20:46 Haýran galdyryjy ýagdaýda yz galdyrman gaýyp bolan adamlar | |
HAÝRAN GALDYRYJY ÝAGDAÝDA YZ GALDYRMAN GAÝYP BOLAN ADAMLAR
Geň-taňsy wakalar
Adamlaryñ gözüniñ alnynda haýran galdyryjy ýagdaýda gaýyp bolan adamlar hakynda aýdylýanlara köplenç ynanmazçylyk bilen seredýärler. Edil "Bermud üçburçlygy" hakynda aýdylýanlar ýaly. Ýöne "Şeýtan üçburçlygy" diýlibem tanalýan "Bermud üçburçlygynda" ýitirim bolan amerikan istrebitelleriniñ we gämileriniñ yzyna häli-häzurem duş gelinmedi hem-de muña degişli anyk bir zat aýdylyp bilinmedi. Samolýotlaryñ, gämileriñ ýitirim boluşyny käbir alymlar "ol ýerde wagt döwülmesiniñ ýa-da wagt jaýrygynyñ döreýändigi we şonuñ ýaly pursatda şol ýere golaýlaşanlaryñ başga tüýse geçýändigi" bilen düşündirýärler. Bu gipoteza hem doly tassygyny tapanok. Ýöne soñky ýyllarda şwed we rus alymlarynyñ bilelikde geçiren barlaglarynyñ dowamynda "kuantum geçirişi" boýunça gyzykly netijeler gazanyldy. “Kuantum geçirişi” bilen biologiki obýekt hakyndaky informasiýanyñ islendik aralyga şobada ýetirmegiñ mümkindiginiñ üstüni açdylar. Synaglar geçirilende syçanlar ulanyldy. Gazanylan netijeler hakynda jikme-jik maglumatlar berilmedi. "Fringe" ("Грань") atly amerikan ylmy-fantastiki teleserialynda Federal derñew býurosynyñ (FBI) işgärleriniñ Bostonda aýan edilmeýän geñ-tañsy wakalar boýunça alyp barýan işlerinden we ylymda jogap tapmasy kyn fantastiki hadysalardan söhbet açylýar. Teleserialda her kesiñ we hemmeleriñ taýynyñ bardygy ýañzydylmak bilen, ýaşaýan dünýämize parallel başga bir dünýä garşy göreş alnyp barylýar we bir dünýäden beýleki dünýä geçip bilýänler bar. Taryhda sebäplerini düşündirip bolmadyk we häli-häzirem syrlaryny gorap saklaýan gaýyp boluş wakalary bar. Ol wakalaryñ üstünden uzak-uzak ýyllar geçse-de, häzirem syryny çözmek mümkin däl. Ynha, dünýäniñ iñ syrly gaýyp boluş wakalaryndan käbirleri: ■ Amerikanyñ “History of Scientist” žurnalynda 1969-njy ýylyñ 30-njy iýulynda Ontarionyñ Pikton posýologynda bolup geçen wakanyñ üstünde durlup geçildi. Şol gün 13 ýaşly bir çaga gündiziñ günortany deñ-duşlary bilen top oýnap ýörkä deñ-duş çagalarynyñ we goñşy-golamlaryñ göz alnynda ýitirim boldy. Çaga iki gün geçensoñ açyk meýdanda ýene peýda boldy. Geçirilen ähli barlaglara garamazdan, iki günüñ dowamynda çaga özüne näme bolandygyny ýadyna salyp bilmedi. ■ ABŞ-nyñ Nýu-Hempşir ştatynda Waýtfild posýologynda ýaşaýan är-aýal Betti we Barni Hil 1961-nji ýylyñ sentýabrynda gezelençden dolanyp gelýärkäler, ýolda birdenkä ýitirim boldular. Är-aýal awtoulagly bir posýologyñ deñesinden geçip barýarkalar, bir yşygyñ ýalpyldap gidendigini aýdýarlar. Emma ýitirim bolan ýerlerinden 20 kilometr uzaklykda iki gün geçensoñ gaýtadan peýda bolanlarynda, geçen iki gije-gündiz özlerine näme bolandygyny we özleriniñ näme edendigini ýada salyp bilmediler. Özem olaryñ yzyndan barýan iki awtolulagyñ sürüjisi Hilleriñ awtoulagy bilen birdenkä ýom-ýok bolandygyna güwä geçdiler. Är-aýal Hilliñ we olaryñ gaýyp bolandygyny aýdýanlaryñ kellesini barlap gören lukmanlar, psihologlar we hatda olar bilen gepleşip gören astrofizikler olaryñ hemmesiniñ akyly-huşy ýerinde, oniki süññi ýerindedigine kepil geçdiler. Şeýle-de bolsa wakanyñ syry henizem tapmaçalygyna galýar. ■ Keniýanyñ Rudolf kölüniñ ortasynda ýerleşýän Enwitened adasyna ýerli halk "Barsagelmez adasy" diýip at beripdir. Ýerli halk gargyşsiñen ada hasap edip, bu adada ýaşamaýar. Iñlis alymy Wiwian Fuş 1935-nji ýylda adany barlap görmek üçin Keniýa gidipdir. Onuñ toparyndan Bill Daýson we Martin Şeflis ada gidipdir. On bäş gije-gündiz geçensoñam dolanmadyk iki barlagçyny tapmak üçin ada giden halas ediji topar olardan hiç hili nam-nyşan tapman, yzyna dolanýar. Ýerli halk Fuşa adada ýaşaýan adamlaryñam şu görnüşde gaýyp bolýandygyny, ada gidenleriñ bolsa düýpli terk edilen "göze görünmeýän oba" sataşandyklaryny aýtdylar. Adanyñ syry bolsa häzirem çözülenok. ■ Moskwaly Oksana Wolkowanyñ wakasy-da birnäçe günläp rus habar beriş serişdelerini başagaý etdi. Adaty gyş günleriniñ birinde, gijara sagat 18:00-da supermarkete gitmek üçin öýünden çykan Oksana köçede on sany adamyñ gözüniñ alnynda duýdansyz gaýyp boldy. Oksana üç gün geçensoñ özüni öýünden 100 kilometr daşlykda tapdy. Ýöne ol bu ýere nädip gidenini, üç günüñ içinde näme edendigini teý bilibilenok. Onuñ beýnisi barlandy, dürli testlerden geçirildi, gipnoz arkaly gepledildi, barybir oña nämeleriñ bolandygyny anyklap bolmady. ■ Ysmaz zerarly ýarawsyzlyga uçran Owen Parfitt 1763-nji ýylda Angliýada uýasy bilen agşamara öýüniñ howlusynda otyrka, birdenkä howa gamaşyp başlaýar. Oweniñ uýasy doganyny öýe göterip salmak üçin goñşulardan kömek soramaga ylgaýar. Ol dolanyp gelende ýarawsyz agasy oturan ýerinde ýok eken. Onuñ ýerinde diñe penjegi dur eken. Bu syrly gaýyp boluş hadysasynyñ syry kän gezek çözülmäge synanşylsa-da, hiç hili uç tapmandyrlar. ■ Kinomatografiýanyñ atasy hasaplanýan Luis le Prinsiñ hem geñ-tañsy gaýyp boluş kyssasy bar. 1890-njy ýylyñ 16-njy sentýabrynda Pariž otlusyna münen we soñky gezek goşlaryna seredip durka görülen le Prinsi küpesine girenden soñ gören-eşden bolmandyr. Otly Pariže gelende ol ýok eken. Küpäniñ aýnasyny berk ýapylandygy üçin açyp bolmandyr. Şonuñ üçinem oña otludan bökendir diýip çak edip boljak däldi. Luis le Prinsiñ başyna näme gelendigi, nirä gaýyp bolandygy häzirem näbelliligine galýar. ■ 1975-nji ýylda Jekson Wraýt aýaly bilen bile Nýu-Jersiden Nýu-Ýorka tarap awtoulagynda barýarka onuñ ýoly Linkoln tunnelinden geçipdir. Tunnelde awtoulagyñ yzky aýnasynyñ hapalanandygyny görüp, Wraýtyñ aýaly aýnany süpürmek üçin ulagdan düşýär. Wraýt yzyna öwrülip seredende aýalyna gözi düşmeýär. Ol awtoulagyndan düşüp seretse-de, aýalyny tapmaýar. Wraýt hiç hili ses-seda hem duýmandyr, geçirilen gözleglerem netije bermändir. Bu wakadan soñ Linkoln tunneline "Wagt tunneli" diýip at berildi. ■ 1655-nji ýylda Hindistanyñ Goa şäherinde bir adam işe barýarka, özüni birdenkä Portugaliýadaky dogduk mekanyndan tapdy. Bu duýsansyz "öýe gaýdyp gelişe" diýseñ köp adam şaýat boldy, ahyrynda waka inkwizisiýanyñam gulagyna ýetdi. Adamy jadygöý hasaplap suda çekdiler we diriligine oda ýakdylar. Taryhda ýekeleýin gaýyp bolmalara kän gabat gelindi. Ýöne adamlaryñ köpçülikleýin gaýyp bolmalaryna gabat gelinmedik bolsa gerek. ■ Jo Labelle atly bir awçy Kanadanyñ demirgazygyndaky eskimos obasynyñ ýaşaýjylary bilen dostlukly gatnaşykdady. 1930-njy ýylyñ noýabr aýynda Labelle eskimos obasyna baranda ynanyp bolmajak bir waka duş geldi. Çadyrlaryñ ählisi borram-boş ýagdaýdady. Ol biraz öñe ýörände düýbi ýanyp giden birnäçe gap-çanak we olaryñ içine gara-köýük bolup ýatan etleri tapýar. Labelle derhal degişli ýerlere habar edýär. Gelen barlagçylar näçe jan etseler-de, eskimoslaryñ obadan nähili gidendigine degişli hiç hili yz tapmandyrlar. Barlaglaryñ gazuw-agtaryş kysmy depe saçyñy düýrükdiriji faktlary orta çykardy. Obalylaryñ itleriniñ açlykdan gyrylandygyny we gömülendigini anykladylar. Başga bir iniñi tisgindiriji fakt bolsa has soñrak belli boldy. Eskimoslar ata-babalarynyñ ýatan gonamçylygynam boşadyp gidipdirler... # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||