17:55 Halyf Omara sapak beren Nowşirwandan adalat gözleýän jahana | |
HALYF OMARA SAPAK BEREN NOWŞIRWANDAN ADALAT GÖZLEÝÄN JAHANA
Publisistika
Fotosurat: Abed Rahim Khatib / AA "Men hakykatyñ bendiwany, ony kimiñ aýdany gyzykly däl. Men adalatyñ bendiwany, onuñ kim üçin ýa-da kime garşydygy gyzykly däl". Malkolm. Pygamberimiz Hezreti Muhammediñ (s.a.w) "Käşgä Nowşirwanam meniñ ymmatymdan bolsady, men şu adyl hökümdaryñ zamanynda doglupdyryn" diýip, ony görüp bilmänligine gynanan, adalaty bilen asyrlara ýañ salan meşhur sasany hökümdary Nowşirwan Adyl hakda eşdipmidiñiz? "Pygamberiñem ony görüp bilmändigi üçin gynanjak derejede belent adamkärçilige eýe bu patyşa kim bolýarka?" diýmegiñiz mümkin. Nowşirwan Hezreti Omaryñ (r.a) ruhundaky adalatyñ binýadyny guran, oña adalatly bolmagyñ iñ düýpli hikmetini añladan adamdyr! Nowşirwan özünden soñ ýaşap geçen nesillere harpma-harp, bogunma-bogun adalaty ýaýan we munuñ üçin iñ ýakynlaryndanam gözüni gyrpman geçip bilen uç-gyraksyz düşünjeliligiñ adydyr! Nowşirwan adalatyñ güýjüni öz güýjüniñ üstünde saklan, hiç kime baş egmän, adalatyñ öñünde elmydama başyny egup duran deñsiz-taýsyz hökümdardyr! Hawa, geliñ indi häzirki adalatsyzlygyñ garañkylygynda çarp urýan döwrümiziñ dünýäsiniñ içini ýakyp adalary bilen ýer ýüzüne ýalkym saçan we hemmelere görüm-görelde bolan Nowşirwanyñ manyly ömri bilen ýazan adalat dessanynu hemmämiz bilelikde okalyñ we adalatsyzlygymyzyñ ýüzüne tüýkürmek üçin onuñ adalat kafedrasyndan sapak alalyñ. Nowşirwan Adyly tagtynda otyrka suratlandyrýan miniatýura (Ferdöwsiniñ "Şanamasy", Stambul uniwersitetiniñ kitaphanasy, FY, nr. 1406, wr. 193a) Hezreti Omaryñ halyflyk eden döwründe Şamyñ häkimi Sagdy Wakgas şäherde ullakan metjit gurmak isleýär. Şonuñ üçinem metjiidiñ guruljak ýerinde ýerleşen hususy ýerleri döwletiñ hasabyna satyn almagy makul bilýär. Hemmeler puluny alyp, hususy ýerlerini metjit üçin berýärler. Ýöne Şamda ýaşaýan jöhitleriñ biri metjit guruljak bolunýan ýerde ýerleşen hususy ýerini satmak islemändir. Häkim näçe köp pul hödür etse-de, jöhit raýaty ýeriniñ döwletiñ hasabyna geçirilmegine razylyk bermändir. Ýagdaýa mundan artyk çydap bilmedik häkim ýeriñ eýesi jöhide artygy bilen puluny töläp, onuñ razylygyny almazdan ýeri alypdyr. Ýeri elinden zor bilen alynan jöhit musulman goñşusynyñ ýanyna gidip, bolan ýagdaýy zeýrene-zeýrene gürrüñ beripdir: - Häkim meniñ razylygymy alman ýerimi elimden aldy, maña zulum etdi. Indi näme etsem gowy bolar, maña maslahat ber. Musulman goñşusy-da oña: - Medinä git. Şol ýerde halyf Hezreti Omar bardyr. Derdiñi aýt. Omar juda adalatlydyr, elbetde seni diñlär - diýipdir. Şamly jöhit Medinä tarap ýola rowana bolupdyr. Uzaga çeken ýolagçylykdan soñ Medinä baryp ýetipdir, halyfy nirden tapyp boljakdygyny sorapdyr. Adamlar hurma agajynyñ saýasynda dynç alyp oturan halyfy görkezipdirler we "Ana, halyf diýilýän şol" diýipdirler. Hezreti Omaryñ ýanynda janpena-da, goragçy-da bolmandyr. Şamly jöhit haýran galypdyr we öz ýanyndan: "Nädip, neneñ edip ullakan halyf hurma agajynyñ aşagynda ýeke özi oturyp bilýär?" diýipdir. Ruhuny gaplap alan haýran galyjylyk bilen Hezreti Omaryñ ýanyna barypdyr. Salam berip ýanynda oturypdyr. Soñra bolup geçen hemme zady gürrüñ beripdir. Hezreti Omar ony üns bilen diñläpdir. Soñ öñünde duran bir süñk böleginiñ ýüzýne nämedir bir zatlary ýazyp, jöhide uzadypdyr we şeýle diýipdir: - Al, şuny Şamyñ häkimine ber. Ýeriñi ondan yzyna alyp bilersiñ. Jöhit aýdylany edip, ýazgyny alypdyr we ol ýerden gaýdypdyr. Ol halyfyñ özüne beren süñküniñ ýüzünde näme ýazylandygyny bilesi gelipdir we ýazylany okamaga başlapdyr. Süñküñ ýüzünde şeýle ýazylan eken: "Bilip goý, meniñ Nowşirwandan adyllykda kem ýerim ýokdur!" Jöhit şeýle gysga we kesgitli ýazylan jümlä teý düşünip bilmändir. Geñ galma duýgusy-da öñküsinden beter artypdyr. Ýolda gidip barýarka öz ýanyndan: "Şamdaky ýolbaşçylaryñ geýnişindäki, özlerini alyp barşyndaky we ýaşaýan ýerlerindäki elpe-şelpelik nähili, Medinedäki halyfyñ bolşy nähili?" diýip pikir edipdir. Şeýle oý-pikirler bilen ol ahyrynda Şama baryp ýetipdir. Dogrusy, ol häkimiñ ýanyna gidesi-de gelmändir. Sebäp ol mundan netije çykjagyna ynamy bolmandyr. Ahyrsoñy "Ýeri bolýa-la, ikibaşdan ýol söküp şol ýerlere çenli gitdiñ, gel, halyfyñ ýazan şu ýazgysyny häkime berip göreýin-le" diýip, häkimiñ ýanyna gidipdir. Ol häkimiñ huzuryna baran badyna Hezreti Omaryñ ýazyp beren süñk bölegini uzadypdyr we "Medinedäki halyfyñ size iberen hatydyr" diýipdir. Häkim özüne uzadylan süñküñ ýüzüne ýazylanlary okan badyna duýdansyz meñzi saralypdyr, ýüz-gözi boz-ýaz bolupdyr, uzak wagtlabam kellesini ýerden galdyrmandyr. Birhaýukdan soñ gaýgy-ünjä gark bolan ýagdaýda kellesini ýerden galdyryp, jöhide şeýle diýipdir: - Ýeriñizi yzyna berýändirin. Muny eşiden jöhit haýran galypdyr, çünki ol ýekeje sözlem ullakan häkimi bular ýaly sardyryp taşlar öýdüp çakam etmän ekeni. Şular ýaly pikirler bilen häkime ýüzlenipdir: - Haýyş edýärin, maña bu sözlemiñ nädip sizi bular ýaly alada goýandygyny aýdyp beribilersiñizmi? Men ilki ýazylan hata düşünip bilmändim, indem siziñ düşen ýagdaýyñyzy görüp bilesigelijiligim artdy. Eýsem bu jümläniñ hikmeti nämede? Mundan soñ Şamyñ häkimi Sagdy Wakgas şuny gürrüñ beripdir: - Seret, saña bu jümläniñ kyssasyny aýdyp bereýin. Şonda meniñ nämüçin beýle üýşenendigime düşünersiñ. Yslam gelmänkä men we häzirki halyf Omar söwda etmek üçin Eýran taraplara gidipdik. Ýanymyza-da 200 sany düýe alypdyk. Uzak ýol söküp, ahyrynda Eýrana baryp ýetdik. Ol ýerde at çapdyryp ýören oglanlary synlap durkak, bir ýerlerden birnäçe sany adam peýda boldu-da, düýelerimizi zor bilen elimizden aldy. Garakçylar köplük bolansoñ, hiç zat edip bilmedik. Elimizde-de kör-köpük pul galmandy. Bialaç we aladaly halda gijäni geçirer ýaly bir öý tapdyk. Biz öý eýesine bolan ýagdaýy gürrüñ berdik welin, ol bize kömek etdi we "Gidip, hökümdara ýagdaýyñyzy aýdyp berseñiz-le, biziñ hökümdarymyz adyl adamdyr, ol size hökman kömek eder" diýdi. Biz dañ atan badyna patyşanyñ huzuryna baryp, ýagdaýy aýdyp bermegi niýetimize düwdük. Ukumyzam tutmady, gijäni çirim etmän geçirdik. "Sözümizi diñlän bolarmyka, patyşa bize hakykatdanam ýardam edermikä?" ýaly soraglar kellämizi gurçuk bolup gemirdi. Jahan ýagtylan badyna patyşanyñ huzuryna bardyk. Arz-şikaýatymyzy bir dilmaç hökümdara terjime edip berdi. Nowşirwan dilmajy üns bilen diñländen soñ herimize bir käse altyn berdi we bolup geçen hadysany sorag-ideg etdirjekdigini aýdyp, ýurdumyza dolanmagy ündedi. Mundan soñ ýene myhman düşen ýerimize bardyk. Dogrusy, bular ýaly netijä razy däldik. Öý eýesi bolup geçenleri eşidip, erbet gynandy we "Bärde bir ýalñyşlyg-a bar! Ýörüñ, bile gideliñ, men size dilmaçlyk ederin" diýdi. Iñ soñky inçe umyt bilen kabul etdik we öý eýesini ýanymyza alyp, ýene patyşanyñ ýanyna gitdik. Öý eýesi ýagdaýy Nowşirwana gürrüñ berdi. Düýelerimizi elimizden alan adamlaryñ eşiklerini, özlerini alyp barşyny, wakanyñ bolup geçen ýerini ähli jikme-jiklikleri bilen boýdan-başa gürrüñ berdi. Öý eýesi gürrüñini gutaran badyna Nowşirwan patyşanyñ ýüzüne kül urlan ýaly boldy. Soñra ýerinden turup, herimize iki halta altyn berdi we şeýle diýdi: Agşama çenli düýeleriñiz eliñize gowşar, duýeleriñizi alyñ-da ertir ir bilen bärden gidiñ. Şeýle-de ol, "gideniñizde biriñiz şäheriñ gündogar gapysyndan, beýlekiñizem günbatar gapysyndan çykyñ" buýrugyny berdi. Patyşanyñ aýdanlaryna düşünmedigem bolsak, çykyp gaýtmaly bolduk. Garañky düşen badyna 200 düýämiz gapa geldi. Ýagdaýa düşünmek üçin öý eýesine "Näme bolýar?" diýip soradyk. Öý eýesi şeýle diýdi: - Siziñ düýeleriñize el uran adam Nowşirwanyñ uly ogly bilen weziridir. Bular bir banda gurup, garyp-gasarlaryñ mallaryny zor bilen elinden alýan eken. Siz birinji gideniñizde, terjimeçi muña ýalñyş düşünipdir. Emma siziñ sözüñizi-de Nowşirwana ýalñyş terjime edipdir. Şeýtmek bilen ol patyşanyñ ogluny we weziri gorapdyr. Men siziñ bilen gidip, hakyky ýagdaýy aýdyp berenimden Nowşirwan näme bolýandygyna düşündi. Ýöne näme üçin "aýry gapylardan çykyñ" diýenine menem düşünmedim. Ertire bir çykaly, oña-da düşüneris. Ertesi gün men gündogar gapydan çykdym. Gapynyñ agzynda iki sany adamyñ dar agajyndan asylyp goýlandygyna gözüm düşdi. Halk üýşüp tomaşa edýärdi. "Kim bular, eden etmişleri näme?" diýip soradym. "Bularyñ biri Nowşirwanyñ uly ogly, beýlekisi-de weziri. Olar şähere gelen iki araby talapdyr. Nowşirwan jezalandyryp, ikisini-de dardan asdy" diýdiler. Nowşirwan öz perzendini ölüm bilen jezalandyrypdy. Hezreti Omaryñ çykan gapysynda bolsa biziñ arzymyzy ýalñyş terjime edip, patyşanyñ ogluny goramaga synanyşan dilmajyñ asylgydygyny gördük. Ine, Hezreti Omar seniñ eliñe beren süñk böleginuñ ýüzüne ýazan "Bilip goý, meniñ Nowşirwandan adyllykda kem ýerim ýokdur!" sözi bilen maña muny ýatladýar. "Eger halkyña zulum etseñ, seni dar agajyndan sallaryn" diýýär. "Seniñ gözýaşyña seretmerin, edil Nowşirwanyñ öz oglunyñ gözýaşyna seretmeýşi ýaly..." diýip, duýduryş berýär. Indi düşündiñmi meniñ näme üçin beýle meñzimiñ saralanyna? Bir patyşa ýurduna söwda etmek üçin gelen kese ýerli söwdagäriñ uçran haksyzlygyna adalat bilen höküm etmek üçin bilinden önen perzendindenem geçýär. Ol özüni aldan dilmajyny-da, iñ ýakynyndaky we özünden soñ iñ ýokary wezipäni eýeläp oturan wezirini-de bagyşlamaýar. Üstesine bularyñ barsyny tanamaýan-etmeýän we gaýdyp ýeke gezegem görmejek, dilini we kimdigini-de bilmeýän iki sany ýönekeý söwdagäri yrza etmek üçin edýär. Adalat ýerini tapsyn diýip, Nowşirwanyñ pida eden zatlaryna seretseñizläñ! Fatima Shbair / AP Bu bolup geçen wakanyñ üstünden kän-kän ýyllar geçýär. Şol iki söwdagäriñ biri yslam halyfy Omar, beýlekisi-de Şamyñ häkimi Sagdy Wakgas bolýar. Halyf Omar razylygy alynman ýeri häkim tarapyndan alynandygy üçin özüne arz edip gelen bir jöhit üçin öz häkiminden geçýär. Edil ogurlan birnäçe düýesi üçin öz oglundan we wezirinden geçen adyl patyşa Nowşirwan ýaly. Hawa, düýn adalat üçin hemme zadyndan geçip bilýän nowşirwanlar bardy, häzir bolsa haksyzlygyñ we rehim-şepagatsyzlygyñ elinde çyrpynýan adalat bar! Fatima Shbair / AP Düýn zor bilen ýeri elinden alynan bir jöhit üçin kyýamat turzan halyflar, omarlar bardy, bu gün bolsa şol ýerde jöhit basybalyjylary üçin çaga-çuga diýmän, aýal-ebtat diýmän depesinden ajal ýagdyrylýan, öýleri başyna ýumrulýan, bulam az bolýan ýaly rehimsizlik bilen açlyga we suwsuzlyga gark edilen millionlarça adam bar! Düýn ejiziñ ýanynda durmak üçin öz oglundan geçio bilen Nowşirwan ýalylar bardy, bu gün gundagdaky bäbege-de rehimi inmeýän, olara ýeke owurt suwy-da köp görýän sionist zalymlara ugradylan gämilerinden el çekip bilmeýän wyždansyzlar bar. Düýn mazlumlaryñ hal-ahwalyny Nowşirwana bilgeşleýin ýoýup aýdýan, zalymy goramak üçin ony ýalñyşdyran ýalançy dilmaç bardy, şu günem edil şol dilmaç ýaly zalymy goraýan, mazlumyñ hal-ahwalyny gizleýän we dünýäni aldaýan ýalançy metbugat serişdeleri bar! Fatima Shbair / AP Ine-de bu gün Remezan aýynyñ bir güni! Bir ýanda Gazada açlykdan ölen bigünä çagalar, beýleki bir ýanda agzaçara çenli iýmän-içmän gezýändigi üçin agzyny bekleýändirin öýdýän iki milliard musulman! Hem bütin bu gözgynylyklara gözüni-gulagyny ýumup oturan birtopar güñ adam! Adalatyñ güneşiniñ täzeden dogup-dogmajagyny bilemok, ýöne bu gojaman dünýãde Nowşirwan ýaly adyl hökümdar ýok indi aramyzda. Nowşirwansyz döwrüñ tümlüginde eýýäm birnäçe asyr bäri Nowşirwanyñ adalatyny we adalatyñ Nowşirwanlaryny gözleýäris. Gynansak-da, indi giç. Adamzadyñ wyždany soñky demini sanaýar... Ibrahim ALTUN, "Pencere" žurnalynyñ baş redaktory / @ibrahimaltun_official Şenbe, 16.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |