22:53 Howum basylýan ýer…/ hekaýa | |
HOWUM BASYLÝAN ÝER…
Hekaýalar
Bankyň gapysyndan ätledigim bes, tolgunmakdan ýaňa ýüregim agzyma gelýär. Onuň işgärlerini görsem-ä, hasam egbarlaýan. Kiçijik penjireler diýjeksiň, şolara-da gözüm düşdügi dünýäm daralyberýär. Garaz, şol ýerdäki bar zat meň howumy basýar. Banka baryp, ol ýerdäkiler bilen iş salyşmaly bolsam, jogapkärçiligi-beýlekini bilmeýän barypýatan bir nadana öwrülýän oturyberýän. Men muny banka gelmezden öňem bilýän, ýöne nädeýin?! Aýlygymy elli alty dollar köpeltdiler. Onsoň ony bankda saklamasaň, dagy nirede saklajak?! Ynha, şeýdip özüme zor salyp, aýagymy süýräp diýen ýaly alyp, bankyň işgärlerine gözümiň gytagy bilen garap, gapysyndan ätledim. Hasap açdyrjak islendik adam baş dolandyryjy bilen hökman maslahatlaşmalydyr öýdüp pikir edýärdim. «Hasapçy» diýip ýazylan penjirejigiň öňüne bardym. Ol uzyn boýly, özüni arkaýyn alyp barýan bir ýigit eken. Ine, ol maňa seredäýmezmi, ýene aljyrap başladym. Gyryljyk sesim pyşyrdap diýen ýaly çykdy. — Baş dolandyryjyny görüp bilmezmikäm? — diýdim-de, soňam agraslyk bilen sözümiň üstüni ýetirdim. — Ikiçäk. Näme üçin «ikiçäk» diýenimi welin bilemok. — Elbetde, görüp bilersiňiz — diýdi-de, hasapçy ony yzyna düşürip getirdi. Baş dolandyryjy agras hemem parahat adam eken. Men elli alty dollarymy jübimde gysymlap durşuma «bir tokga» pula öwrüpdim. — Siz baş dolandyryjy diýilýänmi? — diýip soradym. Hudaý bilsin, näme üçindir, şeýdip soramaga çekinip durmadym. — Hawa — diýip, ol jogap berdi. — Men sizi görüp bilerinmi? — diýdim. — Ikiçäk — diýibem ýene sözümiň üstüne goşdum. Men «ikiçäk» diýjek däldim welin, ýene biygtyýar dilimden sypdy. Baş dolandyryjy geň galyp, maňa birtüýsli seretdi. Gaty gizlin gürrüňim bardyr diýip pikir edeni gözlerinden duýulýardy. — Geliň onda, çekinmäň — diýip, ol meni özüniň otagyna tarap alyp gitdi. Soňra açaryny çykaryp, iş otagynyň gapysyny açdy. — Bärde biz arkaýyn gürleşip bileris, hany, geçiň oturyň — diýdi. Ikimizem oturdyk-da, bir-birimize seredişdik. Asyl dilime bir söz geläýse nädersiň! — Çakym çak bolsa, siz Pinkertondan[1] bolmaly— diýip, onuň özi söze başlady. Ol meniň syrly gürrüňlerimden, özümi alyp barşymdan çen tutup, maňa aňtawçydyr öýden bolmaly. Men onuň näme pikir edýänini bilip otyrdym, bu bolsa meni hasam kyn güne salýardy. — Ýok, Pinkertondan-a däl — diýdim. Beýle diýmek bilen men oňa şoňa meňzeş başgarak bir gullukdan gelendigimi duýdurjak boldum. Soňra: — Dogrymy aýtsam — diýip, hamala, öň ýalan sözlemegi niýet edinip, birdenem dogrymy aýtmak kararyna gelen ýaly sözümi dowam etdirdim. — Men hiç hili aňtawçy däl. Men özüme hasap açdyrmaga geldim. Bar pulumy siziň bankyňyzda goýaýsam diýýän. Baş dolandyryjy birneme arkaýynlaşdy, ýöne, barybir, ýüzi agrasdy; indi ol meni baron Rot ýa-da ýaş Guld ýaly ile belli baýlaryň biriniň ogludyr diýip pikir etdi. — Hä, köpräk maýa goýjak bolýansyňyz — diýdi. — Azam däl — diýip, pyşyrdap diýen ýaly gürledim. — Häzir elli alty dollar, soňam her aý elli dollardan goýsam diýýän. Dolandyryjy ýerinden turup gapyny açdy-da, hasapçyny çagyrdy. — Jenap Montgomeri — diýip, ýakymsyz sesi bilen haýkyrdy. — Bu sypaýy kişi hasap açdyrjak eken. Ol elli alty dollar maýa goýmakçy... Hoş, sag boluň. Men ýerimden turdum. Otagyň bir tarapynda ullakan demir gapy açyk durdy. — Hoş, sagboluň — diýdim-de, seýfe tarap ýöräp ugradym. — Bärden çykyň — diýip, dolandyryjy igençli gürledi-de, başga tarapy görkezdi. Men hasapçynyň oturan ýerine baryp, sen-men ýok, şol tokgalanan pulumy çykardym. Men şeýlebir çalasyn hereket etdim welin, hamala diýersiň, hokgabazyň bard-a. Ýüzüm duw ak boldy. — Ine, şuny goýmaly — diýdim. Meň bu äheňim: «Hany derrewjik, hut şu ýerde, şu wagt, şu işi birýanýüzli edeli-le» diýen ýaly eşidildi. Ol puly aldy-da, başga bir işgäre geçirdi. Ol maňa bir bölek kagyz tutduryp, puluň jemini ýazdyrdy, soňam hasap depderçä gol çekdirdi. Indi men asyl näme edýänimem seljeremokdym. Bank gözümiň alnynda aýlanyp-aýlanyp gidýärdi. — Ýeri, indi maýa goýuldymy şo pul? — diýenimde, sesim endiräp çykdy. — Hawa — diýip, hasapçy jogap berdi. — Onda men çek çekip bilerinmi? — diýdim. Men biraz pikirimi üýtgetdim-de, alty dollaryny häzirlikçe ulanmaga çekip alarman boldum. Maňa kimdir biri kiçijik penjireden çek kitapçany uzatdy, ýene birem ony nädip doldurmalydygymy düşündirdi. Bankdakylar maňa akyly azaşyp ýören bir millionerdir öýdýärdiler. Men çege bir zatlar ýazdym-da, bank işgärine uzatdym. Ol oňa çiňerilip seretdi-de: — Näme!? Siz bar goýanyňyzy ýene yzyna alýaňyzmy? — diýip, allaniçigsi boldy. Ine, şonda men özümiň «6-a» derek «56» ýazandygyma düşündim. Ýöne indi başgaça gürläre welin utandym. Suw seňrikden agdy hasap etdim. Bankyň bar işgärleriniň tiňkesi maňa dikildi, olar, hatda edip oturan işlerini hem goýup, maňa seretdiler. Özümi dürsäp, dogumly görünmäge çalyşdym. — Hawa, hemmesini. — Siz ýaňyja goýan puluňyzy yzyna çekýäňiz-dä onda? — Hawa, barçasyny, teňňe-seňňesi bilen. — Siz banka hiç hili pul goýmakçy däl-dä onda, şeýlemi? — diýip, ol gözlerini tegeledi. — Hiç hili. Olaryň «Çek ýazýan wagty nämedir bir zada öýkeläp, banka pul goýmakdan ýüz öwürýändir» diýip pikir ederinden çekinip, dert-azara galdym. Özümi durnuksyz häsiýetli adam hökmünde görkezmezlik üçin başymy dik tutup, dogumly kişi bolan boldum. Hasapçy puly tölemäge häzirlendi: — Siz ony nähili alýaňyz? — Näme? — Ony nähili görnüşde alýaňyz? — Hä, ellilikde — diýip, oňa düşünen badyma ýüzugra gürledim. Ol maňa elli dollar uzatdy. — Altysy näme? — diýip, ol rahatlyk bilen sorady. Aljyrap durşuma «Birlikde» diýmäge derek «Altylykda» diýip jogap berdim. Puly aldym-da, haýal etmän bu ýerden garamy saýlamak bilen boldum. Bankyň äpet gapysy ýapylan dessine, onuň içindäki işgärleriň ala-pakyrdy bolup gülüşýändiklerini eşitdim. Şondan bäri hiç hili banklyk işlere goşulamok. Kagyz pullarymy jalbarymyň jübüsinde saklasam, tygşytlan şaýylarymy jorabymda goýýan. ———————— [1]Pinkerton — Pinkerton adyndaky Milli aňtawçylyk gullugy. Stiwen LIKOK, kanadaly ýazyjy Iňlis dilinden terjime eden: Maýa ALLABERDIÝEWA, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby. #"Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy. | |
|
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||