ÖLI JAÝLAMA DÄBINIÑ DÜRLI HALKLARDA DUŞ GELÝÄN GÖRNÜŞLERI
Mazarystanlyk adam üçin hemişe diýen ýaly kalbyña wehim salýan ýer bolupdyr. Öli jaýlama däbi hem edil şonuñ ýaly.
Bu gorky duýgusy öliniñ ruhunyñ ýaşaýandygy we onuñ yza dolanyp gelip biljekdigi baradaky ynançdan gelip çykýar. Bu babatda dürli jemagatlarda biri beýlekisine meñzemeýän dürli-dürli edim-gylymlar bar.
Hawa, ýañam aýdyşymyz ýaly mazarystanlyk hemişe diýen ýaly kalbyña wehim duýgusyny aralaşdyrýan ýer bolupdyr. Aramyzda häzirem köp kişi gije ýa gündiz gonamçylygyñ deñesinden geçmäge gorkýandyr. Sebäbi her kes ol ýerde ölüleriñ ruhlaryna duşaryn öýdýär. Bu duýgy öz köküni gadymy döwürlerden alyp gaýdýar.
Gadymy adamlar mazardaky ölüniñ ruhunyñ ýaşaýandygyna, onuñ ruhunyñ kämahal başga haýwanyñ ýa agajyñ keşbinde dolanyp gelýändigine ynanypdyr. Şonuñ üçin ruhlaryñ ürkmezligi we olardan peýdalanmak üçin aşakda agzalyp geçiljek birnäçe edim-gylymy ýerine ýetiripdirler.
■ Mazardan alynýan ruh
Gadymy adamlar kesellemegi we däliremegi ruhuñ üýtmegine baglanyşdyrypdyr.
Madagaskarlylar şeýle ýagdaýlarda ýörite tutulan jadygöýi "başga bir ruh alyp getirmegi" üçin gonamçylyga ugradypdyr. Jadygöý bir gijeläp haýsam bolsa bir mazaryñ başyny saklap oturypdyr. Ol agaçdan ýasalan mazaryñ bir ýerinden deşik açyp, açan deşigindenem: "Eý öli! Saña ýalbarýaryn, pylany üçin maña ruh ber! Biçäre ruhsyz galdy" diýip gygyrypdyr.
Jadygöý sözüji jemläp-jemlemänkä elindäki torbany deşige tutupdyr, ruhy torbanyñ içine "salan" badyna-da näsagyñ öýüne ylgap, oña täze ruh getirendigini habar beripdir. Ol muny habar berip durka, elindäki içi "ruhly" torbany näsagyñ kellesine geýdiripdir. Näsag şondan soñ gowulaşýandygyny, ýitiren ruhuna gowuşandygyny aýdypdyr.
■ Dürli jemagatlardaky däpler
Siamda ölini soñky ýoluna ugradanda, öli ýakylmazdan öñ boksýorlar biri-birleri bilen lüti çykýan ýumruklaşýar. Üç gün dowam edýän festiwalda olar garşydaşynyñ ýüzüni tanalmaz ýaly derejä ýetirmäge çalşypdyrlar.
Gyrgyzlarda baý biri ölse, mazarynyñ başynda at çapyşyk gurnapdyrlar, göreş tutulyp babyrbilek pälwanlar güýç synanşypdyr we ýaý atma ýaryşyny geçirilipdir. Kämahal ýeñiş gazanan ezber pälwanlar müñlerçe goýun, ýüzlerçe at, birnäçe gul-gyrnak we gymmatbahaly egin-eşikler bilen sylaglanypdyr.
Başgyrtlarda hem öli jaýlanandan soñ at çapyşyk gurnalypdyr.
Sinaý ýarymadasyndaky beduin araplar Salyh pygamberiñ guburynyñ başynda her ýyl düýe ýaryşyny geçirýärler. Ýaryş gutaransoñ pygamberiñ guburynyñ başynda jemlenen beduinler aralaryndan ýörite saýlanyp alnan adamlaryñ gulagyny kesip, mazaryñ üstüne gan akdyrypdyrlar.
Kawkazda çerkesler tanalýan urşujy ýa taýpa kethudasy ölse, onuñ mazarynyñ başynda at çapyşyk we sürli oýunlary gurapdyrlar, ýeñijilere baýrak beripdirler.
Gadymy rimlilerde öli jaýlananda käbir kişiniñ kellesini alypdyrlar. Ýörite bildiriş yglan edilip kellesi alynjak adamlary tapypdyrlar. Kellesi alynmaga razy bolan adamlaryñ maşgalasyna pul berlipdir, öli jaýlananda bolsa kellesini aldyrmaga ilgezik kişiniñ kellesini uçurypdyrlar.
Çärä gatnaşýanlar üçin bu gorkunç geñsi dessur lezzet beriji tomaşa bolupdyr. Käte kellesiniñ alynmagy üçin ýüz tutýanlaryñ sany çendenaşa köp bolupdyr. Şeýle ýagdaýda müşderiler ýalbaryp-ýakarmaga başlapdyr, hatda olar kellesi alynmazdan öñ birnäçe gynamalara hem razy boljagyny aýdyp, kellerini uçurtmaga synanşypdyrlar.
Günorta Afrikada bolsa herero taýpasynyñ adamlary sygryñ gowuz süýdüni mazaryñ üstüne sepeläpdirler.
Gadymy grek we müsür medeniýetlerinde-de şular ýaly geñsi däplere duş gelmek bolýar.
Delfide Apollon bilen Artemidanyñ ýanaşyk guburlary bar. Maşgala gurjak bolýan iki ýaş oglan-gyz nikalaşmazdan öñ saçlaryny kesip şol guburlaryñ üstüne zyñýar. Dilos ybadathanasynda hudaýlara gurban edilen adamlaryń külleri hem guburlaryñ üstüne sepilipdir. Şular ýaly geñsi edim-gylymlar arkaly bol hasylyñ boljagyna ynanylypdyr.
Gadymy Müsürde Osirisiñ guburynyñ başynda gyzyl saçly erkekleri gurban edipdirler. Osiris Müsür (däneli ekinleriñ) hudaýydyr we adam gurban ediş çäresi-de bol hasyl almagy maksat edinip geçirler eken.
Indeýlerde hem ölüler bilen baglanyşykly üýtgeşik ynançlar we edim-gylymlar bar. Meselem käbir indeý taýpalarynda "göze görünmeýän ruhlaryñ tansy" diýen bir çäre bar. Taýpa jadygöýüniñ ýolbaşçylyk edýän bu çäresi arkaly öliniñ ruhunyñ ruhlar dünýäsine gidýändigine ynanylýar.
Fijide gölegçileri taýpa kethudasyny jaýlandan soñ 10 aýlap, ýönekeý birini jaýlandan soñ dört günląp elleri bilen nahar iýmek adata öwrülen. Olary ýa-ha başga adamlar iýdirip-içirýär, ýa-da ýere egilip agyzlary bilen özleri iýip-içýär.
Täze Kaledoniýada gölegçiler birini jaýlap gelenden soñ birnäçe günläp aýallaryna ýanaşman gezýär. Bu ýörelge ölä eline degrenler üçinem şeýleligine galýar.
Şeýle-de Fijiniñ Toku-toku diýen ýerinde gabyrmanlar gabyr gazanda ýeke aýakda gazaýmaly. Afrikada angoni diýen taýpada taýpa kethudasy ölende jesedi ýakylýar. Onuñ ýerine geçen täze kethuda bolsa jesediñ ýakylyşyna ýeke aýagynyñ üstünde durup tomaşa etmeli.
Hytaýlylar uzak ömri kepillendirmek üçin äre çykmadyk gyzlara altyn syrmaly ýüpek egin-eşikleri tikdirýär. Şeýle egin-eşik hyraý kalendarynyñ iñ uzyn aýlarynda tikdirilýär. Olar şeýtmek bilen uzak ýaşajakdygyna ynanýarlar. Köpçülikleýin çäreler geçirilende hem şol eşikler geýilýär.
Şweýsariýalylar ölüleriñ kepenini tikende ýüpe düwün düşürmezlige üns berýärler. Çünki olarda ýüpe düwün düşse, öliniñ ruhy baglanýar diýen ynanç bar.
Transilwaniýada ýaşaýan nemesler ölini gabra ýerleşdirende, kellesiniñ aşagyna kiçeñräk ýassyk goýýarlar. Ýassyk taýýarlananda oña düwün düşürilmän tikilýär. Eger düwün düşse, merhum gabrynda ynjalyksyz ýatar öýdüp we yzynda galan dul aýaly äre barmaz öýdüp gorkulýar.
Gresiýanyñ Karpatos (Skarpanto) adasynda ölüler adaty egin-eşikleri bilen jaýlanýar. Ýöne geýimleriñ ilikleri goparylyp aýrylýar. Merhumyñ barmagynda ýüzük hem bolmaly däl, sebäbi ilikdir ýüzük ölüleriñ ruhuny baglaýarmyş.
Meşhur geometriýaçy Pifagor barmaga ýüzük dakmagy gadagan edipdir. Tutaryk şol bir tutaryk: "Ýüzük ruhuñ öñüni bentleýär".
■ Ganly mazarlar
Awstraliýanyñ diýeri taýpasynyñ erkekleri endamlaryny ýörite ýaralap, ata-babalarynyñ mazaryny gan bilen ölleýärler. Şeýtmek bilen olar ýylandyr iguanalaryñ (uly hažžyk) köpelmegini kepillendirýärler.
Şeýle-de, Awstaliýanyñ Riwer Darling sebitinde ýaşaýan taýpanyñ erkekleri mazaryñ başynda bir-biriniñ kellesini bumeranglar bilen ýaralap mazaryñ üstüne gan akdyrýarlar. Arusta taýpasynda muny zenanlar edýär.
■ Mazarlar we agaçlar
Hytaýda mazaryñ üstüne serwi ýa-da arça ekilýär. Agaç näçe çalt boý alsa, merhumyñ ruhunyñ mazardan halas bolýandygyna ynanylýar.
Günorta Afrikadaky maraweler gonamçylykdaky agaçlary çapanoklar, gonamçylykda aýlanyp ýören janly-jandara degenoklar, öldürenoklar. Sebäbi olar gonamçylykdaky agaçlardyr haýwanlarda mazarystanlykda ýatan merhumlaryñ ruhlarynyñ bardygyna ynanýarlar.
Täze Gwineýada agajyñ her şahasynyñ bir merhumyñ ruhuny göterýändigine ynanylýar. Şonuñ üçin şahalara pagtadan öndûrilen ak matalary asylýar. Agaçlaryñ aşagynda dürli-dümen nazy-nygmat goýulýar. Şeýtmek bilen ruhlaryñ goýlan zatlardan iýip-içýändigine ynanypdyrlar.
Sibirde şamanlar ölende, olaryñ jesedi göknar agajynyñ oýulan köwegine salnyp, köwegiñ agzy ýapylypdyr. Şondan soñ ol agaç şol şamanyñ ady bilen ýatlanypdyr. Bardy-geldi kimdir biri şol agajy kesäýen ýagdaýynda, muny öz jany bilen birlikde maşgalasynyñ ölümi bilen ödemeli bolupdyr.
■ Mazarlar we ýagyş
Ermeniler haýsydyr bir mazary açyp, merhumyñ kelleçanagyny çykarypdyrlar we akyp barýan suwa oklapdyrlar. Türkiýäniñ Urfa diýen ýerinde ýaşaýan ermeniler munuñ üçin ýewreýleriñ mazaryny açar ekenler. Ermeniler şeýdenlerinde, ýagyş ýagdyrjaklaryna ynanypdyrlar.
Hindistanyñ Maýsuru şäheri ölen lepra keselli näsag ýakylman göni jaýlansa, gurakçylygyñ bolmagyna garaşylýar.
Halmaherada mazarlar daşlanýar, şeýdip gahar-gazaba atlanan ruhlaryñ güýçli ýagyş ýagdyrjagyna ynanylýar.
Dünýäniñ başga-da birnäçe ýerinde mazarlara daşdyr kesek, taýak, agaç şahalary we ş.m. närseler atylýan ýerleri bar. Bu daşdyr taýaklar üýşe-üýşe depe emele gelipdir.
Hotantolarda mazara daş ýa-da çöp-çalam atmak şowlulyk getirýär diýen ynanç bar.
Afrikanyñ käbir ýerlerinde mazara daş atylmadyk ýagdaýynda adama zyýan ýetirer diýip ynanylýar.
Siriýada ogrulardyr talañçylar ölende jaýlanmandyr. Olaryñ jesedi çetiräk bir ýere zyñylypdyr. Soñra üstüne daş atyşdyryp goýberipdirler.
Iñlis syýahatçylarynyñ biri iki sany musulman bilen eden syýahatyny şeýle gürrüñ beripdir:
"Bir daş tümmeginiñ deñesinden geçende, ýanymdaky iki musulman ýoldaşym ýerden çöpleşdiren daşlaryny ol tümmege zyñyp başladylar. Munuñ sebäbini soranymda şeýle jogap aldym: "Mazarda mundan elli ýyl öñ ýogalan galtaman ýatyr. Erbet ruhlar hemişe onuñ başujuna üýşýämiş. Pahyry biraz öz gününe goýsunlar diýip, daş atyp erbet ruhlary kowýarys".
■ Ekizleriñ mazary
Özbaşyna giñişleýin makalany talap edýän ekizleriñ mazarlar bilen baglanşygy şeýleräk: Ekizler bolçulygy, yrsgal-bereketi we ýagyş-ýagmyry alamatlandyrýar. Şonuñ üçin Günorta Afrikanyñ Limpopo derýasynyñ jülgesinde gurakçylyk döwründe ýagyş şular ýaly ýagdyrylýar: Otluk ýerde meýdanyñ ot-çöp arassalanyp, kiçeñräk meýdança edilýär. Şol meýdançada hem çukur gazylýar. Çukuryñ içine-de erñekli toýun çanak goýulýar. Çanak suwdan doldurylýar we onuñ suwy dört tarapa akar ýaly edilýär.
Soñra endamynda hiç hili ak menek bolmadyk goç öldürilýär. Onuñ mädesindäki heniz siñip ýetişmedik otlar çanagyñ içine salynýar. Çanagy kiçijik gyz çagalar yzygiderli suwdan dolduryp durýar. Bir tarapda obanyñ aýallary üýşüp çuwýalañaç tans edip başlaýarlar we "Ýag ýagyş, ýag!" diýip aýdym aýdýarlar. Eger şol wagt olaryñ deñesinden erkek adam geçäýse dagy, aýallar oña agza alyp bolmajak her dürli hapa-paýyş sözleri aýdýar. Paýyş sözleri bu dessur ýerine ýetirilýän wagty, tä göwün solpyñdan çykýança aýtmaga rugsat berilýär. Tans edip bolansoñlar hemmesi üýşüp, wagtyndan ir doglup ýogalan ekizleriñ mazaryna gidýär. Mazary açyp meýdiñ galyndylary çykarylýar we aýratyn bir ýerde goýlup, üstüne suw sepilýär. Garañky gatlyşansoñ daşyna çykarlan merhumyñ galyndylary ýene gömülýär. Diñe şondan soñ ýagyş ýagmagyna garaşylýar...
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Geň-taňsy wakalar