20:38 Mazardaky çagalara näme getirdiñ Aýaz baba? | |
MAZARDAKY ÇAGALARA NÄME GETIRDIÑ AÝAZ BABA?
Publisistika
2023-nji ýyl parahatçylygy, ýagşylygy, gözelligi arzuwlaýan hiç bir arzuwymyzyñ diýen ýaly hemmämiz üçin amala aşmadyk juda agyr we şonçaragam garañky ýyl boldy. Şu ýylyñ dowamynda bolup geçenleri göz öñüne getirýäs welin, hamana içi hasratdan, gözýaşdan, uruşdan we heläkçiliklerden hyryn-dykyn doly gorky tunneliniñ içinden geçen ýaly bolýarys. 2023-nji ýylda nämeler boldy? Dünýäniñ hemme ýerinde söweş deprekleriniñ hiç durmaýan, gan içiji wampirleriñ jort atan ýyly boldy. Nebis deñiziniñ äpet tolkunlarynyñ arasynda galan adamzat mertebesini alyp barýan gämiler birnäçe gezek agdar-düñder boldy. Ysraýyl diýilýän şumluk gitdigiçe ulaldy. Umumyadamzat gowulygynyñ we bütindünýä parahatçylygynyñ aşyna awy gatdy. Dünýäniñ birnäçe ýerinde millionlarça adam adamzadyñ bähbidi üçin köçelere çykdy. Gynansak-da, şolara garamazdan, aýratynam Gazada adamzat gymmatlygy gün geçdigisaýy öldi. Aýratynam Ýewropa, şol öwünen, dilinden düşürmedik hak-hukuklaryny, azatlygyny, erkinligini, deñligini, adalat ýaly gymmatlyklaryny gazaly çagalaryñ parçalanan bedenlerine gömdi. Adyna konserwatiw nasionalizm (muhafazakâr milliyetçilik) diýilýän dini röwüşli faşizm wirus mysaly ýaýrady we birnäçe ýurduñ saýlawlarynda üstün çykdy. Ironiki ýagdaýda demokratiýanyñ eli bilen demokratiýanyñ aýagyna palta uruldy we awtokratiýa köpeldi. Umuman alanda, adamzat bu garañky ýylda birnäçe ugurdan yza galdy. Häzir bütin bu zatlary añymda aýlap durşuma, Täze ýyla gadam basan ilkinji günümde Aýaz baba ýüzlenesim gelýär: Horjunyñda adamzada berip biljek heý bir gowy zadyñ barmy? Meselem, öz perzentleriniñ eli bilen batgalyga öwrülen Ýakyn Gündogara gidip biljekmi? Meselem, eliñdäki sowgatlary haýsy tüýnükden zyñyp bilerin öýdýäñ gazaly çagalaryñ mazarlaryna? Eýse, Isa Mesih ýaly şol bigünä çagalary mazarlaryndan galdyryp, aý-aýdyñ dünýäde oýandyrmaga güýjüñ ýetýärmi? Haýyşym, birden ýalñyş düşünäýme, men seni hijem günäkärleýän däldirin, Aýaz baba. Iñ gowusy, ýanyñdaky Garpamygyña-da bek tabşyr, şol taraplara aýak sekäýmäñ. Şu güne çenli siziñ bize ýeke peýdañyz degen däldir. Sen ýene ýanyña Garpamygyñy al-da öz bilýän ýerleriñe aýlan we hemişekiñ ýaly ýene öz çagalaryñy gör. Hem olara sowgatlaryñam öz isleýşiñ ýaly paýla. Emma senden bir haýyşym bar, Aýaz baba: Sowgat paýlañda, ol çagalara tank, tüpeñ, ýarag, uçar beräýme! Ol erbet oýunçaklary beren çagalaryñ ulalansoñ adam öldürmäni õwrenýärler we hamana oýun oýnaýan ýaly rehimsizlik bilen biziñ çagalarymyzy öldürýärler. Aýaz baba, sen çyndanam, şunça çaganyñ wagşylarça öldürilen dünýäsinde utanman-uýalman sowgat paýlap bilermiñ? Meni diñleseñ-ä, şu ýyl hiç çaganyñam ýanyna barma. Gowsy sen, düýn ýarag oýnap ulalandygy üçin häzir gazaly çagalary rehimsizlik bilen gyrýanlara goldaw berýän çagalaryñy gör. Olaryñ köşklerine girmegem kyndyr. Sen ol köşklere gapysyndan girermiñ, tüýnüginden girermiñ, biljek däl. Ýöne beribilýän bolsañ, olara wyždan, merhemet, adalat ýaly sowgatlardan eçilsene. Şeýle sowgatlary hökman ber, iñ bolmanda mundan beýläk hiç bir ýerde neresse çagajyklaryñ üstünden ölüm we zulum ýagdyrmasynlar. Şonam oñarmajak bolsañ, onda gaýrat et-de, Garpamygyñam ýanyña al we bu dünýäden owarra bol! Şunça çaga horlukda-zarlykda aglap we ölümiñ şarpygyny dadyp durka, diñe öz çagalaryny gowy görýän, diñe öz çagalaryny begendirýän Aýaz babanyñ bolanyndan bolmany ýeg. Biziñ beýle Aýaz babany göresimiz gelenok. Düşünýäñ dälmi meniñ aýdýanlaryma? Bukowskiniñ aýdyşy ýaly: "Ýeneki ýyllara ýetirsin" diýjek däl, çünki üýtgeýän zat ýok. Günlerem, adamlaram, ýalanlaram, bezeglerem, sahnalaram birmeñzeş gaýtalanyp dur, aldanýanlaram". Ýene öñküsi ýaly bolar: ýalan gülküler, adatdan daşary bögürmeler, gowja gusmalar. Ibrahim ALTUN, "Pencere" žurnalynyñ baş redaktory. Duşenbe, 01.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |