22:52 Wah, bir dillensedi-dä, mazarda ulalmaga garaşyp ýatan çagajyklar! | |
WAH, BIR DILLENSEDI-DÄ, MAZARDA ULALMAGA GARAŞYP ÝATAN ÇAGAJYKLAR!
Publisistika
Düyn täze okuw ýyly başlandy. Gynansak-da, ady kibi Narin ýürekli balajyk mekdepde däl-de, sowuk mazarda bolar. Ýagny, bu dünýäde her çaga ýaly Narinem gözýaşlara gark bolup soñky ýoluna ugradylar we bu dünýä ýaly bolmasa-da, şol sowuk mazaryñ garañkylygyna duwlanar. Diñe bir hakykat bolan şu zat bar: gara ýere gömlen diñe Narin däl, gitdigiçe çüýräp barýan bu jemgyýetiñ doñnaradaşlaşan wyždany, bozulan ahlagy, ýok bolan merhemeti hem onuñ bilen bile gömüldi. Hawa, bu dünýä ol bigünä çagajygyñ jaýlanan mazaryndan has beter garañky we has beter sowuk. Şonuñ üçin bu ýerde dem almak ol ýerde demsiz galmakdan agyr ýaly. Iki gyzyñ kakasy bolanym üçin bu ajy hakykatyñ pikirini etdigimçe ýüregim hopukýar, demim daralýar, özümi döz gelip bolmajak utanjyñ harabasynyñ aşagyndan tapýaryn. Şonsuzam uzak wagt bäri edil häzirkim ýaly Gazada öldürilýän çagalaryñ pikirini etmekden ýaña gijelerine uklap bilemokdym... Bu porsusy çykan masgara-gülban dünýäde her bir başga bir çagajygyñ parçalanan bedenini görmek we olaryñ boşlukda doñup galan günäsizje gözlerini synlamak ruhumy bogýar. Bütin bu yzaly pikirleriñ içinde gezip ýörenim az ýaly Nariniñ pikiri-de meni bütinleý ýan berdirdi. Ah, Narin! Wah, meniñ garamañlaý guşjagazym! Merhemetsizligiñ guýusy nähili garañky we çuñ... Wah, meniñ guzujygym... Narinjan, nädip dözdüler saña? Bular ýaly wagşyýanalygy naşyja teniñe rowa görensoñ nädip aýlanyp dur bu binamys dünýäniñ çarhy? Ýüregini ýitiren bu eýýamda aklymdan azaşaryn öýdüp gorkýaryn indi. Çagalarymyzy gorap bilmeýän bolsak! Aýal-gyzlarymyzy gorap bilmeýän bolsak! Bigünälerimizi gorap bilmeýän bolsak! Mazlumlarymyzy gorap bilmeýän bolsak! Garrylarymyza howandar bolup bilmeýän bolsak! Garyp-gasarlarymyzyñ arkasynda durup, goldap bilmeýän bolsak! Haýwanlarymyzy, ýerimizi gorap bilmeýän bolsak! Agaçlarymyzy, tebigatymyzy gorap bilmeýän bolsak! (Gorabam bilemzok-da!) Men hakykatdanam bular ýaly GORAGSYZLYKDAN gaty erbet irdim. Şonuñ üçin her birimizden soraýaryn: NÄMÜÇIN gorap bilemzok? Olar ÖLMÄNKÄ we NÄMÜÇIN bu wagşyýana erbetligiñ gollarynda çyrpynýar munça bigünä beden? Ibrahim ALTUN, "Pencere" žurnalynyñ baş redaktory / @ibrahimaltun_official Sişenbe, 10.09.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |