20:41 Her kim öz hudaýyna mylaýym, özgäniñ hudaýyna Ybraýym | |
HER KIM ÖZ HUDAÝYNA MYLAÝYM, ÖZGÄNIÑ HUDAÝYNA YBRAÝYM
Oýlanmalar
Gazaly çagalar ölenlerinde kimdigini bilmek üçin ellerine ýa aýaklaryna atlary ýazylýar. "Ölüm belligi" diýilýän bu ýazgylar Gazada bolup geçýän adamkärçilik dramasyny görkezýär "Dowzah biziñ ýanyp-bişýän ýerimiz däl. Ýanyp-bişýänimizi hiç kimiñ bilmeýän ýeri". Mansur Hallajyñ ençeme asyr öñ suratlandyran dowzahyna seredende, häzir şol dowzahyñ dogry salgysy Gaza diýip bileris. Gynansak-da, Gazada bolup geçýän adamkärçilik dramasyny söz bilen beýan edip bolmaýşy ýaly, ol ýerde asmana galan bialaç dady-perýatlary eşidýän wyždanly gulagam ýok... Gaýtam, nädip beýle bolýanam bolsa, Gazanyñ derdi agyrlaşdygyça dünýäniñ gulagy kerleşýän ýaly. Bu ýagdaý bilen ylalaşmaýan wyždanly adamlaryñ köpüsi dünýämiñ çar künjünde uklap ýatan güñ ker wyždanlary oýandyrmaga dyrşaşýar we has öñ köp ýerde ölen adamkärçiligimiz şu gezegem Gazada bir ölmesin diýip protest çykyşlary bilen köpçülikleýin ýörişleri geçirýärler. Gynansak-da, şonça tagalla garamazdan, köp göz şindizem kör, köp wyždan şindizem ker. Aslynda bütin bu bolýan zatlara seredende, körler ýurdunda aýna satýandygymyzy, kerler ýurdunda deprek çalýandygymyzy görýärin. Metbugat serişdelerinden görýän-eşidýänlerimizem bizi adamkärçiligimizden utandyrmaga ýeterlik. Pikir ediñ görüñ, indi gazaly garabagyr eneler çagalarynyñ hüjümlerde ölme ähtimallygyny oýlap, kimdigini bilerleri ýaly el-aýaklaryna olaryñ atlaryny ýazýarlar. Diñe şu masgaraçylygam bize artygy bilen ýetýär. Näçe nebsimiz agyrsa-da, Ysraýyl her gün öñküsinden has beter masgaraçylygy amala aşyrmakdan gaýra durmaýar we hasam rehim-şepagatsyz şekilde hüjümleriniñ depginini artdyrýar. Hatda uruşda-da urulmaly däl diýilýän hassahanalar bombalanýae, mekdepler, ybadathanalar, suw howuzlary, beketler bombalanýar, ilatly nokatlar ýer bilen ýegsan edilýär, hatda uruşdan gaçan ýönekeý raýatlary alyp barýan konwoýlara çenli nyşanalap, gökden ölüm ýagdyrylýar. Has açyk aýdanda, sionizmiñ narsistik ruhky mahluklary bäbek diýmän, çaga diýmän, aýal-gyz diýmän, garry ýa syrkaw diýmän, garawsyz halky biruçdan gyryp, uruş jenaýaty hasaplanyljak agyr gabahatlyklary etmäge gypynç edenok. Üstesine, bularyñ barsyny bütin dünýäniñ gözüniñ alnynda we wyždanlarymyzyñ üstünden gülýän ýaly edýär. Hawa, Ysraýylyñ eli bilen gün geçdigisaýy rehimsizlige öwrülýän zalymhon basybalyjylygyñ işdäsi bilen başladylan beter hapa uruş bar! Hawa, basybalyjylyk bilen birlikde palestinalylaryñ ýüreginde esseme-esse ulalýan we degen ýerini ýakyp-ýandyryp kül edýän çekip-çydap bolmajak hasratyñ pygany bar! Hernäçe gynansak-da, bütin bularyñ sebäbi hökmünde nämüçin köpimiz diñe sionizmi aýyplaýar we nämüçin diñe ýeke Ysraýyl döwlet terroryny näletleýär? Bütin bu bolup geçýän zatlaryñ düýp sebäbi sionistik Ysraýylmydyr eýse? Siziñ pikiriñizçe, Ysraýyla "saklan!" diýip biljek ýeke güýjüñem ýok ýerinde gargyşa mynasyp diñe Ysraýyl bolup bilermi? Nämüçin hiç kimse olara "musulman halklaryñ başdan geçirýän şu horluklarynyñ düýp sebäpkäri sizsiñiz, eý zalymlar! Bejit, hasap beriñ!" diýenok ýa diýip bilenok? Nämüçin hiç kimse doly aç-açan "näme sebäpli?" diýip soranok ýa-da sorap bilenok? Asyl derñelmeli we jogap gözlenmeli zat şu dälmi? Häzir terrorçy diñe narsisist ruhly sionistik ysraýyl hökümetimi? Ýa-da gargyşa añryýany bilen mynasyplar Ysraýyly gepsiz-gürrüñsiz goldap adamzada masgaraçylykly tegmil bolup düşen imperialist gandogarşynaslarmy diñe? Eýse bu geografiýada ýaşaýan halklary öz dogduk depelerinde arkaýyn ýaşap bilmez ýaly ýagdaýa getirip, olary bu ganhorlaryñ merhemetine mätäç ýagdaýa salan we olary ejiz, güýçsüz goýup, ölümlerine tomaşa etmek bilen oñýan zalym hökümetler we režimlerem azyndan sionistik Ysraýyl we narsisistik imperiallar bilen deñ derejede günäkär dälmi näme? "Sebäp bolmagam etmek bilen deñ" ahyry. Onsoñ nädip diñe sionistik Ysraýyly näletlemelimiş? Musulman halklary şular ýaly bölek-büçek eden we olary biri-birinden üzñe ejiz biçärelere öwren öz içlerindäki bu zalymlar näletiñ iñ ulusyna mynasyp dälmi näme? Ysraýyla garşy Stambulda bolup geçen protest demonstrasiýalaryndan bir pursat / Fotosurat: AP Hakykatda şeýle zat bar: Häzir islendik musulman döwletiñ öz içinde zulum edýän Palestinasy we palestinalysy bar. Hamana her biri içindäki hossarstz Palestina zulum edýän Ysraýyl ýaly dur. Şindi öwrülip özümize şu soraglary bereliñ we bu soraglara wyždanlarymyz bilen jogap bereliñ: Hakyñ we adalatyñ ierusalimlerini ýykan, öz halkyna-da rehim etmän olara gan gusduran döwletlermi we hökümetlermi eýse gidägetdin Gazany bu dowzahdan halas etjek? Ierusalimiñ ýetimleri bolan mazlum palestin halkyny ýakan bu ýalmawuz oda suw serpejegem şolarmy? Kalby gara güýç, häkimiýet, gara nebis bilen burjy baglan we özünde başgalar ýaşamalydyram öýtmeýän zalym sionistlerden o diýen tapawutlanmaýan añlardan medet umyt edýärsiñizmi çyndanam! Ýadyñyza salyñ, haýyş edýärin! Hezreti Omar adalaty bilen, Selaheddin Eýýuby bolsa merhemeti bilen Ierusalimi gujaklapdylar we onuñ ganaýan ýaralaryny şu gudratly melhemler bilen sypap-sarapdylar. Hawa, Omaryñ Beýtulmukaddesi sarsmaz adalatydy! Selaheddiniñ Beýtulmukaddesi bolsa, aşylmaz merhemetidi! "Kuddus fatihi" Selaheddin Eýýuby Şindi aýdarsyñyzmy: Eý, özüni yslam äleminiñ halyfy saýýan türkler! Eý, özüni yslam äleminiñ howandary saýýan parslar! Eý, özüni yslam äleminiñ hojaýyny saýýan araplar! Eý, özüni yslam äleminiñ pidaýysy saýýan kürtler! Siziñ Beýtulmukaddesiñiz niresi? Eger siziñ Beýtulmukaddesiñiz Omaryñ we Selaheddiniñ adalaty, merhemeti bolsa, bäri geliñ. Beýtulmukaddese-de (Ierusalime), Gazä-de şol merhemetiñizi we adalatyñyzy getiriñ. Ýok, eger, siziñ Beýtulmukaddesiñiz bular däl-de, milletiñiz, jynsyñyz, mezhebiñiz, güýjüñiz, gara nebsiñiz bolsa, onda añyrda duruñ we ilki öz arañyzda milletini, mezhebini ýa bolmasy pikiri sebäpli zulim edýän palestinalylaryñyz üçin özüñizi hasaba çekiñ we olara merhemetli bolmagy öwrenip, adalat bilen höküm ediñ hem-de Gazä gelip Palestina parahatçylygy we adalaty getiriñ, soñam hetdinden aşan Ysraýyla parahatçylyk we adalat sapagyny beriñ. Stambulda Ysraýyla garşy geçirilen protest demonstrasiýalaryndan bir pursat / Fotosurat: AP Aýdýarlar-a: "Her kimiñ öz hudaýy özüne şirin, her kim özgäniñ hudaýyna Ybraýym". Şindi öz hudaýyna şirin, özgäniñ hudaýyna Ybraýym boljak bolýan siz ikiýüzlilere ähli açykýürekliligim bilen soraýaryn: - Öz halkyna rehim-şepagatsyz faraon ýaly çemeleşen siz palestin halkyna el uzadýan Muda bolup bilerin öýdýäñizmi çyndanam? Men-ä anyk bilemok welin, siz heý gyzyklandyñyzmy: 1947-nji ýylda gurlan Ysraýyl ilkinji gününden bäri "Alty günlük uruşlar" bilen bir hatarda, näçe musulmanyñ ganyny döküp, janyny alandyr öýdýärsiñiz? Soñ size ýene bir sorag bar... 1947-nji ýylda Ysraýyl gurulandan soñ musulmanlaryñ özara çaknyşyklarynda näçe adam ölendiginden habaryñyz barmy? Bulary heý gyzyklanyp, barlap gördüñizmi? Eger rugsat berseñiz, men aýdaýyn: Ysraýyl gurlan gününden şu güne çenli resmi statistika görä 50 müñe golaý musulman sionistik Ysraýylyñ hüjümlerinde wepat boldy. Gynansak-da, musulman döwletleriñ we halklaryñ öz aralarynda turzan uruşlarynda we çaknyşyklarynda ölenleriñ sany 12 milliondan geçdi. Nähili täsin we masgaraçylykly maglumat, şeýle dälmi? Eýýäm bir asyr bäri biri-biriniñ etini iýäýjek bolýan we biri-biriniñ gynanjyna murtunyñ astyndan mys-mys gülýänlermi gidip Gazäni zalym Ysraýylyñ zulum halkasynyñ astyndan halas etjegem? Siz diñe biri-biriñiz bilen gemrişmegi we biri-biriñiziñ gynanjyna kör, perýadyna ker bolmagy oñarýarsyñyz! Emma "Mesjidi-Aksanyñ" ady tutulýaram welin, derrew ymmatdygyñyz ýadyñyza düşýär we "Ýok bolsun, Ysraýyl!" diýip köçeleriñ ugrunda gygyryşyp başlaýarsyñyz. Bigünä adamlaryñ janyna wagşylarça kast edýän Ysraýylyñ gargyşlaryñ, näletleriñ iñ ulusyna mynasypdygyna hiç hili şek-şübhe bolup bilmez, şu bababatda hemmämiziñ pikirimiz bir, emma Allanyñ hatyrasyna kim aýdyp biljek: Öz arañyza 12 million adamyñ janyna kast edeniñizde aklyñyz nirdedi? Bu ganhorlyklary eden öz arañyzdaky zalymlary nämüçin näletlemediñiz, aýtjagyñyz barmy? Magat bilýärin, "Mesjidi-Aksa" we Kuddus şol ýerlerde bolmadyk bolsa, bular ýaly nägileligi-de bildirmezdiñiz. Gaharyñyz gelmesin, munuñ şeýledigini bilemsoñ aýdýaryn. Men muny nirden bilýän diýseñizläñ? Ölümiñ ysyny alma ysgap alýan halapçaly kürtlerden bilýärin. 1988-nji ýylyñ Halapça gandöküşligi bilen bitewileşen "Sessiz şaýat" - ata we ogul Olar sizden bir zalymyñ alma ysly ölümini dadanda, siz "dilsiz şeýtana" öwrüldiñiz we ol wagşyýanalygy görmezlige, eşitmezlige saldyñyz. Hawa, edil şonuñ ertesi gün Yslam Hyzmatdaşlygy guramasy diýýän bolgusyz guramañyzyñ ýygnagyna üýşeñizde, Halapça gandöküşligi hakda kelam agyz söz aýtmadyñys, agzyñyza suw alan ýaly dymdyñyz. Özem iñ gynançlysy näme, bilýäñizmi? Şumat şol "zalym" diýýäniñiz sionistik Ysraýylça-da bolup bilmediñiz. Siziñ dymyp, görmezliye salan şol gandöküşligiñize garşy sesini çykaran we köçelere çykyp Saddam Hüseýini näletlän bäş-üç ýurduñ biridi Ysraýyl. Hem nähili täsin, adamzat jenaýatyny eden Saddamyñ heýkeli dikilen ýerem şumat başga bir zalymyñ zulum halkasynyñ astynda iñleýän Palestinady. Gynasak-da, şol zalymyñ heýkelini Günbatar Şerianyñ "Kalkilýa" ploşadynda dikenem palestinaly liderdi. Sen muny nirden bilýäñ diýýäñizmi? Hytaý zulmunyñ odunda ýanýan sesi duýulmaýan Gündogar Türküstanly uýgur gardaşlardan bilýärin. Fotosurat: AA Olar şol kösençligiñ dagyny çekip we sizden kömege garaşyp durka, sizin BMG-da taýýarlanan we Hytaýyñ uýgurlara edýän sütemini ýazgarýan yüzlenmä gol çekmeýişiñizden bilýärin. Ýadyñyza salyñ, şol hata ýigrimi bir ýurt gol çekenem bolsa, onda ýeke musulman ýurduñ goly ýokdy. Ine, şondan bilýärin we aýdýaryn. Muny ýene nirden bilýänimi aýdaýynmy? Mýanmarda genoside uçran on müñlerçe pakyr-pukaralardan bilýärin. Merkezi Afrikada palaç ýatyrylan ýaly ýatyrylyp, kerçem-kerçem edilen bedenlerden bilýärin. Bosniýada, Çeçenistanda, Owganystanda ýok edilen janlardan bilýärin. Yrakda, Siriýada millionlarça adamyñ nebite gurban edilişlerinden bilýärin. Ýemende açlykdan ölen segsen müñ çagadan bilýärin. Fotosurat: Independent Arabia Hawa, hemmesinde dymdyñyz. Eşitmezlige, bilmezlige saldyñyz. Aýdyşym ýaly, "Mesjidi-Aksa" we Kuddus şol ýerlerde bolmasa, birnäçäñiz Palestinada bolup geçýän Ysraýyl zulmuna-da bular ýaly nägilelik bildirmezdiñiz. Bular ýaly gürlemezdiñiz. Ýene Halapçada, Gündogar Türküstanda, Mýanmarda, Ýemende bolşy ýaly dymarsyñyz we piñiñize almazdyñyz ol ýerdäki hasraty. Ýatdan çykarmalyñ: hasratyñ dini, milleti, geografiýasy ýok. Kösençligiñ gowusy bolmaz, bigünäleriñ öldürilýän hemme ýeri erbet. Hawa, ynsan hökmünde bigünäligimiz özümize bolan zalymlygymyzdan. Ejizligimiz güýçsüzligimizden däl, agzalalygymyzdan. Asgynlygymyz bizi biz edýän gymmatlyklardan daşlaşanlygymyzdan. Hakyky manyda dogan bolup bilmeýänligimizden. Ierusalimleri, Gazalary agladýanlaryñ siziñ özüñiz, biziñ hemmämiz! Biz biri-birimizi aglatdygymyz saýy, biri-birimizi aldadygymyz saýy Ierusalimlerem, Gazalaram hemişe aglar durar. Aglamasyn Ierusalimler, Aglamasyn Gazalar, Hem soñ mazarlarda ulalmagyna garaşmasyn çagalar. Indi zulum edýän Ysraýyl däl, ýüzi gülýän çagalar ulalsyn. Şatlyk bilen, şagalañ bilen ýöresin bu gadymy topraklarda. Näzik ýürekli bir gowy adamyñ aýdyşy ýaly: "Çagalary gorkuzylan, ürküzilen dünýäniñ deñizi mawy bolanda nä, bolmanda nä..." Ibrahim ALTUN, "Penjire" žurnalynyñ baş redaktory. Çarşenbe, 25.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |