09:08 Ýeñiş - nutuk atyp gygyrýanlaryñky däl-de, aklyny ulanyp bilenleriñki | |
ÝEÑIŞ - NUTUK ATYP GYGYRÝANLARYÑKY DÄL-DE, AKLYNY ULANYP BILENLERIÑKI
Publisistika
Ysraýyl 2024-nji ýylyñ 27-nji sentýabrynda guran hüjümlerinde "Hizbullahyñ" başlygy Hasan Nasrallahy nyşana aldy. Tel-Awiw hökümetiniñ guralan hüjümlerde Nasrallahyñ ölendigini mälim etmeginiñ yzyndan "Hizbullahyñ" ýolbaşçylary Hasan Nasrallahyñ ölendigini tassyklady. Şonsuzam Ismail Haniýe terakty bilen Ysraýyl bombanyñ ýüpüni çekip, Eýranyñ gujagynda partladypdy. Bu terakty amala aşyrmak bilen Ysraýyl Eýranyñ öñünde iki ýol goýdy: Eýran ýa-ha Ysraýyla boýun egip, osminogynyñ gollaryny gyrkyp gysgaltmalydy, ýa-da hemme zady göz öñüne tutup elindäki osminogynyñ ähli gol-pudagyny ulanyp herekete geçmelidi. Eýeçiligi Eýranda bolan Liwan "Hizbullahy" bu eýeçiligiñ ilkinji we iñ agyr ýitgisini çekmek üçin şonsuzam hemişe taýýar ýagdaýda garaşyp durdy. Bütin bularyñ ýanynda Russiýa bilen Hytaý ABŞ-nyñ noýabrdan soñ saýlanjak täze prezidentine garaşmagy we şoña laýyklykda täze ugur kesgitlemegi makul bildi. Häzirlikçe olarda sowukganly garaşmalar bar. Ýagny, hemme boljak zatlar noýabrdan soñ başlamaly... Bir tarapdan Eýran özi üçin örän uly howplary abandyrýan Ysraýyl bilen gönüden-göno urşa girmäge milt etmedi. Şol sanda wekilçilik urşuny alyp barýan osminogynyñ gollaryny gysgaltmaga we Ysraýylly Ýakyn Gündogar çykalgasyny saýlap almaga razy boldy. Şeýle-de ýakyn wagtda şübheli wertolýot heläkçiliginde aradan çykan öñki prezident Ibrahim Reisiniñ tersine pozitiw syýasat alyp barýan we Günbatara garşy ylalaşykçy dilde gürleýän täze prezident Mesut Pezeşkiýanyñ käbir sözleri bu aýdylýanlara güwä geçýär diýsegem boljak. Nämüçindir Eýranyñ bu bolşundan onçakly kanagatlanmadyk Ysraýyl munuñ bilen çäklenmedi we Eýranyñ ulaldan osminogyny bütinleý ýok etmegi makul bildi. Netijede Ysraýyl Hasan Nasrallahy nyşana alan bu hüjümi bilen osminogy öz öýünde kellesinden urdy. Ysraýylyñ düýp maksady öñdenem belli: Kartalary üýtgetmek! Netanýahunyñ BMG-nyñ ýygnagynda görkezen kartasy bu niýetiñ iñ aýdyñ subutnamasy boldy. Hawa, Ýakyn Gündogarda kartalaryñ üýtgejek prosesleri bolul geçýär. Häzirki bolýan wakalara seretseg-ä, Yragyñ we Siriýanyñ yzyndan Liwanyñam bölünjek günleri daşda däle meñzeýär. Hatda geljekde meýilleşdirilýän täze kartada megerem Liwan diýen ýurt bolmasa gerek. "Hizbullahyñ" başlygy Hasan Nasrallahyñ öldürilmegi diñe Liwandyr Eýran üçin däl, tutuş sebit ýurtlary üçin uly howplary abandyrýar. Şu döwrüñ dowamynda öz içerki agzybirligini saklap bilmeýän her bir ýurt ullakan howp bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolar. Gynansak-da, sebitde hiç bir yslam ýurdy beýle ýüzbe-ýüzlüge taýýar däl. Kimsi erkegiñ sakgaly, aýalyñ saçy diýip tüý-tümür bilen başagaý. Kimsi eline esgi alyp, ýollaryñ ugrunda ýazylan iki agyzlyk kürtçe ýazgyny öçürmek bilen başagaý. Hawa, mezhepçilik we milletparazlyk ýaly iki aldym-berdimli keseliñ penjesine düşen musulman jemgyýetleri yslam bilen birleşmäge ýeterlik bolmaýar. Şonuñ üçinem Ysraýylyñ bu perwaýsyz agressiwligine garşy musulmanlaryñ birleşmegini tama etmek diñe gury arzuw-hyýal ýaly bir zat bolsa gerek. Eýýäm birnäçe asyr bäri pil ukusynda ýatan millionlarça musulman bu gury arzuw-hyýalyñ täsiri bilen her gün sowenistik nutuklar atyp, Ysraýyly durzup bilerin öýdýär we hudaýtarapyn ýardama garaşýar. Hakykatdanam boljak zat däl. Bir ýandan ylym-bilim bilen gyzyklanjak däl! Tehnologiýanyñ nämedigini biljek däl! Birmahal möwriti geçen zatlar bilen meşgullanyp döwürden yza galjak! Bir ýandanam galkyp "Alla biziñ bilen biledir. Ýeñiş biziñkidir!" nutuklary bilen öz-özüni aldap pakgarmakçy bolýarsyñ. Soñam nähili gaflatda ýatandygyny diñe masgaraçylykly ýagdaýa düşenden soñ bilip galýarsyñ. Ýeñiş - nutuk atyp gygyrýanlaryñky däl-de, aklyny ulanyp bilenleriñkidir! Tüý-tümür bilen wagtyny geçirenleriñki däl-de, ylym-bilim we tehnologiýa bilen öñe barýanlaryñkydyr! Gyzgynja ýorganyndan çykman hasasy bilen uruşýandygyny aýdyp boş gürleýänleriñki däl-de, kompýuteriñ başynda ýekeje düwmä basanda kiberhüjüme başlap, adamyñ kisesindäki rasiýany partladýanlaryñkydyr! Gaýrat ediñ, indem bu masgaraçylygyñyza Allanyñ adyny sokmañ. "Alla biziñ bilendir" diýibem özüñizi özüñiz aldamañ. Allatagala ylym we hikmet eýesidir. Onuñ işýakmaz ýaltalar we gorkak jahyllar bilen ne işi bolsun?!. Allatagala herdem pikir ýüwürdýän akylly-başly adamlar bilen biledir. Onuñ aklyny ýitiren sähneler bilen ne işi bolsun?!. Welhasyl, şahyryñ aýdyşy ýaly: "Yslam - kitaplarda. Musulman bolsa, mazarlarda. Birden dirileri soraýma! Olardan ölümdenem beter çuññur ukuda". Ýagny, näme diýsek, biderek. Onda näme, hemmesiniñ ruhuna - "El Fatiha"! Ibrahim ALTUN, "Pencere" žurnalynyñ baş redaktory. @ibrahimaltun_official Ýekşenbe, 29.09.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |