06:50 Aşgabadyñ köçeleri | |
AŞGABADYŇ KÖÇELERI
Goşgular
Halkymyň pälinden nusga alan soň, Synla, bu köçeler şeýle nurana. Gelenlere gujagyny açyp dur, “Ýoluňyz ak bolsun” diýer ugrana. Güller misli güler ýüzli ynsan deý, Ýylgyryp dur köçäň gyralaryndan. Gijelerne ýyldyzly giň asman deý, Merjen deý lowurdar çyralaryndan. Köçelerde söýgi, mähir nury bar, Göreçlerden mähir seçelenip dur. Howanyň ýüzünde görünmez gubar, Güller atyr saçyp, müşk eçilip dur. Aşyklaryň seýlinden bu gijeler, Görke geler gül jähek ýanýodalar. Aşyk ýigdi ýüpsiz baglan köçeler, Beýle şirin eken yşky wadalar. Wada wysal tapdy toýa syrygyp, Köçeler ugradar ak kejebäni. Şäher çyralardan monjuk dakynyp, Ýatladyp dur toýa barýan enäni. Gurban GURBANOW. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |