17:39 Günorta Afrikanyñ gözi gara çagalary, sizi ýazgarýaryn! | |
GÜNORTA AFRIKANYÑ GÖZI GARA ÇAGALARY, SIZI ÝAZGARÝARYN!
Oýlanmalar
Ilýustrasiýa: Awni Eştaiwe / Instagram: @awnieshtaiwe Geçen hepdäniñ iñ köp gyzyklandyran üýtgeşmesi Günorta Afrika Respublikasynyñ Ysraýyly Gazada genosid edendigi üçin Halkara Adalat diwanyna ýazyp bermeginiñ yzyndan başlan dawa boldy. Hawa, Ysraýylyñ Gazadaky eden-etdilikleri bilen Genosid şertnamasynyñ düzgünlerini bozýandygy üçin Halkara Adalat diwanynda (ICJ) açylan derñew işiniñ birinji gününde Günorta Afrika tarapy Ysraýyla ýöñkeýän aýyplamalaryny tutaryklary we delilleri bilen birlikde Gaagada ýerleşýän suda berdi. Halk köpçüligine açyk ýagdaýda geçirilen sud mejlisi göni efirdenem görkezildi. Bütin dünýäniñ gözi-gulagy bu sud mejlisiniñ geçirilýän zalyna dikilen wagty birdenkä Günorta Afrikaly Madonselanyñ: - Adam hukuklaryny yzygiderli bozup gelýänem bolsa, onlarça ýyllap garaw görmezligi Ysraýyly ýüreklendirdi - diýip gygyrýan sesi ýañlandy. Madonsela dünýäniñ güñleşen wyždanlaryna: - Bu genosidi togtadyñ! - diýip gygyrdy. Indem şu Mandelanyñ özi ýaly gözi-de gara, merdana çagakaryna seretseñizläñ... Ýeke başlaryna nämeleri edýärler. Eý Allajan, eý Hudaýjan, biz şolar ýaly elimize-dilimize şygar barsyny alyp köçä çyksagam, "Gazä salam, Ysraýyl bilen söwdamyza dowam!" diýip, bagrymyza daş bassagam, märekeden hümer ala meýdanlarda jümle-jahana haýbat atyp tyrlasagam... Yzyndan Twitterlerde we Instagramlarda Ysraýyly eneden doglanyna puşman etdireli diýip pañlasagam, biz şular ýaly edermenlik ýörkäk, Allanyñ Günorta Afrikasy turupjyk sessiz-sedasyz gitsin-de, "Garamyrat mendirin!" diýip, dünýäniñ adalat diwanyna Ysraýylyñ üstünden arz etsin... Ýok-la, gadyrdan, ýok. Bolmaz olar ýaly zat. Garamyrat bolmak, Görogly bolmak diñe bize ýaraşar... Biz Ysraýylyñ üstünden suda arz etmegi we kanunsyzlaryñ gözüne basyp kanunyñ öñünde kelle ýalañaçlatmagy bilmeýäsmi näme... Bilmän näme. Emma biziñ sudumyz has uly, olar ýaly kinniwanja sudlaryñ nämä geregi bar. Siziñ habaryñyz ýokmy, biziñ eýýäm Ysraýylyñ üstünden suda arz edendigimizi. Özem biziñ sudumyz kiçi-girim sudam däl - biz Ysraýyly Kubra kazyýetine, ýagny Hudaýa tabşyrdyk. Oh-ho-hoo... Gowy edipdir gerek? Beýik Allatagala merkini bersin indi. Bererem owalalla. Ýogsa-da Ysraýyly ýerden alyp ýere urmany bizem bilerdik welin, ony Hudaýa tabşyranymyz üçin beýle dymyşlyk barmyka? Edeniñ bar bol-a, Günorta Afrika! Ynan, beter utandyrdyñ-a bizi, aga. Şunça musulman ýurdy durka, sen gidägetdin Ysraýylyñ üstünden halkara suda arz edýärsiñ. Heý, bu boljak işmi diýsene... Aýyplaşma welin, gaty utandyrdyñ bizi, şepe! Palestina gün geçdigisaýy ölüp barýarka, Gaza her pursatda jan berýärkä biz negözel "Ýaşasyn Palestina, ýaşasyn Gaza" diýip köçelerde ýöreýäris. Şindi munça dawa-jenjeliñ we gözboýagçylygyñ nämä geregi bar? Onsoñam saña näme bolýaraý? Beýder ýaly sen biziñ ýaly musulmanam-a däl. "Gel onda, kelemäñi öwür" diýsegem-ä, etjegiñ biri däl. Gaýtam, şeý diýäýsek dagy gözüñi mölerdip "Bu diýýäniñiz näme?" diýersiñ. Saña galdymy nä, Ysraýyly halkara sudlara bermek, iñ ýokary derejelerde palestinaly doganlarymyzyñ arkasynda durmak. Seret, gadyrdan, palestinalylaryñ jana-jan doganlary bizdiris. Biz doganlarymyzy hiç kime bermeris. Onsoñam biz olar üçin günde bäş gezek Hudaýdan doga-dileg edýäris. Indem señ ýaly biri keseden gelip, gazaly doganlarymyzy bizden gowy alada edermi? Haýyş, iki musukman doganyñ arasyna girme! Hem sen biziñ işan-molla tagsyrjanlarymyzdan gowy bilýäñmi. Birküç gün donuny süýräp ýören mollalaryñ biri fetwa bermedimi näme: "Eý-ho, Ysraýyl bilen gidişip bolmaz, munuñ jerimesini bize gaty erbet tölederler soñ" diýmedimi özüçe. Seret, gara gaşly, gara gözli, päk ýürekli Günorta Afrikaly jandaşym. Hawa, biz sizi adalatsyzlyga baş egmeýän jaýy jennet bolmuş Mandeladan bäri tanaýarys. Hawa, siz gowy we edermen adamlar, oña söz ýok. Ýöne bu iş siziñ düşünişiñiz ýaly däl. Biziñ üçin iñ gowy göreş pöwhe jümleler oklap, paýyş twitler ýazmakdyr. Aý-how, aklyña aýlansana, walla! Sen Günorta Afrikadygyñy ýatdan çykarýañ öýdýän, näme işiñ bar dawa bilen, jenjel bilen. Gel, iñ bolmanda biziñkileri diñle - Ysraýyl bilenen gidişip bormy, kelläñ ýerindemi señ? Seret, aýtmady diýme, bu Ysraýyl senden munuñ hasabyny kän ýerde sorar. Walla, bize geñirgenip seretme, bu döwüşe beýdip girip bolmaýar, emma gury sözümizi, doga-dileglerimizi welin hemişe sizden gaýgyrmarys. Bolman näme, hemişe Palestina üçin köçe çykyp bilmeris-ä, bu gezegem hemme ýerde "Ýaşasyn, Günorta Afrika!" diýip gygyrşarys. Gaza deýin gam çekme, senem ýeke dälsiñ. Olaryñ ýanynda bolşumyz ýaly siziñem ýanyñyzda bolarys, nesip edenden. Ýüregimiz elmydama siziñ bilendir. Emma ýene-de aýdyp galaýyn: Ysraýyl üstünden arz edip ýörme-de, senem biziñ ýaly et! Pert-pert edip iñ ýüreklisinden, iñ paýyş twiti-de sen ýaz, gardaş. Bu işler arz edeniñ bilen çözülýän zat däl... "Ne çiş köýsün, ne kebap", şeýle dälmi? "Nädip beýle bolýar?" diýip sorama. Dur, seret, men gowy edip aýdyp bereýin ony saña. Ýagdaý şeýle: Başyna # belgisini goýandan soñ Twitterde "Palestina azatlyk!" diýip ýazmaly. Şeýdip ýeke demde fenomen bol. Yzyndanam eliñe baýdak alyp köçelerde "Ýok bolsun, Ysraýyl!" diýip gygyrmaly. Hem ýene "Gazalylara ýalkymly salam" ugratdyñmy, ýeterlikdir. Seret, gör, şonda Ysraýylyñ nädip utanjyndan ýok bolýanyny we Gazanyñ nädip günbe-günden ýuwaşlyk bilen ýok bolýanyny şol tümlükden. Elkyssa, Günorta Afrika, musulman ýurtlar bolup saña erbet gaharymyzam gelýär. Biziñ ýüzümizdäki maskalary sypyryp taşlaýdyñ-la. Halalyñ bolsun, Günorta Afrika! Ýüzümizi ýerden galdyryp bilmän durşumyza ähli ruhy utanjymyz bilen seni ýazgarýarys... Ibrahim ALTUN. "Pencere" žurnalynyñ baş redaktory. Çarşenbe, 17.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |