01:47 Köçämize seniň gadamyň düşdi... | |
KÖÇÄMIZE SENIÑ GADAMYÑ DÜŞDI...
Goşgular
![]() Köçämize seniň gadamyň düşdi: Yhlasly suwlanan, sabry suw bolan köçe ogşap galýar aýaklaryňdan. Ýolgyra ekilen al-elwan güller Görk alypdyr seniň ýaňaklaryňdan. Hemme saňa höwes bilen garady, Gözlere nur bolup siňip barýarsyň. Içiňden buýsanyp, emma sen haýaň Öňünde başyňy egip barýarsyň. Saçlaryňy sypap geçen şemalam, Ys alypdyr seniň sepen müşkiňden. Şatlyga beslenip gussaly göwnüm, Nur çaýyldy köçä nurly keşbiňden. Seniň aýaklaryň sesine kybap, Kalbymda oýandy üýtgeşik seda. Göwnümemi ýa däl, emma şu gün-ä Köçämiz owadan göründi juda. Hawa, köçä seniň gadamyň düşdi... Gurban GURBANOW. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |