22:59 Kyýamatyñ wagty "Iñ soñky şamlyk" suratynda gizlenenmi? | |
KYÝAMATYÑ WAGTY "IÑ SOÑKY ŞAMLYK" SURATYNDA GIZLENENMI?
Geň-taňsy wakalar
Watikanly alym Sabrina Sforsa Galisiýa "Leonardonyñ Watikandaky iñ soñky şamlygy" atly kitabynda meşhur suratkeşiñ täze koduny açyklady. Alym Da Winçiniñ adybelli suraty "Iñ soñky şamlykda" dünýäniñ ahyrynyñ 4006-njy ýylyñ 1-nji noýabry diýip bellenendigini orta atdy. Galisiýa bu senäniñ kodunyñ Isa pygamberiñ (a.s) haça çüýlenmezden öñki agşam hawarileri bilen bile iýen şamlygyny şekillendirýän suratda gizlenendigini öñe sürýär. Watikanly alymyñ pikiriçe Hezreti Isanyñ arka tarapyndaky ýarymaý şekilli penjire "matematiki we astrologiki" kody añladýar. Bu koduñ çözgüdini tapandygyny aýdýan Galisiýa Da Winçiniñ 4006-njy ýylyñ 21-nji martynda başlap, şol ýylyñ 1-nji noýabrynda tamamlanjak "bütindünýä tupanynyñ" boljagyny öñünden bilendigi baradaky pikiri orta atýar. Galisiýa barlap ýören taryhy maglumatlarynda hem bu taryhy senäni "adamzadyñ täze başlangyjy" hökmünde görkezýändigini gürrüñ berdi. "Da Winçiniñ kody bar, ýöne ol Den Braunyñ meşhurlaşdyran kodundan bütinleý başga kod" diýen Galisiýa ABŞ-nyñ Kaliforniýa uniwersitetinde saklanýan Da Winçiniñ golýazmalary boýunça barlag geçirmegiñ ussady bolup gidipdir. Häzir Watikanyñ arhiwlerinde ylmy-barlag işlerini dowam etdirýän Galisiýa kitabynyñ dowamynda gelejekde Da Winçiniñ "gizlin koduny" mälim etjekdigini hem ýazdy. Bu kod Zodiak şertli belgilerini we latyn elipbiýinde günüñ 24 sagadyny añladýan 24 harpyñ ulanylyşyny öz içune alýar. 460x880 sm ölçegdäki "Iñ soñky şamlyk" suraty Milan şäheriniñ Santa Maria delle Grazie atly buthanasynyñ diwarynda asylgy dur. Den Braunyñ 2003-nji ýylda neşir edilen "Da Winçiniñ kody" kitaby suratda Hezreti Isanyñ ýanynda oturanyñ Ýuhanna atly hawarisi däl-de, ýanýoldaşy Mejdelli Merýemdiguni, şeýle-de onuñ Hezreti Isadan göwrelidigini orta atypdy. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |