15:09 Abdylla Yslamow | |
ABDYLLA YSLAMOW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Ýazyjy Abdylla Yslamow 1949-njy ýylyň 25-nji awgustynda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Halaç geňeşliginde dünýä inýär. Çeper döredijilik bilen çagalyk ýyllaryndan bäri meşgullanyp gelýär. A. Yslamow 1966-njy ýylda obalaryndaky 10-njy orta mekdebi tamamlap, şol ýylda Ukrainanyň Lwow şäherindäki Iwan Fýodorow adyndaky poligrafiýa institutynyň tehnologiýa fakultetine okuwa girýär.1971-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebini üstünlikli gutaryp, soňra Lebap welaýatynyň Türkmenabadyň welaýat çaphanasynda inžener-tehnolog, harp ýygnaýjy sehinde ussa bolup işleýär. 1972-nji ýylda harby gulluga çagyrylýar. Harby gullukdan soňra Türkmenabadyň welaýat çaphanasyna gelip, seh ussasy wezipesini dowam etdirýär. 1976-njy ýylyň başynda Aşgabadyň poligrafiýa kombinatynyň önümçilik bölüminiň müdiriniň orunbasarlygyna bellenýär. Şol ýylyň awgustynda ol Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki welaýat çaphanasyna direktorlyk wezipesine iberilýär. A.Yslamow dokuz ýyl welaýat çaphanasyna ýolbaşçylyk edenden soň, ony Aşgabadyň Metbugat öýüne direktor edip işe geçirýärler. Ýazyjy A.Yslamow poligrafiýa senagatynda we neşirýat edaralarynda dürli wezipeleri ýerine ýetirýär. Ol şol sanda täze döredilen «Metbugat» respublikan redaksiýa-neşirýat birleşiginiň direktorynyň orunbasary, Içeri işler ministrliginiň çaphanasynyň direktory wezipelerinde işleýär. Soňra 1992-2000-nji ýyllarda Metbugat öýüniň direktory, 2000-nji ýyldan bäri Aşgabat çaphanasynyň direktory wezipesinde işläp gelýär. Yazyjy 1970-nji ýyldan bäri žurnalistika we edebi döredijilik bilen gyzyklanyp gelýär. 1978-nji ýyldan bäri onuň hekaýalary we powestleri ýurdumyzyň gazet- žurnallarynda yzygiderli çap edilip gelinýär. Ýazyjynyň ilkinji kitaby «Kämillik säheri» 1982-nji ýylda «Magaryf» neşirýatynda neşir edilýär. Şol bir neşirýatda 1985-nji ýylda kiçi ýaşly mekdep okuwçylary üçin «Oglanlar» atly kitaby çapdan çykýar. 1986-njy ýylda «Türkmenistan» neşirýatynda «Asmanyň aýdymy» atly powest we hekaýalar ýygyndysy neşir edilýär. 1992-1995-nji ýyllarda «Ruh» neşirýaty tarapyndan «Sen bolmasaň», «Säherdäki duşuşyk» atly powest hem-de hekaýalar ýygyndylary neşir edilýär. 1994-nji ýylda «Gözýetim» neşirýatynda «Ýazlag» ady bilen rus dilinde kiçi ýaşly mekdep okuwçylary üçin powestler we hekaýalar ýygyndysy çap edildi. 1998-nji ýylda Moskwanyň halkara ýazyjylar jemgyýetiniň «Statistika» neşirýaty tarapyndan çap edilen Türkmen ýazyjylarynyň ýygyndysynda «Пошечина» powesti çap edildi. 2014-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugynda türkmen we rus dillerinde «Raduga», «Älemgoşar» ýygyndylary çapdan çykdy. Ýazyjy öňki Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň Hajy Ysmaýylow adyndaky baýragynyň eýesidir. Ýazyjy Abdylla Yslamowyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, medeniýetiň we sungatyň ösmegine, türkmen edebiýatynyň döwrebap eserler bilen baýlaşmagyna, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk ruhunda terbiýelemäge goşan mynasyp goşantlary nazara alnyp, 1996-njy ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglandy. Ýazyjy A.Yslamow häzirki döwürde hem öndümli işläp, kämil kyssa eserleriniň ençemesini döredýär. Onuň halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ruhy-ahlak gymmatlyklary, gözel tebigaty hakynda ýazýan döwrebap hekaýalary ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda yzygiderli çap edilýär. Çeşmesi: https://medeniyet.gov.tm/tk/art-world/91. 19.05.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |