23:45 Hat | |
HAT
Goşgular
“Hat gelmedi” diýip çekmegin gussa, Gaýtam garaş öňküdenem on esse. Mendirin - şol alabahar günleri Agaçlar pyntyklap, Şemal öwüsse. Oglanlaň köpüsi barandyr gaýdyp, Sorasaň, salamym bererler aýdyp, Bardyryn men, Ýaşap ýörüs sag-aman, Göwnüňe getirme, ýokduryn öýdüp. Ýalňyz günüň sora ýalňyzlygyňdan, Gamgyn günüň sora gamgynlygyňdan, Güneşden, ýeňişden, aýdymdan sora, Olar saňa habar ýetirer menden… Ýene-de nämeler aýtsamkam saňa, Şeýle bir dürrüň kän aýdyp-diýere. …Gije orun berip gyrawly daňa, Ýene bahar geldi biziň bu ýere. Yranyşyp berýozalaň şahasy, Aýdyma başlady telleri bilen. Örtüldi üstümiz al-elwan bolup, Eneleň getiren gülleri bilen. Boýny galstukly sakçylar gelýär, Gülleň terligini saklamak üçin. Ter gülleri – ter dünýäni syn edip, Aýlanyp ýörüs biz älemiň için. Gursagy nygmatly pasyllar gelýär, Ilkinji sowgadyn bagryna basyp. Ine, şeýdip ýaşap ýörüs müdimi, Dünýäniň sesine biz gulak asyp. Bilýän hat gelmesi kesildi diýip, Gijeler, gündizler garaşansyň sen, Berjaý edip ýörkäm soňky buýrugy… Bu haty ýazmaga ýetişmedim men. Halyl KULYÝEW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |