16:01 Jarçy / oçerk | |
JARÇY
Hekaýalar
Köneürgenç etraby 1972-nji ýylyň pagta taýýarlamak baradaky döwlet tabşyrygyny berjaý edip, hasyl toýuny uludan tutupdy. Toýa golaýdaky, daşdaky etraplardan hem myhman bary gelipdi. Etrabyň ilatynyň aýak biteni hem şol ýerdedi. Gazan bary ataryldy. Ýelgamak ýaly oglan-uşaklar märekäniň hyzmatynda iki baka at salýardylar. Bagşy dessanyny tamamlasa-da,onuň töweregindäki adamlar selçeňlänokdy. Halaýyk aýlawa çenli tirme aýdymlar bilen gulaklarynyň posuny açýardylar. Şol mahal märekäniň çetinden bir adam girip geldi. Onuň egninde possun, başynda şypyrma,aýagynda alaja eriş bagly ýüň dolak dolanan çokaý bardy. Ol ne toýuň hyzmatynda ýüwrüp ýö- renleriň, ne bagşy diňläp oturanlaryň gözüne ildi. Görenlerem üns bermedik bolmaga çemeli. Ol şol gelşine märekäni ortalaberende ellerini guýguç şekilli tegeläp, agzyna tutup, bar sesi bilen gygyrmaga başlady: — Ah-ha-how, adamlar, aýlaw başlajakdyr-la-how! Seýisler tomaşa çapyljak atlary getirmelidir-le how! Märekäniň nazary oňa gönükdi. Jarçy ýene gygyrjak ýaly etse-de, ençe nazaryň öňünde özüni ebeteýsiz duýdy. Şolpursat oglanlykdöwri, aýlawlarda Atanazar,Ödew, Çonak ýaly meşhur jarçylaryň edýän hereketleri göz öňünde janlandy. Özüni ele alyp, has belent ses bilen jar çekmäge başlady. Toýa gelen märeke at çapyşygynyň boljak ýere süýşüp ugrady. Şol mahal märekäniň içinden biri: — Äl-äýt, zaluwatda ses-ä bar eken. Jarçy bolmadyk bolanda bagşy bolardy bi — diýip, gürrüňe ýol açdy. Ýolugra telpegini çykaryp, elýaglygy bilen maňlaý derini süpürip barýan ýaşuly: — Sesi ýag ýaly eken-aý. Kim diýýärler muňa? — diýdi-de, bir zat gözleýän ýaly töweregine ýaltaklady. Häliden bäri, sesini çykarman gelýän ýaş ýigitleriň biri ýaşulynyň jogaba garaş- ýanlygyny duýup: — Ol-a Gazakbaý mugallym — diýip, jogap berdi. Gürrüňe ýene bir deşli pyýada goşuldy: — Hä-ä, ýerli radioda gepleşikleri alyp barýan Gazakbaý Gandymow diýsene! Aýtdym-a sesi ýaman tanyş diýip. Şol toý Gazakbaý aganyň jarçy bolup, orta çykan ilkinji märekesi boldy. Şondan soň onytoý-märekeleretiz-tizden çagyryp ugradylar. Bir ýerde bagşyly, göreşli, at çapdyrylýan toý tutulsa, hökman Gazakbaý Gandymowy idäp gelerdiler. Ol aýlawa goşulýan atlaryň adyny, eýesiniň kimdigini bäş barmagy ýaly bilýärdi. Göreşe çykýan pälwanlary, nireden gelenligini märekä tanyşdyrmaly bolanda göreşiň bekewüline garap durmazdy. * * * Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda uly at çapyşykly toý tutulýardy. Gazakbaý aga aýlawa goşuljak atlary birme-bir tanyşdyryp durdy. Ol ses güýçlendiriji arkaly gürlese-de, ellerini agzyna tutmasyny goýmandy. Öwrenilen endik örkleseň-de durmaz diýilmesem dogrudyr welin, belki, ol jarçylyk sungatynyň asylly däplerini, hereketlerini ýoýman dowam etdirmäge çalyşýan bolmaga çemeli. Onuň egnindäki possuny, başyndaky şypyrmasy, aýagyndaky çokaýy hem şondan habarber ýärdi. Aýlawa goşulanatlar, çapyşygyň gidişi barada Gazakbaý aga uly şowhun bilen mähelläni tanyşdyryp durdy. Atlar dogry ýola düşen mahaly köp çarşenbäni başdan geçirenligi çöňňelen gözlerinden görnüp duran ýaşulularyň biri: — Tüweleme, adamyň ýaşy gaýdyşsa-da, sesi öňküligine galýan eken-ow. Gazak- baýyň sesi üýtgemändir. Ýa bu sesiň başga bir syry, tilsimi barmyka, sakgaldaş?! Biziň sesimiz-ä garry garganyň sesi ýaly gyryljyrap dur haçan görseň — diýip, jarçynyň ýakymly sesiniň täsirinden çykyp bilmän sözledi. — «Halypa jarçylar: «Gowy, durysesiň bar. Sesiňi aýa,jarçynyňkybokurdagy bilen- dir. Sowuk, şireli, duzly,ajyzatlardan daşda bol. Esasan hem,orta çykmazyňdan öňünçä gök önümlerden dadaýmagyn. Ýyly suwy bokurdagyňda gaýnadyp, çaýkap, toýdan öň bokurdagyňy seýislemegi kän maslahat beripdiler» diýip, Gazakbaý aga bir märe- kede gürrüň beripdi — diýip, Gazakbaý aganyň obadaşlarynyň biri gürrüňe goşuldy. — Gazakbaýşol sesi bilen il içinde tanaldy— diýip,oňa ýanaşykoturan nazarkerde goja käbir sözüne saldam berip gürledi. Şol barmana atlar pellehanadan geçdi. Ýene-de Gazakbaý aganyň ýakymly sesi eşidildi: — Adamlar, gözüňiz aýdyň, Juma seýsiň aty çykandyr-la how — diýip, hoş habary märekäbuşlady.Bu ata janköýerlikedýänleralagoh bolup,seýisi gutladylar.Deň-duşla- ryatoglanyeýeriň üstünden göteripalyp,ýokaryzyňyp,gapmagabaşladylar.Şolmahal: — Ah-ow, halaýyk, eşitdim-eşitmedim diýmäň, indiki aýyň on bäşine Ata pälwa- nyň at çypyşykly, bagşyly gelin toýudyr! — diýen jarçynyň nazymly sesi töwerek-daşa ýaýrady. Çakylygyiki-üçýola gaýtalan Gazakbaýaga bir pursat toý mähellesini synlady. Adamlaryň toýly günlerini, aty çykanlaryň, göreşde utanlaryň şatlyklaryny il-gün bilen paýlaşýanlygyndan müň keren hoşaldygy onuň gözlerinden görnüp durdy. Soňra gaýdarman bolup ýerinden gozganyşyp ugran halaýyga ýüzlenýän ýaly: — Hudaýa şükür! Toýdan ýetirsin, gowy günlerde didarlaşalyň! — diýip, öz ýanyn- dan dileg etdi. Gurban GURBANOW, žurnalist #"Garagum" žurnalynyň N° 12-2020 sanyndan alyndy | |
|
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |