. Onuň edebiýat, kyssa eserlerine bildirilýän talaplar hakynda berýän gürrüňleri hem meniň döredijiligiň tükeniksiz menzillerinde aýaklanyp gitmegim, çeper eserlere elimi düzmegim üçin aýdylýan ýaly. — Her bir çeper eseriň terbiýeçilik ähmiýeti bolmaly. Eserde gozgalýan derwaýys mesele, pikir, ynsanperwer duýgular gyzykly, täsirli wakalaryň üsti bilen beýan edilmeli. Gahrymanlaryň häsiýetleri dartgynly wakalaryň içinde şekillendirilmeli. Onsoň hem her bir ýazyjynyň öz stili bolýar. Ýerliksiz ulanylan sözler, artykmaç jümledir, pikirler eseriň peýdasyna däl. Pikirimizi Çehowyň nukdaýynazary bilen delillendireli. «Uzakdan gelýän ýadaw adam ýaşyl, mahmal ýaly ýumşak maýsalaryň üstüne özüni goýberdi» jümläniň gurluşynda nätakyklyk ýok. Emma «Uzakdan gelýän adam maýsanyň üstüne özüni goýberdi» diýsek beýan gysby hem aýdyň şöhlelenýär. Uzakdan gelýän adamyň ýadawdygy düşnükli, maýsalaryň ýaşyl hem-de ýumşak bolýandygyny hem hemme bilýär. Diýmek, olary ýanjap durmagyň zerurlygy ýok. Eseriň her bir jümlesini ýaýyň peýkamy diýip göz öňüne getirsek, onuň nyşana degjegine gözüň ýetmese, çenenip hem azar galmaly däl. Reýimbaý Sabyrow häzirki wagtda «Daşoguz habarlary» gazetinde işleýär, has takygy, redaksiýanyň «edebiýat ussahanasynyň ussasy» diýsek has jüpüne düşer. Döredijilige höwesli ýaşlaryň ençemesiniň bu ýolda ýörjen-ýörjen bolup gitmegine halypa ýazyjy örän uly yhlas edýär. Reýimbaý aga olaryň käbir polady taplanmadyk hekaýalaryny öz göwejinde eredip, täze galyba guýýar. Onuň yhlasy siňen hekaýalar zer suwy berlen ýaly başgaça öwüşgin atýar. * * * Dürli häsiýetler, zehin, ukyp-başarnyk, päk duýgular, ýagşy niýetler mozaikanyň reňbe-reň daşlary kimin adamy bezeýär. Bu bölek-bölek ýazgylaryň mozaikasy hem Reýimbaý Sabyrowyň ýazyjylyk ussatlygyny, belent adamkärçiligini ähli taraplaýyn suratlandyrmak maksady bilen döredi. Gurban GURBANOW, žurnalist. “Garagum” žurnaly. №3, 2022. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |