10:24 Ykbal öwrümleri / hekaýa | |
YKBAL ÖWRÜMLERI
Hekaýalar
Gün gözýetimde al şapak bolup batdy. Howa mylaýym, gaty ýakymlydy. Adaja öwüsýän ýel, birhili, kalbyňy joşa getirip, bir ajaýyp höwes döredýärdi. Bekdurdy ýanyna gelen dostuny edaranyň çykalgasyna çenli ugratdy-da, onuň bilen hoşlaşdy. Soňra asmana seretdi. Ýukajyk akja bulutlar umman ýaly gök asmany çalaja ýapyp durdy. Bekdurdy arassa howadan dem alyp durşuna, iş otagyna dolanasy gelmän biraz saklandy. Içinden bolsa: «Tüýs şäheriň seýil bagynda çüwdürimleriň ýanynda gezim edibermeli gün eken. Agşam Merjeni ýene şu seýilbaga gezelenje çagyraýyn» diýip, gapa tarap ýöneldem welin, öňünden Merjen pete-pet çykdy. Bekdurdy ýarym degişme bilen: — Merjen, entek iş wagty gutaranok — diýdi. Merjen näz bilen ýylgyryp: — Men rugsat aldym — diýdi. Şol wagt aldyrany bar ýaly gapydan daşaryk çykan gelin: — A, gyz, Merjen, basymrak bol, gijä galýas!— diýip, garaşman ýöräp ugrady. Bekdurdynyň kalbyna iňkis gitdi. «Munuň yzyna düşse-hä, gowulyk bolmaz» diýen pikir ýyldyrym çaltlygynda kellesine urdy. Indi Bekdurdy çyny bilen: — Merjen, nirä barýaň? — diýip sorady. Merjen Bekdurdynyň aladalanýanyna içinden begendi. «Ol meni söýýär». Merjen bir enaýy ýylgyryp, näz bilen Bekdurdynyň öňünden bir gapdala çekildi. Bekdurdynyň sowalyny jogapsyz galdyrdy. Ýöne oňa derek bir näzli ýylgyryşy peşgeş berdi. Bu jogapsyz syrly ýylgyryş Bekdurdynyň kalbyna ok bolup sünjüldi. Ol tolgunjyndan ýaňa kesgitli hereket edip bilmän, Merjendir ol gelni gözleri bilen ugratdy. Ol gelniň ady Gülüstandy. Ol syratly, gaty owadan gelindi. Gülüstan edarada özüniň gödekligi, gedemsiligi bilen belli boldy. Bekdurdy Merjeniň onuň yzyna düşenini görenden, onuň göwnüne her hili güman gitdi. Şol pikirler ony öz gününe goýmady. Kalbyna ýyldyrym bolup giren pikirden ýaňa onuň depe saçyna çenli düýrügip, gyzyp gitdi. Ýüreginiň gürsüldisi barha artyp, ýerinden gozganarly göründi. Ol özüne zordan erk edip, gapdaldaky diwara söýenip saklandy. Gabanjaňlygyň oklary onuň ýüregine gönügip, nyşana degdi. Bekdurdynyň haly teňdi. Ol bu gün agşam Merjeni seýilbaga çagyrjakdy. Onuň bilen seýilbagda gezmegiň hyýalyndady. Onuň bilen oturyp buzgaýmak iýmekçidi. Bileje geljekleri barada hyýal ýüwürtjekdi. Merjen bilen süýjisüýji sözleşjekdi. Onuň gözelligini ýene synlajakdy. Bekdurdy uludan agyr dem aldy. «Merjen, men seni saklamalydym». Merjen gideninde, gapdala çekildide, «Sag bolam» diýmän, ýylymsyrap, içini ýakyp gitdi. Merjeniň şol wagtky özüni alyp barşy, näzli bakyşy, teatryň sahnasynda oýnalýan ýaly, Bekdurdy üçin içýakgyç, ýasama ýylymsy rama bolup duýlupdy... Bekdurdy Merjeniň dünýäsinde nämäniň bardygyna, nämeler bolup geçýändigine düşünmän galdy. Ol uludan demini aldy. Onuň iş bilen weji bolmady. Eline kagyz, ruçka alyp, öz bölüminde geçirilmeli işler barada ýazjak bolandada, serine başga-başga pikirler doldy. «Merjen nirä, näme üçin gitdikä? Nämeüçin Gülüstanyň yzynadüşýärkä?» diýen ýaly pikirler ony otdan alyp, suwa oklaýardy. Bekdurdy kagyzlary myjyrdadyp, kagyz zyňylýan bedrejige taşlady. Sagada seretse, iş wagtyda tamamlanyp barýardy. Ol: «Öýde işlärin-dä» diýip, goşlaryny ýygnap, öýe gaýtmak bilen boldy. * * * Bekdurdy öýe keýpsiz geldi. Onuň haly teňdi. Işdäsi kesilip, hiç zat iýesi gelmedi. Ünsüni sowjak bolup telewizory açdy. Onuň gözüniň öňünden Merjen aýrylanokdy. Onuň şu wagtky ýagdaýyny kadalaşdyrmaga hiç zadyň güýji ýetjek däldi. Ol telewizory söndürdi. «Birsalym gyşaraýyn. Hany, pikirim jemlenäýedidä» diýip gyşardy. Ol gözlerini ýokarsyna — bir nokada dikdi. Ol nokadam üýtgäp bulam-bujar boldy. Gözler çäresizlikden ýaňa ýumuldy. Aşa ýadawlyk, agyr pikirler ony öz gününe goýman, kadadan çykardy. Bekdurdy halys surnugyp, uka gitdi. Düýşünde dostlary: «Sen gaty gabanjaň, Bekdurdy, hemde müňkür» diýip, oňa azar ýamanyny berdiler. Daňa ýakyn ol düýşünde Merjeniň aglap oturanyny gördi. Sagat sekiz boluberende telefon yzly-yzyna uzynuzyn jyrlady. Bekdurdy telefony galdyrdy. Başlygyň kätibiniň mylaýym sesi eşidildi: — Bekdurdy Pälwanowiç, sizi başlyk gyssagly çagyrýar. Gaty basym geleweriň! Baş müdirlige gitmelimişiňiz. Bekdurdyýuwnup geýindide, çalak-çulak ertirlik edinip ýola düşdi. Başlyk edaranyň gapysynda, ulagyň ýanynda garaşyp duran eken. Olar ulaga münüp, baş müdirligetarap ýola düşdüler. Müdirligiň başlygy Kerwen Çaryýewiç bulary güler ýüz bilen garşylady. Ol hal-ahwal soraşandan soň esasy meselä geçdi: — Baky Meredowiç, Bekdurdy Pälwanowiçi özüme orunbasarlyga alsam diýen niýet bilen sizi çagyrypdym. — Kerwen Çaryýewiç, Bekdurdy meniň iň esasy daýanýan hünärmenim... — Siziňki şäher, meniňki bolsa tutuş ýurdumyz boýunça. Şonuň üçin bu meseläni uzaltmaly. Çözüldi hasap edeli. Baky Meredowiç, siz özüňize ýene bir gowy iş bilýän ýigit tapyň! – diýdi-de, Bekdurdynyň razylygyny-da sorap durman: — Bekdurdy, senem işleriňi tabşyr, soň gelersiň — diýip, meseläni çürt-kesik çözdi oturyberdi. Bekdurdy täze iş ýerinde, baş müdirlikde işe girişdi. Täze wezipe, edilmeli işler bilen onuň başyny galdyrmaga wagty bolmady. Ir ertirden başlap, käte gijäniň bir wagtyna çenli basa oturmaly boldy. Indi onuň kellesinde täze wezipeler gijegündiz aýlanýardy. Şonda-da Merjene bolan öýke käte ýüregini gyýyp gidýärdi. «Hawa, söýgi bar ýerinde onuň duşmany — ajy gabanjaňlyk hem müňkürlik bar. Söýýäniňi goraglap ýörmelimi, näme? Ýöne söýmeýän bolsa... Eger Merjen meni söýýän bolsa, gözümiň öňünde beýdip gitmezdi ahyryn» diýen pikir onuň kalbynda berkedi hem-de ony Merjenden sowaşdyrdy. Şol sebäpli «Söýmedige süýkenme» diýip, öz kalbyna buýurýardy. Şu pikirlerden soň, ol birneme köşeşdi. Ol Merjene jaň etmezligi ýüregine düwdi. Günler geçip durdy. Bekdurdy Merjene jaň etmedi. Aragatnaşyk ýitdi. Ýaralar könelişip ugrady... * * * Merjen işe geleninde, işdeş joralary eýýäm iş ýerlerindedi. Merjeniň göwnüne bolmasa, işdeş ýoldaşlary onuň bilen sowuk salamlaşýan ýalydy. Onuň iş ýerinden turup gidiberesi geldi. Emma ol basym özüni ele aldy. Ol şol gün başyny galdyrman işledi. Birnäçe gezek Bekdurdynyň otagynyň öňünden geçdi. Bekdurdynyň ýanyna hemişekisi ýaly gelip-gidýän ýokdy. «Oňa näme bolduka?» diýen pikir Merjeni birahatlandyrdy. Şol gün Bekdurdyny Baş müdirlige, direktoryň orunbasarlygyna geçirilendigi aýan boldy. Merjen günde Bekdurdydan jaňa garaşdy. Özi jaň etse-de, telefonda, «Telefony öçürilendir» diýen jogapdan başga jogap alyp bilmedi. Merjeniň ýüregine dowul düşdi. «Menden dänäýdimikä? Ýa-da meni söýenokmyka?». * * * Bekdurdy üstüne ýüklenen işleri ep-esli günüň dowamynda netijeli işlenmegi bilen birýüzli etdi. Onuň tabynlygyndaky işgärler hem gaty gowy işlediler. Bekdurdy olary ýygnap, hoşallygyny bildirdi. Ýolbaşçylarynyň hoşallygyny ýetirdi. Şondan soň Bekdurdynyň, birhili, dünýäsi boşan ýaly boldy. Merjenden köp wagtdan bäri habar ýokdy. Bekdurdy öýkeden ýaňa el telefonynyň belgisini üýtgedipdi. Bekdurdy ýekelikden kalbyna jaý tapmady. Ýene Merjen barada oýlandy. Onuň telefon belgisine jaň etjek boldy, soňam saklandy. «Merjen meni ýatdan çykaran bolsa, menem ony... Ýok, jaň etmäýin. Bu boş wagtymda öňküler ýaly, seýilbagda gezelenç edeýin. Ol ýerde dynç almadygyma-da köp wagt boldy» diýip, Bekdurdy sürüjisini goýberip, pyýadalap ugrady. Seýilbagyň içinde dynç alýan çagajyklaryň käbiri oýun meýdançalarynda maşyn sürýärdi, käbiri typýardy. Ýaşlary bir çene baran adamlaryň birnäçesi küşt oýnaýardylar, birnäçesi bolsa özara gürrüňe gyzyşypdylar. Bekdurdy hemişekisi ýaly, seýilbagyň demirgazygyndaky, Merjene garaşýan çüwdüriminiň ýanyna baryp, ýokaryk atylyp gidýän suwlara seredip durdy. Göwnüne bolmasa, häzir Merjen ýanyna geläýjek ýaly duýgy peýda boldy. Bekdurdy assa-ýuwaş Merjen bilen gezýän ýodalaryndan ýöräp başlady. «Häzir ýanymda Merjen bolsa bolmaýarmy? Merjen nirede, näme pikir edýärkä? Hawa, kysmata kaýyl bolmaly bolar. Eýsem nätjek? Söýmedigi söýdürip bolýarmy?» diýip, agyr oýlar bilen Merjen ikisiniň oturyp, buzgaýmak iýýän ýerine geldi. Ol iki elini ýüzüne tutup oturan gyza: — Şu ýerde oturmak mümkinmi? — diýdi. — Bekdurdy?!... Bekdurdy garaşylmadyk duşuşyga birhili boldy. Begenjiginem bilmedi, gynanjagynam. Ol alasarmyk ýagdaýda: — Merjen?!.. — diýdi. ... Merjen ellerini ýüzüne tutup aglady. Merjeniň gözlerinden ýaş boýur-boýur akýardy. Bekdurdy ony ýürek çoguna çoýdy. Merjen oňa mähriban bakdy. Merjeniň yşkana bakyşlary Bekdurdynyň kalbyna ýyly mähir, söýgi baýlygyna öwrülip geldi. Onuň kalby gül açdy. Göwün guşy alasmanda pelpelläp uçdy. Ol ýuwaşjadan pyşyrdap: — Men saňa köp garaşdym — diýdi. Merjen köşeşip, ýüregi ýerine geldi. Indi onuň ýüzi açylyp, gözlerinden begenç gözýaşlary akýardy. Juwanlar gabanjaňlykdan sözsüz üstün çykdylar. Harlanan duýgular gunçalap gül açdy. Abdylla YSLAMOW. | |
|
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |