19:07 Täsin adam / hekaýa | |
TÄSIN ADAM
Hekaýalar
Täleýberdi öz alan hünäri boýunça işläp, tejribe toplan hünärmendi. Ol ençeme ýyl işläp, hormatly dynç alşa çykypdy. Ol her gün entek Gün dogmanka şäheriň içinden geçýän emeli derýanyň boýnunda, bezeg baglaryň arasynda arassa howadan dem alyp gezmäge başlady. Hatar edilip tertiplije ekilen bezeg baglarynyň boý alşyny synlap barşyna dürli reňkli gülleriň owadanlygy, gülden-güle uçup gonup ýören her dürli owadan kebelekler barada oýlandy. «Her kimiň öz aladasy özüne ýetik» diýip, geçiberjek boldy. Ýöne baglaryň aşagynda endigan ekilip, her dürli gülälekli haly ýaly ýazylyp ýatan otlary orýan enjamyň işleýşi onuň ünsüni özüne çekdi. Täleýberdi onuň otlary dep-deňje oruşyna haýran galdy. Ol baglaryň damjalaýyn, otlaryň bolsa çüwdürimleýin suwarylyşyna seredip: «Gör, biz tehnika, tilsimat ulanmakda nähili öňe gitdik. Aşgabadyň töweregi, daglaryň etegi giden tokaýlyga öwrüldi. Aralaryndaky tutlaryň tudanasy guşlara iýmit bolýar. Ýerdäki jandarlaram ýere gaçan tudananyň deňinden biperwaý geçip bilmän, çöpläp iýýän bolsalar gerek. Paýtagtymyzyň seýilgählerinde asmana atylyp duran suw çüwdürimleri gijelerine dürli reňkli yşyklar bilen utgaşyp, dürli älemgoşarlary döredip hem petiş howamyzam salkynlaşdyrýar. Basym halkymyz tomsuň jokrama yssyny «Altyn kölüň» kenarynda gurulýan dynç alyş öýlerinde geçirerler. Täleýberdi oý-pikir ýumagyny çöşläp barşyna, kalbyndaky ünji bolup duran pikiri oňa çaga döwründe bolup geçen bir wakany ýatlatdy. Olaryň goňşusy Pygam aga entek şol döwürlerde obadan etrap merkezine gatnap, bir gurluşyk kärhanasynda ýolbaşçy bolup işleýärdi. Ol arassa, halal işleýän, gönümel, dogruçyl adamdy. Pygam aga ençe ýyl abraý bilen zähmet çekipdi, ýaşy dolanda-da hormatly dynç alşa çykypdy. Ol iki-üç gün dagy öýünden çykman ýatdy. Täleýberdiniň kakasy Ýaraş aga içde-daşda Pygamy görmänsoň, ondan habar almak üçin olara barypdyr. Barsa, otagynda dynç alyp ýatandygyny görüpdir. Ýaraş aga: — Pygam, ýatyp ýadamadyňmy? — diýipdir. Pygamyň bolup ýatyşy onuň göwnünden turmandyr. Ol: — Pygam, agşam «Bäri gel» edýäris. Gijä galmanjyk baraweri! — diýip, jogabyna-da garaşman çykyp gaýdypdyr. Şol gün atam, kakam, goňşulardan Hemit aga, Hudaýberen aga dagy Pygam aga bilen saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň, çaý başynda mesaýy gürrüňe geçdiler. Pygam aga-da olaryň gürrüňine goşulyşyp gitdi. Oba täzelikleri, beýleki wakalar barada dürli gürrüňler edildi. Şol gürrüňdeşligiň arasynda Täleýberdiniň kakasy Ýaraş aga: — Pygam, «Ýykylsaň, ýere ýapyş» diýipdirler. Senem indi öýüňde ýatman, ýer bilen iş salyşsaň gowy bolardy, çünki toprak bereket çeşmesi — diýdi. Täleýberdi Pygam agany ýatlap gelşine şonuň ýagdaýyna düşenine ýatlap ýylymsyrdy. Hawa: «Ýykylsaň, ýere ýapyş» diýen ata-baba nakylyndan ugur alyp: «Oýlanmaga pursat boldy» diýip düşündi... Täleýberdini oý-pikirler, ýatlamalar öz ummanynda ýüzdürip, alan mellek ýerine getirdi. Ol şol gün öýde gizläp goýan pilini eline alyp: «Saňa gezek ýetdi öýdýän» diýip, ony birlaý gözden geçirip, kalbyna kürsäp giren pikirine ýylymsyrdy-da, pilini, gerek-ýarak zatlaryny ulagyna ýerleşdirip, ýola düşdi. * * * Täleýberdi paýlanan mellek ýerleriniň arasynda aýlanyp, olaryň ýerleriniň üstüne gum getirip has ýokary galdyryp ekin ekmäge synanyşanlarynyňka baryp gördi. Her mellek ýeriň deňinde säginip, durup geçdi. Täleýberdi: «Geldiňmi?! Nähili bolsa-da indi işlemeli. Ýaltanmaly däl, hereket etmeli» diýip, özüne buýurdy-da, herekete geçdi. Oturyp-turup ýoluň ugrundan bäş-alty metr içersinden gurjak jaýynyň ornuny arzuw-hyýal bilen belledi. Mellegiň aýagujunda kömekçi jaýlaryň meýilnamasynyň pikirini edip, göz öňüne getirip, hyýalynda belläp goýdy. Galan ýerleri deňläp, pellere bölüşdirdi. Şol gün ol yhlas bilen işledi. Arasynda dem-dynç aldy, ýene başlady. Gün batyberende Täleýberdi eden işlerinden göwni hoşal bolup, öýüne gaýtdy. * * * Täleýberdi uzak gijesi bilen mellekde jaý gurmak baradaky pikirini kellesinde ölçäp-biçip gowy bişirdi. Ol jaý gurmaga niýetlän ýerine karýerden getirden daş gatyşykly toprak bilen ep-esli ýokaryk galdyrdy. Ulurak çagyl daşlaryny aýryp, üýşürip goýdy. Arzuw aty, hyýal aty onuň ýanyndan aýrylyp gidenokdy. Ol otursa-tursa guruljak jaýy göz öňüne getirýärdi. Çagalaryna oýnar ýaly meýdança göz öňüne tutmalydygyny pikir etdi. Soňra ýene ýeriň daşyna geçdi. Ol suw bilen şoruny ýuwdy. Ýer gurandan soň ýene şory çykyp gyrawlaýardy. Ol: «Be, ata-babalarymyz-a şor ýerlere-de bir emel edip, ekin ekip gelipdirler-ä. Nädip? Nätmeli?» Täleýberdi biraz ýene pikire çümüp durdy-da, öz-özüne göwünlik berdi: «Nätmekden Hudaý saklasynam-a diýýärler». Ol ýene özüne sorag baryny berip, oýa batyp oturdy. Ol öz-özüne: «Indi nätmeli?! «Bu ýerde ekin boljak däl» diýip, el ýuwup gidibermelimi?! Meniň dünýämde beýle häsiýet-ä ýok. Hawa, indi nätmeli? Ber habaryňy Täleýberdi!» diýip, böwrüni diňledi. Onuň gözüniň öňünde ýene bagly-bakjaly, köşk ýaly jaýly mellegi göründi. Haçana çenli ýaýdanyp ýörmeli bolarkam?! Ýok, hökmän çykalga tapylmalydyr. Täleýberdi çagalygynda obada ýaşuly daýhan adamlaryň gürrüňlerini köp diňlänsoň ýadyna saljak bolup çytraşdy. Anyk zat ýadyna düşmedi. Ol melleginde käte gije galyp işlär ýaly telärjik edindi. Onuň burçunda pildir kätmen, beýleki oba hojalyk gurallaryny goýar ýalyjagam ýer edindi. Ol şol gije öýüne dolanmady. Uzakly gün aýlanyp ýörşüne, halys ýadady. Täleýberdi agşam öýe gaýtman şu ýerde galmagy göwnüne düwüp, ýygnap goýan jagramasyny öz ýasan ojagyna atyp otlady-da, tüňçesini oda goýdy. * * * Täleýberdi ir säher oýanyp, ýerinden çalasynlyk bilen turup, adatdakysy ýaly öýkenini säheriň arassa howasyndan dolduryp, ýoda bilen ep-esli aralyga ylgap dolanyp geldi-de, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmäge başlady. Bilinden ýokarsyny ýalaňaçlap, sowujak suwa hezil edinip ýuwundy. Soňam çaý goýundy. Onuň tüňçäni öňüne alanam şoldy welin, ýoldan geçip barýan adama gözi kaklyşdy. Ol seredip-seredip, sag eli bilen başgabyny galdyryp, salam berip geçip gitdi. Täleýberdi içinden: «Bäý, beýle-de meňzeşlik boljak eken-ow» diýip, çaý başynda oýa batdy. Biraz wagtdan soň şol adam yzyna dolanyp gelip, Täleýberdä seredip, aýak çekdi-de: — Ertiriň haýyrly bolsun! — diýdi. — Sag boluň! Bile bolsun! Geliň, bir käse çaý bereýin — diýip, Täleýberdi oňa ýüzlendi. Ol Täleýberdiniň ýanyna gelip, görkezilen ýerde oturdy. — Men seni mellegiňde her gün görýärin. Töweregiňe seretmän jan edip işleýäň. Sen hakyky zähmetsöýer adam bolmaly. Pellerdäki şory aýyrjak bolşuňy gördüm. Şu wagta çenlä onuň emelini tapmadyň öýdýän. Şeýle dälmi? — Hawa. Lapymy keç etdi. Şu gün şol sebäpli çykgynsyz güne düşüp, näme etjegimi bilmän otyryn — diýip, Täleýberdi uludan demini aldy. — Meniň adym Kakamyrat. — Meniň adym Täleýberdi. — Gowy adyň-a bar eken. Meniň kärim ýerasty baýlyklary gözlemek. Şol jähetden saňa maslahat bersem, sen mellegiň ortarasyndan uzynlygyna ini-boýy bir metr bolan ýap gazyp çyk. Soň ýabyň aşagyna ýarym metrine şol üýşüp ýatan çagyl daşlary bilen doldur. Üstüne-de çykaran topragyňy goýup, uly, giň çil et. Ýabyň mellekden çykýan ýerine şol turbany goý-da, hol peslige çykar. Soňuny soň göreris — diýip, hoşlaşyp gitdi. Täleýberdi: «Hawa, tebigatda hasap-hesip edilmedik zad-a bolmaly däl. «Aýdanyedip göreýin» diýip, işe girişdi. * * * Täleýberdi soň Kakamyrada gabat gelmedi. Soň ol başga ýere göçüp gitdimi, Täleýberdi ony anyk bilmedi. Onuň welin, maslahat berip, Hydyr ata ýaly bolup gidişi boldy. Ýerler ýuwuldy. Baglar boý aldy. Bakjalar ýetişdi. Göwün eden jaýy-da gurlup gutardy. Çagalaram meýdançasynda oýnaşyp ýörler. Täleýberdi welin, öňüne çaý aldygy, şol Kakamyrady ýatlaýardy... Abdylla YSLAMOW. | |
|
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |