01:18 Çaga oýunjaklary-da gana bulanan bolsa, tümlükde biz, eý dünýä! | |
ÇAGA OÝUNJAKLARY-DA GANA BULANAN BOLSA, TÜMLÜKDE BIZ, EÝ DÜNÝÄ!
Oýlanmalar
Fotosurat: Samar Abu Elouf / NYT / Redux Ah! Dil açsady-da şu hasratlar Gürlesedi-dä eger, Jany ýananlar, Janyndan we ýaryndan jyda düşenler. Kim bilýär, Nämeleri aýdyp bererdiler? Mazarda ulalmaga garaşýan çagalar! Çagasyz oýunlar Oýunsyz köçeler... Belki-de utanardylar! Dünýäni şolarsyz, Şolary dünýäsiz goýan Ad-am-jyk-lar! Hawa, düýn 20-nji noýabrdy. Ýagny, kagyz ýüzündäki bütindünýä derejesinde bellenýän "Çagalaryñ hukuklaryny goramagyñ güni"! Çagalaryñ elindäki oýunjaklaryñam gara gana bulanýan şu günlerinde Gazany we gazaly çagalary pikir edenimizde, bu howalaly jümle gulaga nähili geñ eşidilýär. Asuda durmuşda ýaşamaga we oýnap-gülmäge her bir çaganyñ haky bar! Eýsem Gazada çaga bolmak we ulalmanka nowçalygyña ölüp gitmek nämäni añladýar? Hemmelere masgaraçylykdan doly bir soragy bereýinmi: Kim aýdyp biljek, Gazada düýnüñ özünde ady bomba bolan ölüm ýükli sumkalaryñ içinde näçe çagajyga ölüm sowgat edilendigini? Özem hut Çagalaryñ hukuklaryny goramagyñ halkara gününde! Ysraýylyñ edýän hüjümleri sebäpli Gazada günüñ her sagadynda ortaça alty çaga öldürilýär. Özem hut dünýäniñ gözüniñ alnynda. Hamana Gazada ölýän o neresse çagalar çaga däl ýaly we Gaza hamana başga planetada ýaly garalýar. Ýogsa bular ýaly wagşyýanalygy görmezlige salmak üçin köp döwlet ýolbaşçysy edil düýegüş ýaly kellesini guma sokup durmaly. Üstesine bütin bu masgaraçylyga we hasrata dözmän dünýäniñ çar künjünde protest bildirip wyždanlarynyñ sesi bilen bagyrýan we gazaly çagajyklaryñ perýadyny eşitdirmäge dyrjaşýan millionlarça adamyñ sesi-de indi wyždansyzlyk ukusyna giden dünýä liderlerini oýandyrmakdan ejiz gelýär. Bir zady pikir edýärin: adam hukuklary diýilse, mangalda kül goýmaýan, emma ýagdaý özi bilen baglanyşykoy bolmasa, hiç kimsä adam gözi bilen seretmeýän bu ikiýüzli liderler taryhyñ öñünde nähili hasap bererlerkä? Ýogsam bolmasa, adam bolmak üçin mazlumyñ reñkine seredilýärmi näme. Özgäniñ hasratyna seredende reñk saýgarmaýan kör bolmalyka, hasrata kör gözler bilen seretmek wyždanyñ ýedi gat ýeriñ teýine batmagy däl-de eýse näme? Fotosurat: Abed Rahim Khatib / AA Bu zuluma we ölümlere sesini çykarman oturanlaryñ hemmesi adamzadyñ hakydasynda ullakan masgaraçylyk bolup galar we geljekki nesiller olary hemişe şu masgaraçylygyñ hapa ady bilen ýatlarlar. "XVII asyr matematikanyñ asyrydy, XVIII asyr tebigat ylymlarynyñ, XIX asyr biologiýanyñ. Biziñ XX asyrymyz gorkynyñ asyrydyr" diýen Alber Kamýu häzirki başdan geçirýän döwrümizi görse näme diýjegini bilemok, emma men häzirki döwrümize seredip, "Merhemetsizligiñ we adalatsyzlygyñ asyry" diýýärin. Bujurygy çykan dünýämizi o başyndan bu başyna kino lentasy ýaly göz öñümden geçirenimde, merhemetiñ we adalatyñ gara güýç we häkimiýet üçin gabat gelen ýerde rehimsiz kerçelýändigini we adamzat wyždanymyñ diriligine dikbaşaşak gömülýändigini görýärin. Nirä seretsem, aýry-aýry tümlük... Niräme öwrülsem, başga-başga rehimsizlik... Hem bularyñ arasynda urnup ýatan adamkärçilik... Hasratyñ we tümlügiñ höküm sürýän porsy eýýamynda, gynansak-da, iñ uly zyýany naşyja bedenleri bilen garawsyz galan bigünä çagajyklar çekdi we şindizem çekip gelýär. "Ýene bir gezek dünýä insem, näçe tank, tüpeñ, ýarag bar bolsa, hemmesini eredip saz gurallaryny, jünbüş, tüýdük, surnaý ýasardym" diýip, şu arzuwynyñ mümkin bolmajak ahmyry bilen aramyzdan sogrulyp giden ussat bagşy Aram Tigrany ýada salýaryn. Onuñ ýaraly ýüreginden paýrap çykan içi parahatçylykdan we söýgüden püre-pür doly bu sözleri kalbymyñ adam ysyny saklap galan her çüñkünde ýañlanyp dur. Gara nebisleri adamkärçiliklerinden uly wyždansyzlaryñ eden etmişleriniñ almytyny almaga mejbur edilen şol bigünä bakyşly owadan çagajyklaryñ hasratly ahwalyny görenimde, jigerim söz bilen beýan edip bolmajak oduñ içinde ýanyp kül bolýar. Köplenç ol çagajyklaryñ gözüne seretmäge bognum ysmaýar we nämüçindir göýä olaryñ başdan geçirýän bu ähli horluklarynyñ we garañkylyklarynyñ sebäbi özüm ýaly duýýaryn. Soñundanam çydam edip bolmajak utanja gark bolýaryn. Dünýäniñ nirsine seretsem seredäýin, hemme ýerde ady uruş-jeñ bolan, ady açlyk bolan, ady milletparazlyk bolan aýry-aýry mahlugyñ penjesinde urnup ýaran yzaly çagalary görýärin. Fotosurat: Reuters "Nirede bir jan ölse, şol ýerlidir ýüregim" diýen şahyr Ahmet Arifiñ setirlerini goýan şol belent adamkärçiligiñ saklanyp galan ýerinden seslenýärin. Gözüm bir ýanda gizlenpeçek oýnanda bukulmaly ýerinde bombalardan gaçyp ölümden bukulmaga çytraşýan gazaly çagajyklara ýüregim örtense, beýleki bir ýanda açlykdan iñleýän we süñk bilen gury ham bolup galan ejizje göwresi bilen ölüme garşy direnýän afrikaly biçäre çagajyklary görýär. Olar "Biz açlykdan we horlukdan ýaña gyrylyp ýatyrkak, siz aşa doklukdan ýaña semizligiñizden gutulmak üçin millionlary sowýan, açgöz, bizi eşitmeýän merhemetsizlersiñiz" diýip, açlygyñ we ýetde-gütdeligiñ şarpygyny hapa ýüzlerimize urýarlar. Mañlaýyna gaýgy-gam ýazylan, ölüm we zulum gusýan geografiýalardan gaçyp halas bolmaga synanyşýan we umydyñ ýolagçylygyna çykanra ite-guş şam bolan, aşmaga synanyşan daglarynda gyşyñ añzagynda sañgaty bolup galan owgan çagalarynyñ we deñiziñ öçli tolkunlarynyñ arasynda gark bolan, soñam naşyja bedenleri kenara zyñlan Aýlanjyklaryñ sessiz nalalary gulagymda şañlaýar. Bu duşmançylykdan we zir-zibilden doly uruşlaryñ öldüren ganly gözýaşlary bilen mazarda ulalmagyna garaşýan çagalardan çykýan hasratly pyganlar bilen irkilýärin! Fotosurat: Muhammet Abed / AFP "Hemme zady sygdyrdyñyz-da, bir biziñ kiçijik bedenlerimizi şu rehimsiz dünýäñize sygdyrmadyñyz! Walla, Allatagalamyza merhemetsizligiñizi aýdyp bereris, zalymlygyñyzy şikaýat ederis" diýip bireýýäm gurap giden wyždanlarymyza tüýkürýärler! Olary ýakan hasratyñ dowzahynda gyzdyrylan hanjar sünjülýär bagryma. Birem entek jynsyny-da anyklap bolmajak ýaşdaka jynsy zorluga duçar bolan biçäre çagajyklar öñümden çykýar. Ýürekbulanjy günäniñ gurbany bolan gününden bäri saklaýan soñsuz utançdyr namysynyñ astynda her gün biraz ezilýän eýjejik bedenleri bilen gözlerime seredýärler. "Heý utanmadyñyzmy meniñ çaga gözlerimden? Näme islediñiz garawsyz galan naşyja bedenimden?" diýip, rehim-şepagatsyz azgyn ruhlarymyza tüýkürýärler! Näzik ýürekli bir adamyñ aýdyşy ýaly: "Çagalary ürküzilen dünýäniñ deñizleri mawy bolanda nä, bolmanda nä. Şu gün çagalaryñ gözünden akan her damja ýaş ertir jemgyýetleriñ başyna ýagjak harsañ daş bolar. Çagalarymyz aglaýar we biz henizem tümlükde... Çagalarymyzyñ ürküzilmeýän dünýäsini arzuw etmek bilen... Ýaşasyn çagalar!" Ibrahim ALTUN, "Pencere" žurnalynyñ baş redaktory. Şişenbe, 21.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |