03:02 Iki gaşga | |
IKI GAŞGA
Goşgular
![]() Piri-mugana bende bolup, pendin algaý men, Bu nowg birle dehr era şaýysta bolgaý men, Uşşak mezhebide ýok erse uýalgaý men, Mährapga ne parz ki men sejde kylgaý men, Kyldygymdyr sejde men ol iki gaşga. Baksam dolar gözümge sireşk ol kuýaşga, Ýokdur ýüzüñ nazarda gözlerim doldy ýaşga, Zulmuñ zyýada boldy meni-dilharaşga, Zülpüñ hyýaly düşgeli şuryda başga, Gam başga öldürer meni hijran başga. Tutdum özümge dehr işigide hüýrümni, Itler bile sypalydan içdim nagymny, Zar agladym köñülge salyp ençe bimni, Istegimni gan görüp diýdi görgül ýetimni, Burny ganady, agzy ýetişgende aşga. Boldy zyýada yşky ody köýdürgeli meni, Ýok rehm birle bir kişi gaýgyrgaly meni, Zülpüñ belasy gahr ile ýazgargaly meni, Gaş-gözüñ talaşadyr öltürgeli meni, Öldür meni, goýma ikewni talaşga. Ol Andalyby hasta men zara ogşady, Fersuda jesm gam ýüki astyda gowşady, Uşşak oduny rast surudyda başlady, Jamy bir ah çekdi anyñ köñli ýumşady, Ahym oduny gör, ne eser kyldy daşga. Nurmuhammet ANDALYP | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |