08:37 "Hamas" & gyzyl sygyrlar | |
"HAMAS" & GYZYL SYGYRLAR
Publisistika
Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: "Rebbiñ buýran kanunynyñ düzgüni şeýle: Ysraýyllylar size birkemsiz, nogsansyz, nogta urulmadyk gyzyl sygyr getirmeklerini aýdyñ. Sygyr ruhany Elazara berilsin, goşunyñ ýerleşen ýeriniñ daşyna çykarylyp, onuñ öñünde damagy çalnar. Ruhany Elazar barmagy bilen ganyndan alyp, ýedi gezek Duşuşyk çadyrynyñ öñüne bakan sepelär. Soñra Elazaryñ gözüniñ öñünde sygyry, derisi, eti, gany, dersi bilen bile ýakylar. Ruhany az-uçuk kedr agajyndan, merjanköşk (maýoran) otundan we gyzyl ýüplük alyp ýanyp duran sygyryñ üstüne zyñar" • Gyzyl sygyrlar ysraýyl goşunynyñ gizlin ýaragymy we yslama abanýan howpmy? "Hamas"-yñ press-sekretary Abu Obeýda 2023-nji ýylyñ 7-nji oktýabryndaky "El-Aksa tupany" operasiýasynyñ ýüzünji gününde eden çykyşynda ‘‘Red Heifer’’ jynsly sygyrlaryñ Ysraýyla getirilmeginiñ uruşy mazalh gyzyşdyryp biljekdigini we ýetjek derejesine ýetirjekdigini aýdypdy. Iudeý ynanjyna görä ‘‘Parah Adumah’’ ýa-da ‘‘Red Heifer’’ jynsly sygyrlar dini ýülünme we Ybadathana depesinde (Harem’üş-Şerif) iudeý ybadatnanasynyñ täzeden gurulmagy üçin diýseñ möhümdir. ‘‘Red Heifer’’ jynsly sygyrlaryñ Ysraýylyñ çäklerine getirilmegi "Hamas" terror guramasy tarapyndan yslam dinine we sebitdäki musulman agalygyna garşy gönükdirilen görnetin howp hasaplanýar. Bular ýaly sygyrlaryñ iudeý kyýamat ylmyndaky roly iudeýler we ysraýyl hökümeti tarapyndan onçakly bilinmeýändm bolsa, "Hamas" düýbünden başga hili çemeleşme bilen, sygyrlaryñ geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän Üçünji ybadathananyñ gurluşygyny simwolizirleýändigini pikir edýär. • "Parah Adumah" näme? Sygyr gyzylmy ýa sary? Töwratdaky iñ gyzykly rowaýatlardan birem külleri ölüler bilen galtaşýanlaryñ ritual hatarlaşdyrylmagynda ulanylan gyzyl reñkli (Gurhanyñ "Bakara" süresiniñ 69-njy aýaty: "Biziñ üçin Rebbiñe doga et-de, reñkiniñ nähili bolmalydygyny bize aýtsyn" diýdiler. Musa: "Ol: "Reñki ýalpyldawuk sary, seredenleriñ içini açýan sygyr bolsun" diýdi". Çeşme: Din işleri ministrligi) göle bolan "Parah Adumah"-dyr. Töwratda aýdylyşyna görä, ölen adama elini degren adam tegelek ýedi günläp hapa saýylýar we bu hapadan arassalanmagy üçin ýülünme dessuryny berjaý etmeli. Töwratda şu güne çenli dessur üçin bary-ýogy dokuz sany gyzyl sygyr gurban edilendigini we iudeý däbine görä geljekde ýene bir sany gyzyl sygyr gurban edilmelidigi aýdylýar. Rowaýata görä, gyzyl sygyryñ hemme tüýi hökman gyzyl reñkli bolmaly. Tüýünden iki sanysy başga reñkde bolsa-da ol garaşylýan sygyr bolup bilmeýär. Munuñ bilen birlikde ýoluna göz dikilip garaşylan bu gyzyl sygyr birkemsiz, nogsansyz, bir gezegem işledilmedik we boýnuna nogta urulmadyk bolmaly. Sygyr eger öñ bir gezek jübütleşenem bolsa, garaşylýan sygyr bolup bilmeýär. Çepden saga: Şiloaç guýusy, "Red Heifer" jynsly tüwe we "Harem’üş-Şerif" Rowaýata görä aýdylýan talaplara laýyk gelýän gyzyl sygyr tapylanda, gurban edilup, kedr agajynyn şahalary, dermanlyk issop oty we gyzyl ýüñ bilen birlikde odun üýşmeginiñ üstünde goýlup ýakylmaly we külleri "Şiloaç" guýusyndan alynan we aýratyn goralyp saklanan suwa garylyp, ölä elini degrip hapalananlaryñ arassalanmagynda ulanylmaly. Rowaýatda bu dessuryñ Ybadathana depesiniñ garşysyndaky Zeýtun dagynda amala aşjakdygy aýdylýar. Emma gyzyl kelleli sygyr tapylaýanda-da ownuk mesele bar: Ierusalim şäherinde uzak wagtdan bäriubadathana bolmandyr (Dürli döwürlerde patyşa Süleýman we patyşa Gerod tarapyndan gurlan iki ybadathana ýumrulypdyr). Ine, şonuñ üçinem edilýän talaplara laýyk gelýän sygyryñ tapylmagy, ýakylandan soñ külüniñ "Şiloaç" guýusyndan alynan suwa garylyp, arassalanma dessurynyñ tamamlanmagy diñe we diñe Mesihiñ döwründe amala aşmalymyş. Käbir jöhitler bu dessury berjaý edip ýülünmek we Üçünji ybadathanany gurmak üçin uly umytlar bilen häzirki döwürde-de seýrek duşýan şeýle sygyry tapmak üçin jan edýärler. Emma tapylýan birnäçe sygyr bildirilýän talaplara gabat gelmeýändigi üçin bir gyra zyñylýar. ABŞ-nyñ Tehas ştatyndaky daýhan tarapyndan bagyş edilen bäş sany bir gyzyl göle "Ben Gurion" howa menzilinde ýüzlerçe ysraýylly tarapyndan garşylanypdyr we "Beit Shean" diýen ýerde biriniñ mülk ýerine äkidilipdir. Gyzyk göleleriñ häzirem gurban edilmek we dessurda ulanylmak üçin üç ýaşyny doldurmagyna garaşylýar. Göleleri garşylama dabarasyna gatnaşan hahamlar çaksyz tolgunmany başdan geçirip aglanmyşlar we beýle mugjyzanyñ iki müñ ýyldan bäri bolmandygyny aýdanmyşlar. Göleleri gözden geçiren hahamlaryñ biri ýürek joşgunyny beýan edýärkä, indi ybadathananyñam gurluşygyna ýakyn wagtda başlanjakdygyny aýdypdyr. 19.09.2022 ý. Illýustrasiýa: "ISLAM Times". "Temple Instıtue" atly gurama özüni Ierusalim şäherinde üçünji ybadathananyñ gurluşygyna bagyşlan iudeý ynançly jöhitleri bir ýere jemleýän guramadyr. Bu gurama Töwratda aýdylan gyzyl reñkli, Gurhanda aýdylan sary reñkli sygyry tapmak üçin durman iş geçirýärler. Gurama 1997-2002-nji ýyllarda şeýle sygyrlaryñ ikisini tapandygyny mälim edipdir, emma soñundan geçirilen barlaglarda iki sygyryñam bildirilýän talaplara laýyk däldigi belli bolupdyr. 2022-nji ýylyñ dekabrynda bäş sany gyzyl sygyr ABŞ-dan satyn alnyp, Ysraýylda biriniñ mülküne getirilipdie. Satyn alyş prosedurasyna boýdan-başa gatnaşan hahamlaryñ aýtmagyna görä, sygyrlar gurban dessury üçin halalmyş. "All Israel News" habar saýtynda 2023-nji ýylyñ 8-nji awgustynda paýlaşylan ýazgyda bäş sany gyzyl reñkli sygyryñ Ysraýyla getirilmeginiñ döreden şatlyk-joşgunynyñ dowam edýändigi we indi ysraýyl hökümetiniñ Üçünji ybadathananyñ gurluşygyna başlamagynyñ wagtynyñ gelip ýetendigi aýdylypdyr. "El Aksa" brigadalarynyñ harby press-sekratary Abu Obeýdanyñ aýtmagyna görä, basylyp alynan ýerlere 2022-nji ýylyñ 15-nji sentýabrynda ýokarda görlen sygyrlaryñ getirilmeginiñ añyrsynda başga pyssy-pyjurlyklar bar. • Professor Zohar Amaryñ synagy Habarda şeýle-de, Bar-Ylan uniwersitetiniñ professory Zohar Amaryñ eden synagyndanam söz açylýar. Professor Amaryñ pikiriçe gyzyl reñli diñe bir sygyryñ külleri ulanylyp, 660 milliard ýülünme dessuryny amala aşyryp boljakmyş. Birnäçe hahamyñ yzyna eýerijilerine doly arassalanmandygy üçin Mukaddes Ybadathana gitmek gadagan edilendigi göz öñüne tutulanda, 660 milliard görkezijisi 10 milliona golaý ilaty bolan Ysraýyl üçin örän gowy san ýaly bolup görünýär we bütin jöhitleriñ ýekeje gyzyl sygyr bilen arassalanyp biljekdigini görkezýär. Professor Amar geçiren synagynda gadymy döwürlerde Ysraýylda ýetişdirilen baladi jynsyndan bolan sygyrlaryn birini ulanypdyr. Ulanylan janaweriñ reñki gyzyl däl eken. Biçäre sygyryñ doly ýanyp gutarmagy dokuz sagada çekipdir we ahyrynda onlarça kilogram kül emele gelipdir. Emele gelen külüñ 5,2%-i Ierusalim arçasyndan, 6,7%-i badam agajyndan, 8,5%-i çynar agajyndan, 7,4%-i serwi agajyndan, 5,4%-i hoz agajyndan döräpdir. Professor Amar şeýle-de, sygyry we süñklerini doly ýakmak üçin dowamly ýanyp duran uly oduñ gerekdigini nygtapdyr. Munuñ üçin ol Hindistanda we Nepalda ýerine ýetilýän oda ýakyşlyk dessurlaryndan täsirlenendigini aýdypdyr. Professoryñ synagyna görä, 100 kg etiñ agyrlygyndaky sygyryñ doly ýanmagy üvin 5.2 tonna odun gerek bolýarmyş. Doly ýakylan sygyrdan alynan düzümi sygyrly külüñ mukdary 2-4 kg (Sygyryñ 5,3%-ne golaýy). Professor Amaryñ täsin synagynda ulanylan baladin jynsly sygyr 270 kg agyrlykda eken we dini esaslara laýyklap ýakylan haýwanyñ kellesi güntota, aýaklary günbatara bakdyrylypdyr. "Ylmy" synagda jemi 1,4% tonna odun ulanylypdyr we ahyrynda 66 kg kül alnypdyr. Professor Amaryñ pikiriçe 250 litr suw sygýan gaba 2-3 gram kül ýeterlikmiş. Şol hasaba görä 66 kg kül 660 milliard suw damjasyny döredýär we ölülere elini degrendigi üçin hapalanan jöhidiñ dini taýdan arassalanmagy üçin ýekeje damja bes bolýarmyş. Professor Amar bir sygyryñ küli bilen näçe jöhidiñ arassalanyp biljekdigini anyklamak üçin eden synagynda, Hindistanda we Nepalda şumada çenli dowam edip gelýän kremasion dessurlaryna esaslanypdyr. Synagyñ taýynlanmagy birnäçe aýa çekipdir we halk köpçüligi bilen habar beriş serişdeleriniñ gözünden uzakda amala aşyrylypdyr. Suratda Zohar Amaryñ guran we içinde arça, dub, injir agaçlarynyñ ýakylan dik dörtburçlyk çukur bar. Çeşme: Professor Zohar Amar via ISRAEL365NEWS Hristianlaryñ mukaddes kitaby Injilde bolsa her bäş ýyldan bir gezek Ysraýylda gyzyl sygyryñ dogulýandygy aýdylýar, bulam käbir ynanýanlar üçin Isa pygamberiñ gelmeginiñ ýakyndadygyny añladýarmyş. Isa pygamber hem edil gyzyl sygyr ýaly tegmilsiz eken. Gyzyl sygyr goşunyñ duran ýerinden daşyna çykarylyp gurban edilen wagtynda Isa pygamber haça çüýlenenmiş. Edil gyzyl sygyryñ adamlary ölümiñ hapasyndsn arassalaýşy ýaly, Isa Mesihiñ pidakärligi-de adamlary jezalandyrmakdan halas etmelimiş. • "Hamas" näme diýýär? Görünişinden, "Hamas" topary gyzyl reñkli sygyryñ Ysraýylyñ gizlin ýaragydygyna ynanýar. "Hamas" gyzyl sygyrlaryñ getirilmeginiñ "El-Aksa" metjidiniñ ýykylyp, ýerine iudeý ybadathanasynyñ gurluşygy üçin ädilen ädimdigine ynanýar. Ysraýylly haham eline lupa alyp, tehasly maldaryñ bagyş eden gyzyl sygyrlaryndan biriniñ üstünde başga reñkli tüýüñ bardygyny-ýokdugyny barlaýar. Fotosurat: STR New Iñ soñly tehnologiýanyñ önümi bolan ýaraglaryñ Ysraýyl-"Hamas" çaknyşygy bilen birlikde ähli söweş meýdanlarynda jort atýan dünýäsinde Ysraýyl hakykatdanam gizlin we garaşylmadyk ýaraga öwrülip bilermi? Injildäki we Töwratdaky rowaýatlardan başga ýerde bular diñe tüýleriniñ reñki gyzyl bolan tapawutlandyryjy aýratynlyklary bilen ýönekeý we beýleki sygyrlar ýaly sygyrdyr. Dronlaryñ we söweşjeñ istrebitelleriñ jort atýan söweş meýdanlarynda gyzyl reñkli sygyrlar uruşyñ ykbalyny kesgitläp bilermikä? Eýsem gyzyl sygyrlar Ysraýyl-"Hamas" çaknyşygynda güýç deñagramlylygyny we uruşyñ ugruny üýtgedip bilermikä? Reñkleriniñ gyzyl bolmagyndan başga beýleki ähli sygyrlar bilen birmeñzeş taraplary bolan bu emjekli haýwanlaryñ nämeleri edip biljekdigini garaşyp görmekden başga alajymyz ýok... P.S.: Şeýle-de 2023-nji ýylyñ 7-nji oktýabryndan bäri dowam edip gelen Ysraýyl-"Hamas" söweşinde 2024-nji ýylyñ 22-nji ýanwaryna çenli köpüsi aýal-ebtat we çaga bolan 26 müñden gowrak adamyñ ölendigini-de bilmegiñizi isleýäris. Erjan JANER. 29.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |