20:51 Herkaýan gitdi | |
HERKAÝAN GITDI
Üstümizden düşdi duşman ýygyny, Bugdaýy otaryp herkaýan gitdi. Pul diýip her tarap sylar bygyny, Bäş yüz tylla alyp betgüman gitdi. On ak öýli aldy, onusam Rüstem, Olar ne Rüstemdir, bir-birden üstem. Agalar, şu derde beýhudam, sustam, Sust eýlemäň, jeset gitdi, jan gitdi. Owwal ýat eýleýip Hakyň adyny, Özi bersin her kimsäniň dadyny. Beýan etsem onusynyň adyny, Owwal bäş oglandan nam-nyşan gitdi. Alyhan beg ganym läşini seren, Pirmämmet kethuda märeke gören, Ymamberdi aga maslahat beren, Akylly, kemally, horadan gitdi. Ysmaýyl işandyr derýa göwheri, Seýit özem, seýitleriň serweri, Orazmämmet dagyň şiri, aždary, Gözlerinden ýaş yerine gan gitdi. Kethuda ogludy ol Rejepguly, Ummatnazar - atasynyň bilbili, Garaoglan neresse bakjanyň güli, Boýnun burup, zary-perişan gitdi. Dosmämmet diýer nowhany baglap, Gardaşyn ugradyp, jigerin daglap, Il-uluslar tamam zary-zar aglap, Il gerekli sütün Mämiş han gitdi. DOSMÄMMET | |
|
√ Gatmaga geldim / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Zenan imany / Goşgular - 08.07.2024 |
√ Köňülge boldy ajaýyp bela / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Ah, köňül, kemçilikden ýat boldy-la sapalar... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Bir gün ýüzüň gören kişi... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Pyragyny okasañ! / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |