HÖWRÜÑ MENDE KÖMELEK
Ýazyň ygally günleriniň biridi. Gök-parç bolan otlar ese-boýa galypdy. Dürli reňkli kebelejikler al-elwan güller bilen bäsleşip, gülden-güle gonýardylar. Oýrak ýerlerde, ulurak daşlaryň düýbünde, yzgaryň köpräk saklanýan ýerlerinde biten terje otlar gür hem ösgündi. Beýleki ýerlerde bolsa birsydyrgynrakdy. Asmanda dürli-dürli şekilli, topar-topar ak bulutlar ýüzüp ýördi. Ýaz paslynyň Güneşiniň ýylylygy mylaýym, şöhlesi bolsa jadylydy. Ol şöhlejikler otlaryň ýaprajyklarynyň üstündäki damjajyklara düşüp, olary merjen dänejiklerine öwürýärdi.
Selbijik kakasy, özünden uly dogany Didar dagylar bolup, dag etegindäki baýyrlara kömelek gözlemäge çykdylar. Kakasy aýlanyp, kömelegiň bolaýjak ýerlerini görüp ýörşüne, otlaryň aşagynda gizlenip ýatan bir güberçege gözi düşdi. Ol Selbijigi
ýanyna çagyryp:
— Gyzym, ynha, şu güberçegiň aşagynda kömelek bar — diýdi. Selbijik:
— Kaka, men alaýaýyn-da — diýdi.
— Gyzym, güberçegiň içinde her hili mör-möjejigiňem bolaýmagy ahmal. Şonuň üçin, ynha, şu kiçijik pil bilen, şeýdip, gapdalyndan çuňrak depmeli. Şonda kömelek zaýalanman alnar.
Selbi kakasynyň öwredişi ýaly, kömelegi çykardy. Ynha, bir owadanja, akja gelinkömelek. Muňa Selbijik gaty begendi. Soňra ol «Höwrüň mende, kömelek» diýip, gözläp ýörşüne özem birnäçe kömelek tapdy. Olar ellerindäki bedrejikleri kömelekden doldurdylar.
Gün öýle bolup barýardy. Birden ak bulutlar gidip, ornu- ny gara bulutlar eýeledi. Selbijik dagynyň üstüne äpet uly kölege süýşüp geldi. Selbijik:
— Kaka, bulutlar Güni gizledi — diýdi. Kakasy:
— Ol bulutlar bilen gizlenpeçek oýnaýar. Basym çykar — diýdi.
Gün bulutlaryň aňyrsynda kä ýitýärdi, käte müňzäp çykýardy. Birdenem ak bulutlar gara bulutlar bilen çakyşdylar. Ýyldyrym çakyp, gök gümmürdäp, älem-jahan sarsyp gitdi. Yzyndanam uly zenzele bilen yzygiderli güpürdä öwrüldi. Ol kakasynyň gujagynda gizlendi.
— Gyzym, gorkma! Garryja mama sanajyny kakyp, kömelegiň tohumyny sepeleýär.
Selbijigiň näler ol mamany göresi geldi. Emma gümmürdi-takyrdylar ony gaty gorkuzdy. Ol kakasynyň gujagyndan çykmaga gorkdy.
Şol wagt Güne degip duran bir bölejik gara bulutdan bolsa iri-iri ýagyş damjalary ýagyp ugrady. Selbijik:
— Kaka, seret, Gün aglaýar — diýdi. Kakasy güldi:
— Gyzym, muňa öýlänçi diýýärler. Häzir owadan älem- goşar hem çykar.
Kakasynyň aýdyşy ýaly, gözýetimde älemgoşar göründi. Älemgoşar dürli reňkli aýaklaryny ýeriň iki tarapyna diräp, Güni depesinde saklap, görlüp-eşidilmedik täsinlige öwrüldi duruberdi. Gyzjagaz agzyny açyp galdy. Ol sährany dolduryp, Günüň şuglasy düşüp, gözleri gamaşdyrýan hünjülere haýran galdy. Baýyrlar barha owadanlaşýar. Selbijigiň kakasyna köp sowallary beresi geldi. Ýöne kakasy:
— Gyzym, basymrak ýöre — diýip, ony ulaga tarap alyp gaýtdy. Selbijik:
— Ýag, ýaganak, guý, guýanak — diýip, ulagyň aýnasyndan daş-töwerege seredip, bu gözelligi synlady.
— Öýlänçi geldi... Älemgoşar çykdy... Hezillik boldy — diýip, Selbijik zol-zol ýolboýy gaýtalap gelýärdi. Ýuwnan Gün bularyň ýoluna şöhlesini bolluk bilen saçýardy.
Abdylla YSLAMOW,
ýazyjy.
Çagalar edebiýaty