00:36 Han ykbaly / hekaýa | |
HAN YKBALY
Hekaýalar
Daňdanyň ümründe bir topar atly Tagtanyň ilersinden geçýän gumak ýol bilen Bedirkent galasyna tarap gyssagly geçip gitdi, atlylaryň atlaryna urýan gamçylary olaryň örän gyssanmaç barýandyklaryny aňlamak bolýardy. Şol atly toparyň arasynda gara telpekli, gyrmyzy donly, sakal murty timarlanyp bejerilen, biline daňylan sary guşagynyň üstünden agaç gaply nagan ýaragyny sallap goýan adam aýratyn tapawutlanýardy, ony görenler «Hökman bir tiräniň hany ýa-da serkerdesidir» diýip pikir etmegi mümkindi, onuň ýüzüniň örän hyrsyz görünmegi has hem sustyňy basýardy. Oňa Bally han diýip ýüzlenýärdiler. Olar Jüneýit hanyň huzuryna barýardylar... Bally han Jüneýit hanyň nökerleriniň arasynda özbek we gyrgyz hanlary bilen bolan söweşlerde tapawutlanandygy üçin han ony götergiläp, ynam bildirip, birki ýyllykda Köneürgenjiň öňki emeldary Gurbangylyç hanyň tarpa taýyn aradan çykandan soňra şonuň ýerine belläpdi. Bally han özüniň ilkinji günlerinden başlap hanyň ady bilen baýamagyň aladasyny edip, özüni harsy dünýälige urdy, halkyň hal ýagdaýyny diňlemäni olary ezmek bilen boldy, ýygnalýan pajyň möçberini köpeldip, halkdan ýygnan pajyň belli bir bölegini gizläp, Jüneýit hanyň özüne bolan ynamyndan peýdalanyp, baýamak maksady bilen her dürli musulmançylyga gelişmejek hereketlere baş goşýardy. Ol baryp ýatan heleýbazdy, adamsy uruşda ýa-da başga bir sebäp bolan ýogalan dul gelin görse, bir gijelik haram keýp üçin hiç zatdan gaýdanokdy, eger-de gelinden gaýtargy alan ýagdaýynda ýalan töhmetler ýaýradyp ony masgaralamak bilen meşgul bolýardy, çagalaryny ýanyna alyp, Bally hanyň ýalan-ýaşryk töhmetlerine çydap bilmäni göçüp giden ýa-da özlerine kast eden gelinler az bolmandy. Bu ýagdaýlar Jüneýit hana ýetirilýärdi, ýöne Bally hanyň Jüneýit han bilen bolan duşuşyklarynda «Ol özüniň hana wepalydygy, aýdylan zatlaryň özüne ýamanlyk etmeklik üçin duşmanlary tarapyndan edilýändigini» aýdyp, öwlýälerden, çörekden, Gurhany-Kerimden ant içip hany ynandyrýardy, Jüneýit han hem Bally han barada eşiden zatlary onuň bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, «Görüplik üçin töhmet atýandyrlar», diýip doly eşiden gep-gürriňlere ynanyberenokdy. Ýöne adamlaryň agzyny ýygyp bolanok, Jüneýit hanyň höküm sürýän ýeriniň dürli ýerlerinden her dürli gürriňler, myş-myşlar gelip çişirilip-çişirilip hana ýetirilýärdi, Bally hanyň hereketleri baradaky gürrüňler hem şol myş-myşlardan çişirilip ýasalan gürrüň hökmünde han kän bir üns bermeýärdi, ýöne ýaňy ýakynda Tagtanyň içinde bolan waka, onda-da garry seýisiň aýaly Ogultagan enäniň soňky deminde ýarym-ýaş bolup han huzuryna gelip bolan waka barada arz edip, ertesi hem bu dünýäden gözüni açyp ötendigi, Jüneýit hanyň Bally han barada öňki-soňky eşiden zatlaryna bolan ynamsyzlygyny zym-zyýat etdi, Bally hanyň on ýyla golaý hana hyzmat edip çemçeläp ýygnan abraýyny bir suprada düşürdi. Bally hanyň eden etmişi hiç bir zat bilen satyn alyp ýa-da öwezini ýerine goýup boljak zat däldi, Jüneýit hanyň gözüniň öňünde «Ogultagan enäniň Bally handan gan hununy we çagasy ýaly edip goja seýis bilen bile sereden bedewini yzyna alyp bermegi haýyş edip aglap-aglap bolan wakany gürriň bermegi» hanyň we onuň iki gapdalynda aýbogdaşyny gurup, garry enäniň arzyny diňläp oturan ogullarynyň gaharyny getiripdi. ... «Bally han bilen baglanyşykly waka şeýle bolupdy, Tagtanyň ilersinden geçýän gumak ýoluň gyrasynda Hudaýberdi atly adam aýaly bilen ýaşaýardy, bularyň çaga-çugalarybolmandy. Hudaýberdi aga seýisçilik bilen meşgullanýardy, onuň seýisläp ýetişdiren bedewleri barada gürriňler çar tarapa ýaýrapdy. Hudaýberdi aga garypja külbesiniň işiginde ajaýyp bir bedewi seýisläp, aýaly-ikisi şol bedewe çagalary ýaly guwanyp seredýärdiler, şol bedew olaryň bar guwanjydy, segseniň onlugyndan giren goja her gün ir-säher bedewini göreninde ýigdelen ýaly bolup, yzynda hiç bir nesiliň galmandygy baradaky pikirlerini ýatdan çykarýardy, bedew hem gojanyň hereketine düşünýän ýaly bolup kişňäp, gojanyň ellerini ysgap, her dürli oýunlar edip gojanyň göwnüni göterýärdi. Hudaýberdi aga bilen Ogultagan eje bedewe guwanyp tapanja zatlaryny bedew bilen paýlaşyp iýip içýärdiler. Goja bedewini kä-wagtlar goňşysy Kakajanyň ogly Myrada ynanyp at çapyşyklaryna goşýardy, bedew şol çapyşyklardan mydama diýen ýaly baýrak alyp garrylary has-da begendirýärdi, bedewiň baýrakly gelen güni Hudaýberdi aganyň garypja külbesi goňşy golamdan dolup, iki tar dutardan başy çykýan goňşy obada ýaşaýan Gurban çapygyň ýegeni Sazagyň häsini ýetirip, onuň çalýan sazlaryny öwüp, ony uly halypa çykan bagşylara deňäp öz-aralarynda jedelleşip külbäniň içini daşyny ala-ýaza dönderýärdiler. Çar tarapdan Hudaýberdi aganyň taýlygyndan seýisläp ýetişdiren bedewiniň owadanlygyny onuň ýyndamlygyny eşidip gelen söwdagärler seýisiň atyna bolan söýgüsini eşidip, käbirleri bolsa gözleri bilen baryp görüp hiç zat diýmäni yzlaryna boş gaýdýardylar, käbir harsy dünýä söwdagärler gojadan atyny satmaklygyny soranlarynda, goja olara hemmelere berýän «Özüniň şu dünýäden ötýänçä atynyň hiç bir nyrha satylmajakdygyny» aýdanyndan soňra kellelerini iki-ýana yrap, hyrydar gözleri bilen bedewi synlap yzlaryna dolanýardylar. Bedewiň ýyndamlygy barada gürriňler Bally hanyň gulagyna hem ýetipdi, onuň hem Tagtanyň üstinden geçende şol bedewi görmek hyýaly hiç ýadyndan çakmandy, Jüneýit hanyň huzuryna baryp, Bedirkent galasyndan çykyp yzyna Könürgenje tarap ugranynda Bally han, Hudaýberdi aganyň «Göroglynyň gyr atynyň tohumyndan» diýip adamlaryň dilinden düşürmeýän bedewi görmek üçin atlylary bilen gojanyň ýaşaýan garypja külbesiniň işigine bardylar, bir topbak atlynyň göni öýleriniň golaýyna gelip duranyny gören Ogultagan eje Hudaýberdi aganyň ýüzüne soragly gözleri bilen seretdi, goja hem egnini gysyp, ak sakalyny sag eliniň barmaklary bilen darap göýberip, hiç zat diýmäni ýerinden turup garaşmadyk myhmanlary garşylamak üçin daş çykdy. Hudaýberdi aganyň özlerine garşy gelýänini gören Bally han gara reňkli atynyň üstinde oturan ýerinden, ýanynda duran nökeriniň ýüzüne seredip, gojanyň çepiksizje göwresine göwniýetmezçilik edip ýylgyran boldy, ýaranjaň nöker hem hanyň gülümsirimesine meňzeş jogap berdi. Garry seýis gelip, soragly nazaryny atlylara seredip salam berdi, han onuň salamyny sowuk-sala aldy, gojanyň garaşylmadyk myhmanlara atdan düşüp külbesine girip çaý içip gitmekligi teklip edende, Bally han oňa özüniň wajyp iş bilen geçip barýandygyny, gojanyň atyna hyrydar bolup gelendigini dişinden syzdyryp aýdanda, garry seýsiň ýüzi üýtgäp gitdi, hanyň iki görejine göni seredip «Bedewiň satylmaýandygyny» aýdanda Bally han ulumsylyk bilen goja «garry sen atyňa kesen bahaňy aýt, men şu aty alyp gitmäge geldim» diýeninde garry seýs öňden gaýtalap aýdyp ýören sözüni «Özüniň şu dünýäden ötýänçä atynyň hiç bir nyrha satylmajakdygyny» aýtdy, şol wagt Bally hanyň sag elindäki nagandan ot çykyp gitdi, goja seýis döşüni tutup dyzyny epdi we gumak ýola ýüzün ýykyldy. Bally han ýanynda duran iki sany nökere külbäniň işiginde adam ýaly duýgur, bolmasy bir işiň bolanyny aňan ýaly bolup, gazygynyň daşyndan aýlanyp, kişňäp-hokranyp duran bedewe tarap kellesini ümläp, aty alyp yzlaryndan ýetmegi tabşyryp, ýüzüni Köneürgenç tarapa tutup atyny ýorgaladyp ugrady,Ogultagan ejäniň dat-perýadyna garaman, nökerler bedewi gazykdan boşadyp hanyň yzy bilen ugradylar, goňşy-golam üýşýänçä atlylar Tagtanyň çäginden çykyp gitdiler... ...Jüneýit hana ýaranmak maksady bilen sylag-serpaýly gelen Bally han özüne garaşylýan jezadan habarsyzdy, ol bir-iki aýlykda Tagtanyň çäginde garry gojany öldürip atyny alyp gitmegi bilen baglanyşykly wakanyň Jüneýit hana ýetendigi, yzynda bolan zatlar barada pikirem etmeýärdi, kellesinde diňe hanyň öňünde geçmeli hasabatlary barada pikir edýärdi. Ýaraglaryny hanyň janpenasyna tabşyryp iki eplenip hanyň kabulhanasyna gireninde Bally han özüne seredilýän hyrsyz, nursuz gözleri göreninde aýaklarynyň ysgyny gaçyp entiräp gitdi , endamy üşütme tutan ýaly bolup sandyrady, hana beren salamyny öz gulagy eşitmedi. Bally han özüne näme üçin beýle hyrsyz seredilýändiginiň manysyna düşünmän aljyrap duran wagty Jüneýit hanyň «Garry seýisiň atyny näme etdiň», diýip beren soragyna Bally han jogap berip bilmedi, maňlaýyny aýagynyň aşagyna ýazylan gyzyl gülli hala diräp, günäsiniň geçilmegini sorap, yzyny bolsa düşünip bolmajak bir zatlara ýazdyryp samyrdap başlady. Jüneýit hanyň ümlegi bilen Bally hanyň iki gapdalyndan tutup aýagyny çala ýere deger-degmez edip alyp gitdiler... Sapardurdy KAKABAÝEW, polisiýanyň maýory. | |
|
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |