23:11 Otparazlaryñ ody bilen söhbet | |
OTPARAZLARYŇ ODY BILEN
Goşgular
SÖHBET – Eý, ot – ynsanlaryň ilki ynanjy, Berdaş berip bilmän ýagmyrdyr ýele Ýa-da wagtyň ýowuz synaglaryndan geçmän, ýetmediňmi soňky nesile?! Bes etdiler saňa ynanmasyny, Bes etdiler saňa sygynmasyny, Aýtsana, nämeden munuň sebäbi Ýa ýatdan çykdymy pederleň däbi?! – Ýok, ýalan, ýok, ýitmedim men, Ynsanlar Duşman bolmasyn diýp biri-birine, Men ynama hemem söýgä öwrülip, Siňdim ynsanlaryň ýüreklerine. Şondandyr gözleriň otly bakyşy, Şondan gyzgynlygy damarda ganyň. Men ilkbaşdan aňypdym ýagtylyga hem Ýylylyga mätäçdigni ynsanyň. Gurban GURBANOW. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |